17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Prezidentimiz Türkiýäniň Ykdysadyýet Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaşy kabul etdi. 

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Türkiýäniň Premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Mustafa Elitaş türk işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny nygtady. Häzirki wagtda türkmen bazarynda işjeň hyzmatdaşlyk üçin amatly maýa goýum ýagdaýy we ähli şertler döredildi. Şunda Türkiýede täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň doganlyk halkynyň üstünlikleriniň ruhubelentlik bilen kabul edilýändigi bellenildi. Şol üstünlikler bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar. 

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň türkiýeli hyzmatdaşlar bilen öňden gelýän doslukly we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugruna ygrarlydygyny nygtady. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli pudaklarda bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesi toplandy. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde geçirilýän Türkmen-türk işewürler maslahaty hem şu maksatlara hyzmat etmelidir. Bu çäreler netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. 

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmen-türk hökümetara toparyna we Bilelikdäki işewürler geňeşine hem möhüm orun degişlidir. Olar dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ösdürmekde täsirli gural bolup durýar. 

Jenap Mustafa Elitaş Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hem-de düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çalyşýandygyny nygtap, türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, türk kompaniýalary ýurdumyza özleriniň kuwwatyny, iň täze tehnologiýalaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyr. Şu sergä gatnaşyjylaryň düzümi we onuň köpugurly bölümleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaş iki ýurduň doganlyk halklarynyň mizemez dostluk gatnaşyklary, taryhyň dowamynda kemala gelen ruhy-medeni umumylygy bilen berkidilen döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.Şol hyzmatdaşlyk bolsa ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýar. 

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju gatnaşdy.

Degişli makalalar

Garlyk Kaliý Kombinatynda Duz Şahtasyndan Ýüz Müň Tonnadan Gowrak Magdan Çykaryldy

Türkmenistanyň nebit gorlarynyň täze subutnamasy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi