17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Aşgabatda Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisi Tamamlandy

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Däp bolşy ýaly, bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Meridyen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy bilen bilelikde geçirilýär.

Nobatdaky ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş türk işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklap, dostlukly ýurduň ägirt uly kuwwatyny hem-de eksport mümkinçiliklerini aýdyňlyk bilen görkezdi. Sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaşyň ýolbaşçylygyndaky uly işewürler wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi. Oňa esasy senagat merkezleri, şol sanda Stambul we Izmir şäherleri, şeýle hem ýurduň Anadoly, Egeý, Ortaýer deňzi we Gara deňiz sebitleriniň iri senagat merkezleri wekilçilik edýär.       

Kompaniýalaryň hem-de firmalaryň 103-si sergi toplumynyň meýdançalarynda öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, bu ýere gelenlere iň täze işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary, ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini hödürlediler we türkmen hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklaryň baý tejribesini has-da ösdürmäge hem-de berkitmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Sergä gatnaşýanlaryň köpüsiniň gözden geçirilişe ilkinji gezek gatnaşýandygy bellärliklidir. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýerli telekeçileriniň arasyndan distribýuter ulgamlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde öz önümlerini ýurdumyza yzygiderli iberýän kompaniýalar, şeýle hem geljegi uly türkmen bazaryna ilkinji gezek teklipler bilen özbaşldak çykýan kompaniýalar bar. 

Forumyň işiniň üç gününiň dowamynda giň möçberli sergä aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördi. Olar türkiýeli işläp taýýarlaýjylaryň hem-de önüm öndürijileriniň dürli görnüşli önümlerine, öňdebaryjy tehnologiýalaryna uly gyzyklanma bildirdiler. Serginiň barşynda oňa gatnaşan kompaniýalaryň tanyşdyryş çäreleri geçirildi.   

Sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna degişli bölümleri, şol sanda gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, ýol-ulag we aragatnaşyk, elektroenergetika, oba we suw hojalygy, obasenagat toplumy, himiýa pudagy, durmuş tehnikalarynyň hem-de uly isleg bildirilýän harytlaryň önümçiligi ýaly bölümleri birleşdirdi. 

Köpsanly diwarlyklarda agyr maşyngurluşygyň önümleri we enjamlary dürli turba önümleri, metal gurnamalary, plastiki panneller hem-de timarlaýyş, örtgi we beýleki serişdeler görkezildi. Şeýle hem  uly isleg bildirilýän harytlaryň dürli görnüşleri – döwrebap durmuş tehnikasy we elektronika, özboluşly mebeller, edara we öý bezeginiň serişdeleri, sport we okuw enjamlary, ýuwujy, kosmetiki serişdeler hem-de beýleki zatlar hödürlenildi. 

Serginiň aýratynlygy hökmünde ugurdaş kärhanalar bilen bir hatarda türk senagatçylarynyň we telekeçileriniň ol ýa-da beýleki ulgamda ýöriteleşmegi netijesinde birleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyny bellemek bolar. Olaryň hatarynda “Hazelnut Promotion Group”, “MBTG”, “DFPC”, “Turkish olives”, “Turksh Flour”, “Delightland”, “Turkish Seafood”  ýaly kompaniýalar bar. Olar önüm öndürijileriň bähbitlerine wekilçilik edip, hozlary, kakadylan miweleri, zeýtunlary, galla ögümlerini, süýji-kökeleri, deňiz balyklarynyň dürli görnüşlerini öndürmek we gaýtadan işlemek ugrunda Türkiýäniň önümleriniň daşary ýurtlarda ýerlemegine ýardam edýärler. 

Däp bolşy ýaly,  türk kosmetikasynyň görnüşlerini ilerledýän  “Turkish Cosmetic” hem-de “Turkish Airlines” ýaly esasy mahabat agentlikleri özleriniň teklipleri bilen çykyş etdiler. Olaryň soňkusynyň wekilleri serginiň çäklerinde “Miles&Smiles”  sowgat awiakartasyny hödürlemek boýunça çäräni geçirdiler. 

Türkiýe Respublikasynyň täsin taryhy ýadygärlikleri hem-de bu ýurduň häzirki zaman şäherleriniň ajaýyp ýerleri barada gürrüň berýän köpsanly bannerler sergä özboluşly milli öwüşgin çaýdy. 

Türkiýäniň Trabzon şäheriniň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary hakyky baýramçylyk dabarasyna öwrüldi. 

Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň köp pudakly kuwwaty bilen  tanyşdyryş meýdançasyna öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň  döwlet düzümleriniň wekilleri we telekeçileri bilen köpsanly duşuşyklary hem-de netijeli gepleşikleri geçirmek üçin oňaýly çärä öwrüldi. 

Serginiň çäklerinde “Mizan”  täjirçilik merkezinde Türkmen-türk işewürler forumy geçirildi. Onuň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Anyk teklipler, şol sanda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we onuň görnüşlerini giňeltmek, iki ýurtda hem işewürligi alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Ykdysady gatnaşyklaryň innowasion ugruna, ösen düzümiň döredilmegine aýratyn üns berildi. Munuň özi daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. 

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar hem-de halkara nusgaly sertifikatlar gowşuryldy.  Dabaranyň barşynda sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, bildirilen myhmansöýerlik hem-de ykdysady gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu sergi Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly we uzakmöhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädim boldy. 

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Dokma Toplumy Aziada-2017 Nyşanly Önümleriň Görnüşini Artdyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

turkmenhabargullugy

OPEC-iň Nebit Sebedi 1,5 Göterim Gymmatlady