8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda giň möçberli bag ekmek çäresi geçirildi

Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildi, ol giň möçberli bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyry boldy. Ählihalk ýowarynyň barşynda 130 müňe golaý agaç nahallary oturdyldy. Şeýle hem gök öwsüp oturan agaçlaryň milliondan gowragyna ideg edildi. Bag ekmek çäresine halkymyzyň asylly däbine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutany anna güni geçirilen hökümetiň mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek işinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany agaçlara ideg etmek we nahal oturtmak boýunça nobatdaky ählihalk ýowaryny geçirmegi teklip etdi.

Şu gün ir bilen Köpetdagyň etegi köp adamly boldy. Bu ýere ählihalk ýowaryna gatnaşmak üçin müňlerçe türkmenistanlylar ýygnandy. Biziň ülkämiziň ekologiýa taýdan arassalygyny gorap saklamak üçin şeýle möhüm çärä gatnaşmakdan hiç kim çetde durmaýar. Çünki Türkmenistanda asyrlaryň dowamynda agaç oturtmak her bir türkmeniň mukaddes borjy hasap edilýär. Agaç nahallaryny oturdýan adam halkyň arasynda hemişe aýratyn hormata eýedir.

Dabaranyň esasy wakasy Janly tebigatyň milli muzeýi bilen gurulýan täze aýlawyň golaýynda — Gökdere ýaýlasynda bolup geçdi. Türkmen tebigatynyň täsin gözellikleri bilen gurşalan bu ýerde täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlanyp, tans toparlary öz ussatlygyny görkezdiler.

Gökdere ýaýlasyna ýygnananlar nobatdaky giň möçberli bag ekmek çäresine badalga bermek üçin bu ýere gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden mähirli garşyladylar. Olaryň arasynda bu il-ýurt bähbitli işe ak pata beren hormatly ýaşulular hem bar.

Milli Liderimiz ýaşulular bilen hal-ahwal soraşdy. Olar halkymyzyň eşretli ýaşaýşy, bagtyýar durmuşy üçin örän oňaýly şertleri döretmekde, ata-babalarymyzyň arzuwyny — ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmekde bitirýän beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanyny Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Diplomatlar pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 15 ýyllygy mynasybetli Watanymyzda uly möçberli çäreleriň üstünlikli hem-de uly dabaralara beslenip geçirilendigi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Ýowara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutany ilkinji nahaly oturtdy. Hormatly Prezidentimiziň bu asylly işi berjaý eden pursaty milli lybaslara beslenen türkmen balalary öz nurana hereketleri bilen bag ekmäge we täze ekilen nahaly suwarmaga kömekleşdiler.

Soňra täze nahallary oturtmak işi giňden ýaýbaňlandyryldy. Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 15 ýyllygynyň baýramçylygyna gatnaşmak üçin gelen, daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, hormatly ýaşulular, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň köp sanly raýatlary Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerdiler.

Türkmenistanda tokaý ulgamy döwletiň aýratyn üns we goldaw bermegine eýedir. Bagy-bossanlyga öwürmek çäresiniň barşyna döwlet Baştutany birsyhly üns berýär, möwsümleýin agaç ekmeklige taýýarlanmak we olaryň netijeleri ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki giň çäklerde eýýäm el bilen döredilen tokaýlar peýda boldy. Ýöne Türkmenistanda eýýäm gazanylanlar bilen çäklenilmeýär, her ýyl agaç ekmegiň täze tapgyrlaryna badalga berilýär. Milletiň Lideriniň öz çykyşlarynda hemişe belleýşi ýaly, bagy-bossanlyga öwürmek baradaky iş yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr. Şu gün bolan çäräniň barşynda agaç nahallaryny oturtmak bilen bir hatarda eýýäm bar bolan agaç nahallaryna ideg etmäge hem aýratyn üns berildi. Ol bolsa heniz ýaş agaç nahallaryna özüni tutmaga, el bilen döredilen tokaýlaryň agaçlarynyň hataryna ynamly goşulmak üçin güýç toplamaga mümkinçilik berýär.

Biziň ýurdumyzda tokaýlary döretmek pikiri ählihalk goldawyna eýedir. Häzirki taryhy eýýamda türkmen halkynyň mähriban Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky öňden gelýän arzuwy amala aşyrylýar. Täze Galkynyş eýýamynda bu ajaýyp arzuwyň hakykata öwürlýändigini wagt görkezdi. Suwarmagyň täze tehnologiýalary indi adaty ýagdaýa öwrüldi. Häzirki wagtda ösüşiň adamlara berýän täze mümkinçilikleri bilen uly çäkleri bagy-bossanlyga öwürmek baradaky bu iş hil taýdan täze derejede amala aşyrylýar.

El bilen döredilen tokaýlar aýratyn ýakymly howa ýagdaýyny döredýär. Olar bioköpdürlülige amatly täsir etmek bilen haýwanlaryň köp görnüşleriniň mesgen tutýan hem-de özleşdirýän ýerlerine öwrülýärler. El bilen döredilen ýaşyl ýaýlalary emele getirmek gerimi hem-de ekologiýa amatly täsiri boýunça Türkmen kölüni döretmek ýaly ägirt uly taslamalar bilen barabardyr. Çünki biziň günlerimizde tokaýlar her bir şäheriň, her bir ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar, akabalaryň we derýalaryň kenarlary, «Awaza» syýahatçylyk zolagynyň töweregindäki deňziň kenar ýakalary ýaşyl lybasa beslenýär. Dag eteklerinde bolsa eýýäm hakyky tokaýlar peýda boldy we olar türkmen tebigatyna ýaraşykly keşbi berip, halkyň köňül küýsegini berjaý kylyp, biziň ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar.

Şu gün umumymilli baýramçylyk ýaly geçirilen ählihalk ýowary agaç oturtmagyň şu gezekki möwsüminiň jemini jemledi we eýýäm nobatdaky ýazky tapgyra taýýarlanmak doly güýjünde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany gülläp ösýän ýurda we bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyjy gözümiziň alnynda hakykata öwrülýär hem-de täze Galkynyş eýýamynyň ähli özgertmelerine häsiýetli bolan has giň gerime eýe bolýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Welosipedçileri Esasy Ýaryşlara Taýýarlanýar

Amyderýada köprüleriň gurluşygy dowam edýăr.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

syrach