8.9 C
Aşkabat
26.11.2024
DURMUŞ

Maslahat Köşgündäki Baýramçylyk Konserti

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Maslahat köşgünde geçirilen döwlet konserti Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan köp öwüşginli baýramçylyk çäreleriniň birine öwrüldi.  

Döwletimiziň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanan ählihalk baýramçylygy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny alamatlandyrýar, milli bitewüligi şöhratlandyrýar, türkmenistanlylaryň häzirki döwürde gülläp ösüşi başdan geçirýän mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny hem-de watançylyk duýgularyny aýdyň görkezýär. 


Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünlikleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady hem-de işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli täzeçil syýasaty döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösmegini, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz giň möçberli özgertmeler ýoluna düşüp, okgunly ösüşe eýe boldy hem-de dünýäniň çalt depginde ösýän döwletleriniň sanawynda öňdäki orunlarda berk ornaşdy. Muňa döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler strategiýasy ýardam etdi. Onda, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we senagatlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Innowasion ösüş ýörelgesi milli ykdysadyýetimiziň esasyny düzdi. 

Alym, öňdengörüji syýasatçy, strategik hem-de düýpli özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň täze milli ykdysady nusgasyny teklip etdi we ony ylmy taýdan esaslandyrdy hem-de döwlet dolandyryşynyň tejribesinde iş ýüzünde tassyklady. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimize çuňňur esaslandyrylan ylmy işler degişlidir. Şol işler bolsa “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” esasynda goýuldy we häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynda aýdyň beýanyny tapdy. 

Strategiki ulgamlary – ýangyç-energetika we obasenagat toplumlaryny, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly pudaklary, ulag we maglumat – kommunikasiýa düzümini ösdürmek bilen birlikde, “intellektual ulgama” – bilime we ylma ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu ulgamlar ösüşiň esasy hökmünde ykrar edildi. Saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary, umuman, milletiň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine ýardam edýän ugurlaryň ählisi durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. 



Diňe bir gözel paýtagtymyz–ak mermerli Aşgabat şäheri däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki iň alysdaky künjekler hem tanalmaz derejede özgerdi. Her ýyl olarda dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi ulanylmaga berilýär. Täze desgalaryň hatarynda iri senagat toplumlary, şeýle hem durmuş-medeni ulgama degişli desgalar – ajaýyp şypahanalar, saglygy goraýyş edaralary, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, mekdepler we medeniýet öýleri, çagalar baglary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bar. 

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Hazaryň türkmen kenarynda halkara ähmiýetli deňiz şypahanasyny döretmek boýunça giň möçberli taslama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bütin dünýäde syýahatçylyk we dynç alyş merkezi, iri ylmy forumlaryň, syýahatçylyk maslahatlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň hem-de döredijilik festiwallarynyň geçirilýän ýeri hökmünde meşhurdyr. 

Hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir başlangyjy Aşgabatda gurulýan Olimpiýa şäherjigi bilen baglanyşyklydyr. Bu täsin desgalar toplumynyň sebitde deňi-taýy ýokdur. 2017-nji ýylda bu ýerde Ýapyk binalarlda we söweş sungaty boýunça V Аziýa oýunlary geçiriler. Türkmenistana şeýle iri möçberli we örän ähmiýetli çäräni geçirmek mümkinçiliginiň berilmegi ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň, onuň dünýä ösüşiniň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Giň möçberli meýilngamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda yzygiderli amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň haýran galdyryjy netijeleri bize ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini dolandyrmakda täzeçilligi, özboluşlylygy we öňdengörüjiligi ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly utgaşdyrýan döwrebap döwlet işgäriniň ýokary nusgasyny görkezýär. Biz ruhy-medeni mirasymyza daýanyp, milli aň-düşünjämizi kämilleşdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. 

Baý milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak, ony bütin dünýäde giňden wagyz etmek, umumadamzat ösüşiniň ojagy, ylmyň we medeniýetiň merkezi hökmünde gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratyny artdyrmak Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 



Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda 2016-njy ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” şygary astynda geçýär. Döwlet Baştutanymyz iň gowy milli medeni däplerimizi ösdürmek we dowamatlylygyny üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Bu asylly däpleriň üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde milli medeniýetimiz dünýä ösüşiniň taryhynda aýratyn orun eýeledi. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler gadymdan gelýän milli medeni, döredijilik däplerimiziň hil taýdan täze ösüşe eýe bolmagyna, dünýäniň halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köp görnüşli ugurlarynyň peýda bolmagyna, milletimiziň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam edýär. 

Ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň bolmagy, halkymyzyň okgunly ösýän döwletimiziň binýadynyň mizemezligine bolan ynamy, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy – bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady ugrunyň dogrudygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Soňky ýyllarda Türkmenistan daşary syýasy giňişlikde hem uly üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk derejesine daýanyp, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna berk we gyşarnyksyz eýerýär. Şol syýasat bolsa dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, häzirki döwrüň wajyp meselelerini işjeň çözmek ýörelgelerine esaslanýar. 

Häzirki wagtda türkmen Lideriniň – özüniň işjeň orny hem-de tutuş adamzadyň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşmesi bilen meşhur bolan görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäriniň ady halkara jemgyýetçiliginde ýokary abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşda geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplynynyň 20 ýyllygynyň giňden bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwrüň wajyp meselelerini çalt çözmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmegiň örän möhümdigine düşünilmegi 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” kararnamasynyň ýene-de bir gezek kabul edilmegine ýardam etdi. Bu waka hem-de hemişelik Bitaraplygyň 20 ýyllyk senesiniň baýram edilmegine gabatlanyp geçirilen halkara maslahatyna dünýäniň onlarça ýurdundan ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagy biziň parahatçylyk söýüjilik syýasatymyzyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işleri mähriban topragymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Milli Liderimiziň iş-aladalary halkymyz, isleg-arzuwlary bolsa, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň her bir sözi, oý-pikiri ata Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” – milli Liderimiziň döreden ajaýyp eseri şeýle atlandyrylýar, ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hakyky senasyna hem-de awtoryň çuňňur watançylyk duýgularynyň beýanyna öwrüldi. 

Halkymyzyň biragyzdan saýlan Prezidentini Arkadag diýip atlandyrmagy tötänden däldir. Bu çuňňur manyly sözde halkymyz hormatly Prezidentimize diňe bir döwlet işgäri, milli Liderimiz hökmünde däl, eýsem, her birimize ýakyn we mähriban ynsan hökmündäki garaýşyny beýan etdi. Arkadag Prezidentimiziň egsilmez döredijilik güýç-kuwwatynyň esasy özeni milli Liderimiziň halkymyzyň, özüni ýokary watançylyk ruhunda terbiýelän ene-atasynyň öňündäki jogapkärçilikden ybaratdyr. Halkymyzyň döwlet Baştutanymyza bildiren ýokary ynamy şol güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup durýar. 

Milli Liderimiz bize diňe bir işine örän ökde adam, alym hem-de syýasy işgär hökmünde däl, eýsem, çuňňur duýgulary başdan geçirýän beýik Ynsan hökmünde hem bellidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her gün diýen ýaly halkyň arasynda bolýar: iri kärhanalaryň we desgalaryň açylyşyna gatnaşýar, ekerançylyk meýdanlaryna we harby bölümlere, dabaraly ýörişlere hem-de harby türgenleşik okuwlaryna baryp görýär… Milli Liderimiz çagalar we hormatly ýaşulular bilen yzygiderli söhbetdeş bolýar, döredijilik ýa-da ajaýyp ahalteke bedewinde gezelenç etmek bilen meşgullanýar, sport awtoulagynda geçmesi kyn ýollardan ussatlyk bilen geçýär, ýokary tizlikli uçarda asman giňişliginde ýol sökmegi başarýar. Döwlet Baştutanymyzy milli lybasda palaw taýýarlaýan mahalynda hem-de tebigatyň gözellikleri bilen tanyşýan pursatlarynda, hokkeý meýdançasynda we welotrekde, hatda eli gitaraly ýa-da akkordeonly hem görmek bolýar… Döwlet Baştutanymyzyň zehini hem-de durmuşa geçirýän işleriniň gerimi çäksizdir. Olar hormatly Prezidentimize mahsus bolan zatlardyr, çünki milli Liderimiz bütin dünýä hem-de adamlar üçin açykdyr, ýaş we gujur-gaýratly, durmuşy we mähriban halkymyzy çäksiz söýýän beýik Ynsandyr. 



Bu günki gün türkmenistanlylar üçin milli Liderimize özleriniň çuňňur hormat-sarpasyny, ägirt uly hoşallygyny we ýürekden çykýan çäksiz söýgüsini beýan etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de her birimiziň durmuşymyzdaky oňyn özgerişlikler mähriban Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Bu pikir Maslahat köşgünde geçirilen baýramçylyk konsertiniň esasyny düzdi. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de deputatlary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, minitsrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar ýygnandylar. 

Baýramçylyk konserti “Size ömür, bize döwür, Arkadag” atly watançylyk aýdymy bilen başlandy. Bu aýdymy Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçylary we hor topary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Konsert “Dokmaçylar” folklor tans toparynyň ýerine ýetirmeginde “Arkadagdyr ganatymyz, ruhubelent il bagtyýar!” hem-de “Mukam” skripkaçylar toparynyň “Siz bilen, Arkadag!” kompozisiýalary bilen dowam etdi. 

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän konsertiň esasy pikirleriniň biri halkymyzyň ruhy gymmatlyklar esasynda jebisleşmegi bilen baglanyşykly boldy. Konsertde çykyşlaryň ählisi milli sungatymyzyň iň gowy däpleriniň mowzugy esasynda birleşdirildi. Konsert maksatnamasynda dessanlardan aýdymlar, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlaryny beýan edýän etnografiki çykyşlar, liriki aýdymlar, saz we tans kompozisiýalary sazlaşykly utgaşdy. Olarda türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhy beýanyny tapdy. 

Halk döredijiligi esasynda döredilen “Ak öýleriň arzuwy” atly kompozisiýa köpsanly tomaşaçylara lezzet berdi. Aýdymçylar hem-de folklor toparlary sazyň, aýdymlaryň we tanslaryň dili bilen halkymyzyň bitewi hem-de erkin döwlet barada hasyl bolan arzuwlarynyň taryhy barada gürrüň berdiler. Artistler Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirilen halynyň döredilişini ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Döwrebap tehniki serişdeleriň ulanylmagy netijesinde konsertiň beýleki çykyşlary ýaly, bu çykyş hem aýdyň we köpöwüşginli häsiýete eýe boldy. 



“Öýmeler” atly aýdym-saz-tans kompozisiýasy özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Ol zenanlaryň milli lybasynyň aýrylmaz bölegi bolan öýmä bagyşlandy. Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň birnäçesi hem öýme bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň meşhur tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde halk döredijiligi esasynda goýlan horeografiki kompozisiýalar hem sungat baýramçylygynyň bezegine öwrüldi. 

Tomaşaçylar meşhur ýaş estrada aýdymçylarynyň  dürli umumymilli döredijilki bäsleşikleriniň ýeňijileriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň çykyşlarynda tejribe we ussatlyk, ýaşlaryň döredijilik gözlegleri aýratyn sazlaşyk döretdi. Çykyşlaryň her biri çuň many-mazmunlylygy, köpöwüşginliligi bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi we olary begendirdi. 

Ajaýyp däbe görä, dünýä we milli sungatyň gazananlaryny sazlaşykly birleşdiren baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz baglanyşygynyň özboluşly nyşany bolan “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. 

“Parahatlyk Baýdagym” atly täze aýdym konsertiň özboluşly jemlemesine öwrüldi. Ussat aýdymçynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu aýdyma baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi öz seslerini goşdular. Bu aýdym täze taryhy eýýamyň, mähriban topragymyzyň açyk asmanynda parlaýan, türkmen halkynyň bitewüligini we agzybirligini, parahatçylyk, döredijilik we ynsanpewerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň mukaddes Baýdagynyň özboluşly senasyna öwrüldi. 

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda, döwrebap medeniýet öýlerinde hem-de açyk konsert meýdançalarynda geçirildi. Olarda milli tanslar ýerine ýetirildi, milletimiziň mukaddes nyşanlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ýaşlygy hem-de ylham joşgunyny wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. 

Garaşsyz Türkmenistanyň ägirt uly Baýdagynyň parlaýan meýdançasynda geçirilen konsert baýramçylyk gününiň jemleýji çäresi boldy. Ýurdumyzyň iň gowy döredijilik wekilleri, meşhur aýdym-saz toparlary, belli estrada aýdymçylary we sazandalar, folklor toparlary hem-de ýaş zehinler abraýly döredijilikli bäsleşikleriniň ýeňijileri aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. 

Baýramçylyk dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baýramçylyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan köpöwüşginli feýerwek bilen tamamlandy. Ol ulularyň hem-de çagalaryň ählisini begendirip, agşamky Aşgabadyň asmanyny ýagtylandyrdy.

Degişli makalalar

Şäherara we Welaýatara Awtobus Ugurlary Boýunça Täzelik

Кöp Soralýan Soraglar

turkmenhabargullugy

Saňa garashýan!!!

syrach