17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer maliýe-ykdysady ulgamdaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakyndaky buýrugyň taslamasy barada hasabat bedi. 

Şu maksatlar üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetinde hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky guramalaryň we hususy kärhanalaryň şu ýyl üçin maliýe meýilnamalarynda zerur bolan maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulandygy bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maşgala ojagynyň hem-de milletiň ýokary ruhy–ahlak gymmatlyklaryny goraýjylar bolan zenanlara uly hormat-sarpa goýmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biridigini nygtady. Bu däp häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda zenanlaryň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezmegi, saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Häzirki wagtda biziň aýal-gyzlarymyz işini we maşgala borçlaryny üstünlikli utgaşdyryp, dürli ulgamlarda we pudaklarda tutanýerli zähmet çekýärler hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşine, ösüp gelýän nesli watançylyk hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýarlar. 

Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky buýruga gol çekip, wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara sowgatlaryň öz wagtynda berilmegini hem-de baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler, şeýle hem “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen böleginiň ugrundaky ähli işler tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu ýerde 8 kilometr ýer tekizlenip, 6 kilometrde turba çekmek işleri geçirildi. Häzirki wagtda taslamanyň türkmen bölegi boýunça potratçysy “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Şunuň bilen bir hatarda, taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde gaz geçirijiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen bagly meseleler çözülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan nebiti hem-de gazy gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň möçberlerini hem-de türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna eksportyny artdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. 

Döwlet Baştutanymyz Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berip, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu örän iri energetika taslamasyny has-da öňe ilerletmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda M.Amanowy başga işe geçmegi sebäpli, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky karara gol çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreleriň amala aşyrylýandygyny, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýändigini hem-de haşal otlaryň garşysyna çäreleriň görülýändigini belledi. Şular bilen birlikde, gowaça ekişine hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine işjeň taýýarlyk görülýär. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň suw üpjünçiligini hem-de ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga degişli beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi. 

“Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” we beýleki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde suw hojalyk desgalarynyň taslamalary taýýarlanylýar. Mundan başga-da, melioratiw we suwaryş ulgamlaryny arassalamak, beýleki çäreler amala aşyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky oba hojalyk işleriniň bellenilen tertibini we bildirilýän talabyny berk üpjün etmegi talap edip, wise-premýere gowaça ekişini öz möhletinde geçirmegi, güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere suw hojalygy ulgamynda iň täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde himiýa pudagynyň täze kärhanasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürjek zawodyň gurluşygy güýçli depgin bilen alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa pudagyny ösdürmek strategiýasynyň ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga, eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanda ägirt uly tebigy gaz gorlarynyň bolmagynyň karbamid öndürmek boýunça täze kuwwatlyklary gurmaga mümkinçilik berýändigini belledi hem-de wise-premýere täze himiýa kärhanasynyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherindäki Sergi köşgüniň durkuny täzelemek hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek hem-de şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 13-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde geçiren iş maslahatynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmek we abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, şäher düzümini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreler kesgitlenildi. Şeýlelikde, ýol-ulag hereketini sazlaşdyrmaga ýardam etjek awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurluşygyna, gurluşyk hem-de energetika düzümleriniň, jemagat gulluklarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Kiçi etrapçalaryň çäklerini kadalaşdyrmak, ýollary yşyklandyrmak, awtoulaglar üçin goşmaça duralgalary gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Şäheriň köçelerini we paýtagtymyzyň ähli etraplarynyň seýilgählerini abadanlaşdyrmak işine berk gözegçilik edilýär. Sebitdäki iri Olimpiýa şäherjiginiň düzümine girýän desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzda gurulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagy üçin ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hem-de Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen Aşgabat şäherini toplumlaýyn ösdürmegiň ägirt uly ähmiýetini nygtap, dürli maksatly desgalaryň, şol sanda şäheriň ähli etraplaryndaky ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy we durkunyň täzelenmegi bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz paýtagtymyzda döredilýän Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegiň möhümdigine ünsi çekip, onuň desgalarynyň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň talaplaryna hem-de halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda paýtagtymyzda giň möçberli işleriň ýerine ýetirilendigini, tutuş etraplaryň, şol sanda taryhy merkeziň durkunyň täzelenendigini, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de abraýly halkara bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolan kaşaň binalaryň peýda bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, ähli düzümleriň işini sazlaşdyrmagyň we paýtagtymyzyň ähli etraplaryny sazlaşykly ösdürmek, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly durmuş şertlerini döretmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinden 30-njy oktýabyryna çenli aralykda “EKSPO-2016 Antalýa” Bütindünýä botanika sergisine wekilçilik etjek türkmen bölümini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň bölümini 635 inedördül metr meýdanda seýilgäh görnüşinde gurnamak teklip edilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň geçiren bäsleşiginiň barşynda “EKSPO-2016 Antalýa” sergisinde milli bölümiň taslamasyny düzmek, gurmak, enjamlaşdyrmak, bezemek hem-de serginiň alty aýynyň dowamynda baglara we güllere ideg etmek, dolandyryş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça teklipler öwrenildi we saýlanyp alyndy. 

Seýilgähde Türkmenistana häsiýetli bolan ösümlik dünýäsini görkezmek, güllerden we beýleki ösümliklerden bezeg görnüşlerini döretmek, pyýada ýodalaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde ýurdumyzyň täsin tebigaty barada köpsanly maglumatlar bolan bölüm ýerleşdiriler. Mundan başga-da, dürli milli sowgatlyk önümleri görkeziler. 

Wise-premýer Türkmenistanyň bölüminiň meýilnamasyny we ony döretmek boýunça teklipleri, şeýle hem bu mesele boýunça taslama şekillerini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ägirt uly eksport we maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikleri açýan halkara sergilerine hem-de işewür maslahatlaryna gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz şu babatda toplanan oňyn tejribäni yzygiderli baýlaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, “EKSPO-2016 Antalýa” Bütindünýä botanika sergisine türkmen bölümini guramagyň meýilnamasyny goldady hem-de Türkmenistanyň köptaraply we ajaýyp keşbini görkezmek üçin bezeg işiniň we mazmun taýdan baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň mart aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň hem-de olara gabatlanjak medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy barada aýdyp, oňa türkmen medeniýetini we sungatyny, oňyn ösüşiň ýolunda ýurdumyzyň gazananlaryny giňden ýaýmaga gönükdirilen çäreleriň we döredijilik maslahatlarynyň girizilendigini habar berdi. 

Halkara zenanlar güni mynasybetli, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda aýal-gyzlaryň hormatyna dabaraly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar, ylmy we medeni merkezlerde, okuw edaralarynda, teatrlarda we muzeýlerde, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynda zenanlaryň baýramçylygyna bagyşlanan konsertler, spektakllar, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçiriler. Şeýle hem bu baýramçylyga gabatlap, “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak, “Talyp gözeli” bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. 7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli maslahat hem-de köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak dabarasy geçiriler. 

Baýramçylyk maksatnamasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bar. Baýramçylyk güni-8-nji martda paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçiriler. Mart aýynyň 8-9-y günlerinde Söwda–senagat edarasynda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi guralar. 

13-22-nji martda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň däbe öwrülen sergisi hem-de Öý üçin mebelleriň we harytlaryň halkara sergisi guralar. 

21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýaýlada Milli bahar baýramy mynasybetli toý dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa paýtagtymyzyň medeniýet işgärleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. 

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Milli bahar baýramy mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerini “Nowruz ýaýlasy” diýip atlandyrmak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu dabaralar ýeri raýatlarymyzdan gelip gowşan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň teklibine laýyklykda täze ada eýe bolýar. Medeniýet ministrligine degişli edaralar, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde bu ýerde dabaraly çäreleri geçirmek boýunça zerur işleri ýerine ýetirmegi üpjün ederler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, martda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň türkmen jemgyýetiniň ösüşinde, ähli türkmen halkynyň bähbidine ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde ähmiýetiniň uludygyny belläp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şol çäreleriň hakyky watançylyk we ahlak häsiýetine eýe bolup, ýokary çeperçilik mazmuny bilen tapawatlanmalydygyny hem-de milli baýramçylyk medeniýetiniň gazananlaryny we bu ugurdaky innowasiýalary sazlaşykly utgaşdyrmalydygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaralara ünsi çekip, ata-babalarymyzyň däplerine eýermek bilen, aýal-gyzlarymyza uly hormat goýýarys, olaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy, bagtyýarlygy we abadançylygy üçin amatly durmuş şertlerini döredýäris we dörederis diýip belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Milli bahar baýramy mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerini “Nowruz ýaýlasy” diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekip, täzelenişi hem-de abadançylygy, ylham joşgunyň sazlaşygyny we tebigatyň gülläp ösmegini alamatlandyrýan baýramçylygy geçirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Şol baýramçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly depginleri bilen kybap gelýär hem-de türkmen halkyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ilatyň arasynda wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylýandygy, dürli duşuşyklaryň, maslahatlaryň guralýandygy, watançylyk hem-de wagyz-nesihat çärelerine hormatly ýaşulularyň, ak saçly eneleriň, bilermenleriň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşýandygy barada aýdyldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda netijeli işleri alyp barýarlar. Olar jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň köptaraplaýyn işine işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýandyklary bellenildi. Şeýle hem wise-premýer Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň iş usullaryny kämilleşdirmek, raýat edaralaryny ösdürmäge, jemgyýeti, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak, watançylyk we ekologiýa taýdan terbiýelemäge gönükdirilen işi işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki döredijiligi hem-de ilatyň hojalyk başlangyçlaryny goldamak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ünsüni çeken meseleleriniň ýene-de biri Ýeriň magnit meýdanynyň işjeňlik ýagdaýynyň ýokarlanmagy netijesinde emele gelýän, adamlaryň özüni duýşuna we saglygyna ýaramaz täsir edýän “magnit hadysasy” barada ilata öňünden duýdurmak boýunça zerur işleri geçirmek barada boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýer S.Toýlyýewe tabşyryklary berip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine şeýle hadysalaryň täsirini azaltmagyň usullary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi, aýratyn-da, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlaryň magnit hadysasynyň saglyga ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça näme etmelidigi barada anyk düşündirmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň barşy, Demir ýol ulaglary ministrliginiň hem-de Aragatnaşyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, internet ulgamyny has-da ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ulag–aragatnaşyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeler “Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda” kesgitlenildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda goşmaça 99 müň 680 belgilik 296 sany awtomatlaşdyrylan sanly telefon beketlerini gurnamak meýilleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň ilatyna ýokary tizlikli internete elýeterliligini giňeltmäge mümkinçilik berer. 

Hasabatyň çäklerinde Aşgabat şäherinde gurulýan täze Halkara howa menzilini işe girizmäge we ulanmaga görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Häzirki wagtda bir ýylda 14 million ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan iri ýolagçy terminalynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň umumy meýdany 145 müň inedördül metre deňdir. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günüň talaplaryna laýyklykda ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek, demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onuň hereket edýän düzüminiň üstüni ýetirmek babatda goşmaça tabşyryklary berdi. 

Pudagyň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçillikleriň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşyk, tele we radio kommunikasiýalarynyň, sanly ýaýlyma bermegiň köp şahaly ulgamy hereket edýär, habar beriş serişdeleriniň terminaly işlenip taýýarlanylýar. Ösen telefon beketleriniň awtomatlaşdyrylan, şol sanda sanly ulgamy, şeýle hem giň zolakly Internete birikmek hem-de maglumatlary geçirmek üçin ýokary tizlikli akymlary aragatnaşyk ulgamynda ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegini üpjün edýär. Döwletara telefon zolagyny giňeltmek maksadynda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Internetiň hem-de aragatnaşygyň döwrebap tehnologiýalarynyň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär, telekommunikasiýalary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär diýip bellemek bilen, wise-premýere geçirilýän işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Häzirkizaman sebit üstaşyr-ulag ulgamyny döretmekde möhüm orun eýeleýän täze Halkara howa menzilini gurmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň üstünlikli işini üpjün etjek çärelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklamak üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri ulanmagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň işi barada aýdyp, “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly sebit maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahat mart aýynda indi dördünji gezek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy Halkara Ummanlar instituty bilen bilelikde Hazarýaka döwletleriň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda her ýylda geçirilýän bu forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. 

Bellenilişi ýaly, Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ugurda Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyz sebit hem-de halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, Hazar deňzi sebitinde giň netijeli özara hereketleri ösdürmek, Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek işine uly goşant goşýar. 

Muňa milli Liderimiziň Hazar meselesiniň dürli ugurlaryna, şol sanda Hazaryň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýän degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek babatdaky netijeli teklipleri subutnama bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça möhum halkara resminamalary işlenip düzüldi. Şol resminamalaryň hatarynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar. Türkmen tarapy, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň beýanatynyň gutarnykly ylalaşylmagyna işjeň ýardam etdi. Bu ugurdaky işler ýurdumyzyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi baradaky utgaşdyryjy komitetine ýolbaşçylyk edýän döwründe tamamlandy. Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hem-de ulag-aragatnaşyk pudaklary ýaly wajyp ugurlarda Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli teklipleri öňe sürdi. 

Şunuň bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda her ýyl geçirilýän okuw maslahatynyň özara peýdaly tejribe alyşmaga, Hazara degişli döwletara ylalaşyklarynyň çäklerinde işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de olaryň hünärini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Bu okuw maslahatynyň gün tertibine ylmy taýdan gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi girizilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Hazar sebitinden netijeli halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň mundan beýläk hem Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini, Hazar bilen bagly meseleleriň deňagramly çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşjakdygyny belledi. 

Hazar deňzi tebigy taýdan örän täsin deňizdir we Türkmenistan öz tarapyndan geljekde hem parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk deňzi hökmünde onuň derejesini pugtalandyrmaga, deňziň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamaga hem-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirjekdigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 7-18-nji marty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatyny geçirmek hakyndaky Karara gol çekip, wise-premýere forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de sebitiň döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary höweslendirmek we Halkara Ummanlar instituty bilen özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmak, degişli işgärleri taýýarlamak babatda onuň ähmiýetini belledi. 

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz K.Mommadowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany, Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerinden boşatmak hakyndaky, A.Serdarowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak hem-de ony Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky, I.Amanlyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmak we ony Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky, Ç.Ataýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hem-de ony Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýewi şol bir wagtda Türkmenistaynyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” eziz Diýarymyzyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri kesgitlendi

syrach

Nebit Promyseliniň Ýanynda Ýod Önümçiligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi