Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ralf Andreas Breti kabul etdi.
Ilçi Türkmenistanda diplomatik wekilhananyň baştutany hökmünde alyp baran işileriniň üstünlikli bolmagyna beren kömegi we goldawy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GFR-nyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşan uly goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi.
Öz nobatynda diplomat alyp baran işlerine ýokary baha berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi hem-de Germeniýanyň Federal Kansleri bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň arasyndaky ýokary derejedäki netijeli gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edendigini aýratyn belledi.
Ilçi köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň ygtybarlylygyny hem-de ony giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň ähmiýetini nygtady. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Jenap Ralf Andreas Bret hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä forumlarynyň belent münberinden öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtap, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly Tehnologiýalar merkezi boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibiniň möhümdigini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz häzir dünýäde ekologiýa meseleleriniň, şol sanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine hemme wagtdakysyndan oňat düşünilýändigini aýdyp, şu meseleleri çözmezden adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki ösüşini göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini nygtady.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini BMG-a agza döwletleriň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň oňyn tejribesini nazarda tutmak bilen, ekologiýa meselelerini çözmekde özara hereket etmegiň täze görnüşlerini tapmagyň zerurdygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz 2015-2016-njy ýyllarda ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň durnukly ösüşi boýunça Halkara toparyna başlyklyk edýändigini nygtap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak babatda bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz we diplomat Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ornuny nygtadylar. Şol toparyň işi gatnaşyklaryň, şeýle-de işewürler maslahatlarynyň hem-de Ykdysadyýet günleriniň yzygiderli guralmagyna ýardam berýär. Hojalyk edaralarynyň onlarçasynyň nemes maýa goýumynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny açmagy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda durmuşa geçirilen 100-den gowrak bilelikdäki taslamalar netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, nemes işewür toparlarynyň wekilleri geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň bolmagyny giňeltmäge gyzyklanýarlar. Munuň özi türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçilikleri bilen bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan uly özgertmeleriň gerimi bilen hem şertlenendir. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesini hem-de iň täze tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýarlygy barada teklip aýdyldy. Diplomat medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli tekliplerini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda jenap Ralf Andreas Bret Türkmenistanda özüniň diplomatik işiniň üstünlige beslenmegine beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesindäki köptaraplaýyn işinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.