Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet ministri, Abu-Dabiniň “ADNOC” milli nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Sultan bin Ahmed Sultan Al-Jaberi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýanyň, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al Maktumyň hem-de Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent serkerdebaşysy Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýanyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy. Ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar turuwbaşdan deňhukukly, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň we hoşniýetli erk-islegiň esasynda guralýar. Milli Liderimiz BAE-niň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi hem-de ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşýan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa senagaty we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamlarynda iki ýurduň özara gatnaşyklary giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan uzakmöhletleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna täze işläp düzmeleri ornaşdyrmagy ugur edinýär.
BAE-niň döwlet ministri öz nobatynda arap kompaniýalarynyň öňdengörüjilikli energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şol strategiýa nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlaryny diwersifkasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Myhman türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny belläp, muňa diňe garaşsyz bilermenler tarapyndan tassyklanan baý nebitgaz serişdeleri däl-de, eýsem, ýurtda işewürlik üçin ähli şertleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň we okgunly ykdysady ösüşiň şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we BAE-niň döwlet ministri Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem iki dostukly ýurtlaryň we olaryň halklarynyň bähbidine has-da berkejekdigine we giňeljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdulla Al-Adab gatnaşdy.