8.9 C
Aşkabat
24.11.2024
YLYM

Iňlis Dili Mugallymy Orazbibi Gurdowa

Mugallym bolmak – öwrenmezligi mümkin däl bolan zatlary öwretmek. Munuň üçin dogabitdi zehinli bolmaly hem-de bütin ömrüňi ýaş nesilleri terbiýelemäge bagyşlamaly. Çagalara özüňi söýdürmek, olara öwredýän sapagyň bilen özüňe çekip, üns berdirip özüňi diňletmek her bir mugallyma başardanok, öz işiň bilen hem sen okuwçylaryň hormat goýmagyny, sylamagyny başarmaly. 

Hut şunuň ýaly bolmak üçin hem özüňi bu ýeňil bolmadyk hünäre bagyşlamaly diýip, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Orazbibi Gurdowa hasap edýär. 

Ol heniz çagaka “mekdep” oýnuny oýnardy. Gurjaklary oturdyp, olara kitaplary, depderleri, ruçkalary paýlardy we öz mekdep mugallymyna öýkünip, öz “okuwçylaryna” okamagy we hasaplamagy öwrederdi. Şonuň üçin hem uniwersiteti tamamlan badyna başga pikir etmezden oba mekdebine işlemäge gitdi. 



Otuz ýyl mugallymlyk stažy. Bu azmy ýa-da köp diýip, meniň beren sowalyma Orazbibi: eger-de göwün söýüp işlemeseň köp, eger-de okuwçylara has köpräk zatlary öwretmäge çalyşsaň az. Çagalar bilen işleşmek, olar bilen gürrüňdeş bolmak, bilýän zatlaryňy olara öwretmek meniň gowy görýän zadym. Hatda tomus paslynda hem men öz okuwçylarymdan aýrylyşmak islämok. Birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalar toparyny “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde dynç almaga eltýärin. 

Men Orazbibi bilen hut “Awazada” tanyşdym. Ol mugallym hökmünde çagalar üçin iňlis diliniň gyzyklandyryjy sapagyny gurapdyr. Standart däl çemeleşmeleri ulanmak bilen, Orazbibi çagalary şeýle bir höweslendiridir welin, olar edil “ganatlanyp” uçaýjak bolýardylar. Ol diňe bir iňlis diliniň grammatikasyny öwretmeýär. Öz hünärine uly söýgi bilen garaýan Orazbibi hünäriniň hakyky eýesi bolmak bilen, çagalara halypa bolmaga çalyşýardy. Sebäbi, tomusky dynç alyşda mugallym, haçan-da çagalaryň ýanynda ene-atalary ýok wagry, olara iň ýakyn adam bolup durýar. Çagalar onuň ýanyna öz meseleleri bilen barýardylar, özleriniň syrlary bilen paýlaşýardylar. 

Orazbibiniň öz mekdebi, çagalaryň okatmagyň iň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen täze mekdepde bilim almaga mümkinçilikleri barada, öz okuwçylary barada uly mähir bilen berýän gürrüňlerini diňläp, men beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň: “Eger-de mugallym öz işine diňe söýgi bilen garaýan bolsa, onda ol gowy mugallymdyr. Eger-de mugallym ene-ata ýaly, okuwça diňe söýgi bilen garasa, onda ol ähli kitaplary okap çykan mugallymdan gowy bolar, ýöne onuň ne işine, ne-de okuwçysyna söýgüsi bolmaz. Eger-de mugallym işine we okuwçysyna bolan söýgüni özünde birleşdirýän bolsa, onda ol kämil mugallymdyr”. 



Orazbibi sözüň doly manysynda hakyky mugallym. Kärdeşleri oňa ýokary baha berýärler, ýaş mugallymlar oňa halypa diýip ýüzlenýärler. Orazbibiniň okuwçylaryna bolan söýgüsi ýaly söýgi, onuň okuwçylarynyň hem ýüreklerini gurşap alandyr, olaryň arasynda mugallymlar, lukmanlar, inženerler, kärendeçiler bardyr. Onuň bu günki okuwçylary bolsa olara olimpiadalarda ýeňiş gazanmaga uly ýardam berýän bilimi üçin oňa çyn ýürekden minnetdarlyk bildirýärler. 

Okuwçylary we işdeş ýoldaşlary oňa mekdepde talap ediji, ýöne dogruçyl, ünsli we mylakatly, öz okuwçylarynyň her biriniň ýüregini açyp bilýän hökmünde baha berýärler. Siz öz öýüňizde-maşgalaňyzyň arasynda nähili diýip, men ondan soradym. – Men maşgalam bilen dynç almagy gowy görýärin. Meniň üç sany uly ýaşly çagam bar, men olar üçin olary söýýän we olar barada uly alada edýän ene. Meniň adamym hem mugallym. Biziň aladalarymyz umumy. Biz elmydama nämedir bir zady ara alyp maslahatlaşmaga, kim barada gürrüň etmäge wagt tapýarys, käwagt bolsa aladalarymyzy deň paýlaşýarys. 

Çagalary terbiýelemekde gazanan üstünlikleri üçin “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijisi Orazbibi Gurdowa ine, şeýle adam. Oňa mundan beýläk hem zehinli, esasan hem mylakatly, okuwçylary terbiýeläp ýetişdirmekde uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýäris.

Degişli makalalar

Yhlas Bilen Aglasaň, Sokur Gözden Ýaş Çykar

Hormatly Mugallymlar we Bilim Işgärleri!

syrach

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşigi : Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy