2016-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Burkina-Fasonyň Daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri j-p Alfa Mamadu Barri bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistan bilen Burkino-Fasonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan oňyn mümkinçiliklerini belläp, taraplar geljekde olary ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň esasynda dürli ugurlar boýunça ösdürmäge gyzyklanmalaryny bellediler. Gepleşikleriň dowamyda j-p Alfa Mamadu Barri Türkmenistanyň daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy.
Hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we energetika çygyrlarynda özaragatnaşyklary ösdürmegiň mümükinçiliklerine seredildi. Taraplar BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň meýdançasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Halkara meýdançasynda alnyp barylýan özaragatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, taraplar geljekde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi berkitmek boýunça tagallalary jebislemegiň meselelerine seretdiler.
Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalaryny bildirdiler. Söwda-ykdysady özaragatnaşyklary barada aýdyp, taraplar iki ýurduň hususy sektorynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Şeýle hem, duşuşygyň çarçuwasynda, bilelikdäki çareleri gurnamak we iki ýurtda geçirilýän medeni çärelerine özara wekiliýetleri ibermek arkaly medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistan bilen Burkina-Fasonyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy geçirildi. Taraplar bu ädimiň Türkmenistan bilen Burkina-Fasonyň arasyndaky gatnaşyklarynyň täze sahypasyny açýandygyna ynam bildirdiler.