8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we Telekeçileriniň Önümçilik Kuwwaty Artýar

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň döwlete dahylsyz ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň hem-de ösüşiniň geljeginiň giň möçberli gözden geçirilişi bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilen gününe gabatlanyldy. Häzirki wagtda bu gurama özüne döwletimiziň oňyn ykdysady özgertmelerine saldamly goşant goşýan hususy telekeçiligiň wekilleriniň 13 müň 500-sini birleşdirýär. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde SSE-niň sergiler zalynda guran sergisiniň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň meşhur aýdymçylary hem-de döredijilik toparlary, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda döredilen “Rysgal” aýdym-saz topary myhmanlary mähirli mübärekledi. 



Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagyny üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir” diýip belledi. 

Şu ýyl Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze sergi zalynyň meýdançalarynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda – oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde, syýahatçylykda, söwdada hem-de durmuş hyzmatlary ulgamynda, bank, ulag we logistika ulgamlarynda hem-de halk – amaly senetçiliginde we beýleki ugurlarda işleýän ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň 140-dan gowragy öz diwarlyklaryny hödürleýärler. 

Sergide “Aga gurluşyk”, “Gümmez gurluşyk”, “Dürli ýaz”, “Berk gala gurluşyk”, “Ojar Aziýa”, “Ajaýyp bina”, “Rysgally zähmet”, “Çeper gurluşyk”, “Myradym” hususy kärhanalary, “Çyzgy”, “Halys”, “Döwlet gurluşyk”, “Muhammet Balkan”, “Mert gurluşyk”, “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri we gurluşyk hyzmatlary bazarynda daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşýän beýleki kompaniýalar ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda telekeçileriň gazananýan üstünliklerini görkezýärler. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ak mermerli türkmen paýtagtynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Geçen ýyl Aşgabat şäherini ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň 13-nji nobatdakysynyň desgalarynyň ulanmaga berilmegi hem hususy kärhanalaryň bu işleriň abraý bilen hötdesinden gelýändigine şaýatlyk edýär. Bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň 11-si, edara binalarynyň 12-si, umumybilim berýän mekdepleriň 2-si we çagalar baglarynyň 2-si, saglyk öýü, söwda-dynç alyş merkezi we köp gatly awtoulag duralgasy ulanmaga berildi. 



Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzda diňe geçen ýylyň dowamynda guran desgalarynyň hatarynda “Bagtyýarlyk” sport toplumy, “Aşgabat” stadionynyň ýanyndaky tennis meýdançasy, bäş ýyldyzly “Arçabil” myhmanhanasy bar. Täze “Bagtyýarlyk” seýilgäh toplumy hem türkmen paýtagtynyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýdy. Birbada alty binanyň – “Arkadag”, “Ylym”, “Ak bugdaý”, “Sagdynlyk”, “Abadançylyk” we “Ýyldyz” binalarynyň açylmagy ýurdumyzyň baş şäheriniň baýramçylygyna – Aşgabat şäheriniň gününe ajaýyp sowgat boldy. Bu binalaryň üçüsi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan guruldy. Häzirki wagtda hususy kompaniýalar paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji we 15-nji nobatdakylarynyň desgalarynyň birnäçesiniň gurluşygyny alyp barýarlar. 

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň dürli sebitlerinde durmuş-medeni maksatly desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň muzeýi, Marydaky, Türkmenabatdaky, Daşoguzdaky beýikligi 100 metre barabar bolan Baýdak sütünleri bar. 

“Mary – 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň jemleýji çärelerine gabatlanyp, Mary welaýatynyň merkezinde “Türkmeniň ak öýi” binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmeniň ak öýi görnüşinde gurlan, iri dabaraly we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen bu bina Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň – hususy gurluşyk kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan bina edildi. 



Telekeçiler Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda saglygy dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlaryny gurdular. Tomusky dynç alyş möwsüminde Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan 300 orunlyk çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi, dekabr aýynda bolsa Mary welaýatynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi öz gapylaryny giňden açdy. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ulag düzümini ösdürmäge hem saldamly goşant goşýarlar. Degişli pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça gurlan şeýle desgalaryň hatarynda Balkanabatdaky demir ýol menzili hem-de Gyzylsuw şäherçesindäki ýolagçy deňiz menzili bar. 

…Köp öwüşgünli diwarlyklary hususy gurluşyk kompaniýalarynyň türkmen deňiz şypahanasyny ösdürmäge işjeň gatnaşýandyklaryny aýdyň görkezýär. Şol ýerde olar tarapyndan desgalaryň birnäçesi guruldy. Diňe geçen ýylyň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap myhmanhanalar, atrraksion seýilgähleri we beýleki düzümleýin desgalar açyldy. 

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan desgalaryň üsti täze gidrotehniki desgalar bilen ýetirildi. Iýun aýynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda kuwwaty gije-gündizde 50 müň kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desganyň dabaraly açylyşy boldy. Bu desga “Täze jaý” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Şol gün döylet Baştutanymyz teleköpri arkaly “Altyn bürgüt” hususy kärhanasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Farap etrabynda gurlan, kuwwaty 25 müň kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desganyň işine badalga berdi. Dekabr aýynda bu desgalara “Ferhar” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan Mary welaýatynyň Mary etrabynda hem-de “Säher şemaly” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda gurlan şeýle desgalar goşuldy. 



Dekabr aýynda Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynda gök we miwe önümlerini gaplaýan kärhana, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde sowadyjy toplum ammary, “Akdaş miwe içgileri” hususy kärhanasynyň polietilentereftalatdan gaplary öndürýän zawody ulanmaga berildi. Olaryň ählisi iň döwrebap we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi. 

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde kerpiç, demirbeton gurluşlaryny, gidrogoraýjy serişdeleri, ýuwlan çägäni, izogamy, penopolistiroly, keramziti, dürli emulsiýalary, elektrik kabelini hem-de şlanglary, aýmança daşlaryny, ýag we howa filtrlerini, akkumulýatorlary hem-de beýleki önümleri öndürýän zawodlar üstünlikli işleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda sementiň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiligine garamak, bu meseläni çözmekde telekeçileriň güýjünden peýdalanmak babatda görkezmeleri bermegi hem-de olara ýylda 100 müň tonna sement öndürýän kiçi zawodyň gurluşygyny ynanmagy senagatçylyk pudagyny ösdürmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. 

Sergide ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini görkezýän kärhanalaryň hatarynda “Çaly”, “Ak hünji”. “Arma”, “Erjel Begenç” hususy kärhanalary, “Derýaplastik”, “Mary agos”, “Toprak” hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler bar. Sergide görkezilýän zatlaryň köpüsinde “täze önüm” diýen ýazgy bar. Mysal üçin, “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň hatarynda metal turbalar we üç gatly kabel peýda boldy. “Şahym şa” hususy kärhanasy bolsa metal gurluşyň önümçiligini özleşdirdi. “Çaly” hususy kärhanasynyň harytlarynyň arasynda ýollary gurmakda ulanylýan modifisirlenen polimer kükürt bar. 



Türkmen mebel öndürijileriniň pawilýonlary hem köp öwüşgünliligi bilen tapawutlanýar. Mebel öndürmekde öňdebaryjylar hasaplanylýan “Aýbölek” fabrigi, “Abraýly önüm” we “Çigildem” kärhanalary sergi meýdançalarynda öýleriň hem-de edara binalarynyň içini bezeýän, importuň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriniň köp görnüşlerini görkezýär. Importuň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürýän firmalaryň hatarynda “Abraýly önüm” hem-de “Çigildem” şereketleri, şeýle hem meşhur daşary ýurt mebel öndürijileriniň dilerleri bar. Olar mebel önümçiliginde özleriniň işläp taýýarlamalaryny hödürleýärler. 

Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlarynyň her ýylky gözden geçirilişi bu ýere gelýänleri içerki bazarda uly isleg bildirilýän dürli önümleriň öndürilişini işjeň özleşdirýän täze kärhanalar bilen tanyşdyrýar. Şu ýyl täze kärhanalaryň hatarynda plastik turbalary hödürleýän “Penaly ýol” hususy kärhanasy, antifriz hem-de dizel ýangyjynyň arassalaýjy serişdelerini öndürýän “Ýaş arça” hojalyk jemgyýeti, elektroenergetika ulgamynda işleýän “Türkmen ýyldyzy” hususy kärhanasy, gapylary öndürýän “Sary agaç” kärhanasy we beýlekiler bar. 



Telekeçiler bazaryň täze ugurlaryny hem-de obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny gazanmaga, ilatymyzyň ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik tehnologiýalaryny üstünlikli özleşdirýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanda etiň, ýumurtganyň, süýdüň, gök we bakja önümleriniň esasy bölegi hususy ulgamda öndürilýär. 

“Parasatly” daýhan jemgyýeti sergide dürli azyk önümlerini görkezýär. Geçen ýylyň iýun aýynda bu önüm öndüriji Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda konserwa zawodyny, alkogolsyz içgileri hem-de arassa agyz suwuny öndürýän zawody açdy. Bu kärhana öndürýän gök önümlerini we miwelerini gaýtadan işlemäge ýöriteleşendir. 

Sergide “Hasar”, “Misgär”, “Bars”, “Oguzhan” ýaly iri önüm öndürijileriň, “Mekan” hususy kärhanasynyň süýji-köke önümleriniň dürli görnüşleri, “Ýunus” söwda belgili tortlar, “Tomus” we “Saglyk” diýen çörek we çörek-bulka önümleri görkezilýär. “Kämil marketiň” bölümi süýji önümlerini hödürleýär. Pudaklaýyn gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň hatarynda “Eçil”, “JOŞ”, “8 ýap”, “Ýedigen”, “Saba” söwda belgili miwe şirelerini öndürýän kärhanalar bar. 

Sergide süýt önümlerini we doňdurmalary, şöhlat hem-de et önümlerini öndürýän iri kärhanalaryň önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Olaryň hatarynda “Parahat”, “Bereketli”, “Sahawatly” şereketleri, “Hemra”, “Elin”, “Salkyn”, “Erteki”, “Täze aý” söwda belgili önümleri öndürýän kärhanalar we beýlekiler bar. Däp bolşy ýaly, türkmenistanlylara giňden meşhur bolan “Guş toplumynyň”, “Altyn hilal” kärhanasynyň, “Hoş zaman” guşçulyk fermasynyň önümleri, “Halys” hojalyk jemgyýetiniň un önümleri giňden hödürlenilýär. Daşoguzly balçylar melhemlik balyň dürli görnüşlerini we beýleki gymmatly önümleri görkezýärler. 



Dürli balyk önümlerini öndürmekde gazanylan üstünlikler görkezilýän diwarlyklar hem uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň dürli sebitleriniň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri balyklary ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Balyklary ýetişdirmek we gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan “Hazarbalyk” önümçilik toplumynyň sergide görkezýän önümleri hem meşhurlykdan peýdalanýar. Bu toplum Balkan welaýatynda “Hazarbalyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döredijiler tarapyndan guruldy we geçen ýyl dabaraly ýagdaýda açyldy. Önümçiligiň ýyllyk kuwwaty 170 tonna kakadylan, guradylan we beýleki balyk önümlerine, bekre görnüşli balyklaryň 100 tonnasyna we bekre işbiliniň 2 tonnasyna hem-de balyklaryň dürli görnüşlerinden taýýarlanylan konserwa önümleriniň 10 million birligine barabardyr. 

2015-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna maldarçylyk hem-de guşçulyk fermalarynyň 37-sini gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berildi. Ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda olaryň birnäçesi eýýäm ulanmaga berlip başlandy. 

Oba hojalyk işewürliginiň ugurlarynyň biri hökmünde bagçylyk hem-de gülçülik hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynda uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi paýtagtymyzdaky “Gülzaman” salonynyň, “Ýaşyl Dünýä Group” we “Alp iş”, “Nurly meýdan” hem-de “Has” hususy kärhanalarynyň, “Ýaşyl mekan” hojalyk jemgyýetiniň, “Gül merkeziniň” we “Soltanyň gülleri” şereketiniň pawilýonlarynda öz beýanyny tapdy. 

Bagçylyk-gök ekerançylyk hojalyklaryny ýöretmek işi sergide “Ýunus daýhan” daýhan hojalygynyň, “Parasatly”, “Merdem”, “Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýetleriniň we beýlekileriň diwarlyklarynda hödürlenilýär. 

Telekeçiler serginiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýyladyşhana hojalyklaryny ýöretmekde özleriniň nou-haularyny hem ilerledýärler. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan telekeçi N.Hydyrow gün batareýalarynda ýyladyşhananyň energiýa netijeliligini görkezýär. 

“Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýeti sergide maldarçylyk ulgamyndaky tohumçylyk işiň netijelerini hödürleýär. Onuň ýetişdiren “simmental”, “golşteýn” we “angus” tohumly göleleri Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan, et we süýt üçin niýetlenen sygyrlaryň täze görnüşini ýetişdirmegiň netijesidir. “Atamyrat Aly” daýhan hojalygynda ýetişdirilýän owadan sülgünleriň we bedeneleriň hem tomaşaçysy ýetik. 

Sergi bu ýere gelýänleri telekeçileriň söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde gazanýan üstünlikleri bilen hem tanyşdyrýar. Häzirki wagtda olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, söwdany françaýzing ýörelgesi esasynda guraýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýtagtymyzda bina eden iri “Berkarar”, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy”, “Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezlerinde ýerleşdirilen dükanlar munuň aýdyň subutnamasydyr. 2015-nji ýylda Türkmenabatda ulanmaga berlen häzirki zaman “Döwrebap” söwda-senagat merkezi hem paýtagtymyzdaky şeýle desgalardan pes durmaýar. 



Telekeçilik Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. “Bäsdeş” söwda öýüniň diwarlyklary hem bu barada gürrüň berýär. Içerki we daşarky bazarlarda telekeçileriň söwdasyny guramak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak onuň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Däp bolan senetçiligiň önümleriniň hem daşary ýurtlarda uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny bellemek gerek. Senetçiligiň ösdürilmegine türkmen telekeçileri, kiçi we orta işewürligiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Hususy telekeçiligiň wekilleri milli medeni mirasy aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge saldamly goşant goşýarlar. Şu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halylary, şekillendiriş we bezeg sungatynyň eserlerini, zergärçilik önümlerini, milli lybaslary hem-de sowgatlyk önümleri öndürmek bilen meşgullanýan agzalarynyň işi nusga alarlykdyr. 

Şu gün sergide şu ýylyň fewral aýynda “Aga gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurup ulanmaga beren täze iri kärhanasynyň– “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly we haly önümleriniň diwarlyklary hem ilkinji gezek hödürlenýär. 

Şu ýyl telekeçileriň gazananlarynyň gözden geçirilişine ýurdumyzyň dürli sebitlerinde döredilen Işewür zenanlaryň merkeziniň bölümleriniň gatnaşýandygy bellärliklidir. Olar sergide özleriniň özboluşly önümlerini—ýerli önümçiligiň matalaryndan taýýarlanan milli lybaslary, el işlerini we beýlekileri görkezýärler. 

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda özümizde öndürilen matalardan tikin önümlerini, şeýle hem keteni matalaryny we dürli suratly, reňkli we dürli möçberdäki milli zenan ýaglyklaryny öndürýän kärhanalary bar. 



“Gülzamanyň” “moda pawilýony” hem sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde milli äheňde taýýarlanan täsin toý we agşamlyk lybaslary görkezilýär. 

Serginiň aýry-aýry bölümleri ulag ulgamyna hem-de logistika bagyşlanýar. Himiýa sengatynyň gazananlaryny hem-de halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde täze tehnologiýalary görkezýän “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň we “Şatumar” hususy kärhanasynyň diwarlyklary hem örän gyzyklydyr.

Dürli hyzmatlar, şol sanda durmuş hyzmaty ulgamynda hem telekeçilik ýokary depginler bilen ösýär. Içki bezegler ulgamynda, harytlary daşamak we gaplamak, gülleri eltmek hem-de beýleki ugurlarda hyzmat etmek bilen meşgullanýan kärhanalaryň köpsanly diwarlyklary hem muňa şaýatlyk edýär. “Türkmenistanyň awtoýollary” hojalyk jemgyýeti awtoulag hyzmatlaryny mahabatlandyrýar, “Trade TM” kärhanasy bolsa buhgalter hasabatynyň programma üpjünçiligi, şeýle hem söwda gözegçilik etmek we ýöretmek bilen meşgullanýar, aýry-aýry telekeçiler bolsa hukuk hyzmatlaryny hödürleýärler. 

“Ayan Travel”, “Den tur”, “Owadan syýahat” we beýleki hususy syýahatçylyk kärhanalary sergä gelýänlere, ilkinji nobatda bolsa, geljekki daşary ýurtly hyzmatdaşlara öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Olaryň diwarlyklary Türkmenistanyň meşhur tebigy ýerleri boýunça çekilen hem-de ýurdumyzyň bütin dünýäde meşhur bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän belli syýahatçylyk ugurlary, milli syýahatçylyk edaralary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar barada anyk maglumatlary berýär. 

Sowgatlyk önümleriň köp görnüşleri, şol sanda taryhy ýerleriň, türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň şekilleri, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen bölümler sergä gelýänleriň ünsüni çekýär. 



Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişiniň çäklerinde günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ertir sergi öz işini tamamlar.

Degişli makalalar

HNGU-nyň Selektiw Pakerleri Nebit Guýularynyň Öndürijiligini Artdyrmaga Ýardam Eder

Birža Täzelikleri

syrach

Türkmenistanyň Merkezi Banky we GFR-iň Süýşürintgiler Kassalarynyň Halkara Hyzmatdaşlyk Boýunça Gaznasy Ähtnama Gol Çekdiler