15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.Oňa welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Bilelikdäki mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Başutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp  barylýan işler, ýurdumyzyň maliýe-bank edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli ykdysadyýeti ösdürmek, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak şol maksatnamalaryň esasy wezipesi bolup durýar. Milli Liderimiz dürli ulgamlaryň maliýe ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň hem-de garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri öz wagtynda görmegiň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory   Ý.Kakaýew gazy gaýtadan işleýän pudakda birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi, bu işlere “Türkmengaz” döwlet konserniniň täze döredilen ýöriteleşdirilen müdirligi   gözegçidik edýär.  

Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada habar berildi. Bu taslama Ýaponiýanyň TOVO Engineering Сo, Ltd” kompaniýasy we Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd”  kompaniýalar konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Ýylda 5 milliard kub metr gazy gaýtadan işlemäge niýetlenen bu toplumyň önümçilik kuwwaty   ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge barabar bolar. Häzirki wagtda taslama –barlag işleriniň 70 göterimi ýerine ýetirildi. Toplum 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berler. 

Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygy dowam etdirilýär. Täze senagat toplumy “Türkmengaz” döwlet konserni we “Kawasaki” ýapon kompaniýasy hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň konsorsiumy tarapyndan bilelikde Owadandepede bina edilýär. Onuň çäklerinde dürli düzümleýin desgalar bina edilýär, tehniki üpjünçilik meseleleri çözülýär, zerur enjamlar taýýarlanylýar. Işgärleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar – türkmen talyplarynyň bir topary Ýaponiýada we Türkiýede okadylýar. Zawody 2018-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

Wise-premýer Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýurdumyzda kuwwatly gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň gurulmagy ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda örän möhüm ädim bolar diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, gazhimiýa pudagyny ösdürmek babatynda taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýlaşdyrmak, dünýä bazarynda uly islege eýe bolan önümleriň önümçiligini giňeltmek   boýunça wezipeleri çözmäge ýardam berer. 
Şunuň bilen birlikde daşary ýurt maýadarlarynyň gatnaşmagynda bina edilen iň häzirki zaman kärhanalar iri daşary ýut işewürliginiň dünýä derejesinde özüni jogapkärli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge barha artýan gyzyklanmasynyň subutnamasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere  bina edilýän gazhimiýa toplumlarynda, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda işleriň ýokary hilini  berk berjaý etmek babatynda anyk görkezmeleri berdi.    

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow ýurdumyzyň senagat kärhanalary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň binýadynda şu mesele bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap tehnologiýaly kärhanalaryň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän gaýtadan işleýän senagatynyň desgalarynyň ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlaryň önümçiligine gönükdirilendigini belledi. Ozal hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, täzelerini döretmek, önümçilige täzeçillikleri we usullary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni işjeň ulanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnama ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Milli Liderimiz degişli ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagy häzirki  döwrüň möhüm meselesidigini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň senagat kärhanalarynda işlejek hünärmenleri taýýarlamak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy   Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler hem-de onuň binagärlik keşbini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. 

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ähli etraplarynda abadanlaşdyryş işleriniň tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy bellenildi. Häkimlikler, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde, Aşgabady ähli babatda nusgalyk bagy-bossanlyga öwürmek boýunça anyk çäreler görülýär. 

Wise-premýer ýakyn geljekde türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana ibermek boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda işleri işjeňleşdirmek boýunça  görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagyna oňa gatnaşýan ýurtlar 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky  Ähtnamada  gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny nygtap, goňşy ýurtlaryň täze geljegi uly taslamany çalt durmuşa geçirmäge meýillidigini hem-de gyzyklanma bildirýändigini belledi. Sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlylygy üpjün etmek işinde bu taslama möhüm orun degişlidir. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak meseleleri barada aýdyp, wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşaýyş jaý toplumlaryny abadanlaşdyrmak, hususan-da,  binalaryň durkuny täzelemek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak barada anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 24-26-njy martda Aşgabat şäherinde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyryljak sergide daşary ýurt kompaniýalary bilen birlikde ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň 30-dan gowragy öz önümlerini görkezer. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna serginiň iş meýilnamasy hödürlenildi. Sergä gatnaşyjylar özleriniň tehnologiki mümkinçiliklerini görkezmäge, bu ulgamda häzirki zaman gazananlary hem-de innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga we täze hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik alar. 

Milli Liderimiziň garamagyna “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky”  Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, işlenip taýýarlanylan temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň işewür gatnaşyklary giňeltmäge, eksportuň möçberini artdyrmaga, onuň gerimini giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň bazarlarynda netijeli bäsdeşlik ýagdaýyny döretmäge ýardam etmelidigini nygtap, wise-premýere bu sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky Karara gol çekip, wise-premýere resminamanyň degişli düzümler tarapyndan ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi, bu ulgamda görülýän çärelere degişli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Milli bahar baýramçylygy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän medeni çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Mirasa sarpa goýmak. Watany özgertmek ýylynda taryhy asyrlara uzap gidýän Milli bahar baýramynyň özboluşly many-mazmuna eýe bolýandygy bellenildi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülikleýin medeni çäreleriň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Olarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmek ugrunda häzirki döwürde gazananlary öz beýanyny tapar. 

Gadymy döwürlerden bäri uly dabaralara beslenýän Nowruz baýramynyň halkara we medeni pelsepe ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu senäniň häzirki döwürde köpçülikleýin çäreleri utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Mili Liderimiziň aýdyşy ýaly, Halkara Nowruz baýramy ýer ýüzünde parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine dürli döwletleriň özara gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar we daşary ýurtlar, aýratyn-da, ýakyn goňşular bilen ynanyşmak, birek-birege düşünişmek we dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyny şertlendirýär. 

Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda baýramçylygyň medeni-köpçülik çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu baýramçylygyň halkymyzy beýik işlere, uly üstünliklere ruhlandyrmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bilen baglanşykly meýilnamalaýyn çäreler, milli Liderimiziň Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň 2016-njy ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen mejlisinde, Halkara synag ýaryşlaryny we Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlanan sport desgalarynda okuw türgenleşiklerini geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň 2016-njy ýylyň ýanwar aýynyň soňky ýekşenbesinde we fewral aýynda geçirilen mejlislerinde halkara synag ýaryşlaryny guramak we Olimpiýa şäherjiginiň taýýar bolan sport desgalarynda türgenlerimziň türgenleşiklerini geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garalandygy barada aýdyldy.

Şu ýylyň dowamynda halkara synag ýaryşlaryny geçirmegiň maksatnamasy barada aýtmak bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi. Hususan-da, taslama laýyklykda Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda sportuň alty görnüşi: sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, jiu-jitsu, tennis, ýeňil atletika we basketbol boýunça synag ýaryşlaryny geçirmek teklip edilýär.

Aşgabat şähernde halkara synag ýaryşlaryny geçirmek hakyndaky Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginde gurlan desgalaryň taýýarlyk derejesini gözden geçirmegi we ähli guramaçylyk meselelerini öwrenmegi tabşyrdy. Şonda daşary ýurtly wekiliýetleri garşylamakdan başlap, bäsleşikleriň möhletlerine çenli ähli pursatlar göz öňünde tutulmalydyr. Sport ýaryşlaryna hyzmat etmekde, olaryň maglumat üpjünçiligini ýola goýmakda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerii ulanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda geçiriljek ýaryşlary işjeň wagyz etmegiň, Türkmenistany iri  ýaryşlaryň we halkara derejesindäki bäsleşikleriň geçirilýän merkezine öwrülmegi üçin yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi we türkmen sportunyň dünýä giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabadyň Halkara howa menzilinde desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, uçarlara tehniki hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen tehniki merkezi, howa gatnawlary amala aşyrylanda ýolagçylara  hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen gullugyň binasynyň hem-de  dükanlaryň gurluşygy boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ony täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamanyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Içerki we halkara ugurlarda ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düşewüntliligini üpjün etjek çäreleriň birnäçesini kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere  howa menziliniň gurluşygy hem-de milli awiakompaniýanyň döwrebap howa gämileriniň üstüni ýetirmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri  R.Meredow  DIM-iň alyp barýan işi barada hasabat berip, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada aýtdy, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara guramalarynyň 44-siniň agzasy bolup durýar, Türkmenistanda halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň 15-si işleýär. Kabul edilen degişli maksatnamalar we meýilnamalar boýunça bu ugurda amala aşyrylýan işler hyzmatdaşlygyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň mysallarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň işini aýratyn bellemek gerek. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu ulgamda döwlet syýasatyny, şol sanda milli derejede halkara hukugynyň kadalaryny  durmuşa geçirmek maksady bilen, bu topar tarapyndan resminamalaryň birnäçesi taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyny görkezmek bolar. Ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, bu resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda öňe süren oňyn başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy, ol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. 

Biziň ýurdumyz Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Halkara ynsanperwer hukugy boýunça  Ženewa konwensiýalarynyň, bu ulgamda beýleki halkara şertnamalarynyň birnäçesiniň agzasy bolan Bitarap Türkmenistan olardan çykýan wezipeleriň çözgüdini tapmaga yzygiderli üns berýär. Şu maksatlar bilen, 2016-2017-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. 

Ýurdumyzyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen durnukly ösüş boýunça BMG-niň Sammitinde öňe sürlen möhüm ählumumy wezipeler boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen BMG-niň düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Pudagara topary BMG-niň Çagalar gaznasy hem-de BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde degişlilikde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň  2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça  maksatnamasynyň hereketler meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy   taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň geljekde hem abraýly halkara guramalary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi ugur edinýändigini belledi, olar bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanyldy, dürli ulgamlarda bilelikdäki maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi we amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň milli bähbitlerine,şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň  bähbitlerine laýyk gelýän bu hyzmatdaşlyk has netijeli häsiýete eýe boldy we hil taýdan täze derejä çykaryldy. 

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyny nygtady. Muňa şeýle hem Türkmenistanyň oňyn başlangyçlary, şol sanda BMG-niň belent münberinden yglan edilen başlangyçlar ýardam eder diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary, şol sanda halkara guramalary bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   ýurdumyzyň binýatlaýyn halkara ylalaşyklaryna goşulyşmak bilen olary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin netijeli çäreleri geçirýändigini nygtap, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýändigini belledi hem-de Türkmenistanda 2016-2018-nji ýyllar üçin adam söwdasyna garşy hereketleriň Milli meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz 16-17-nji mart aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyň jemlerine degip geçmek bilen, hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek babatynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möhümdigini belledi. Yslamabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-pakistan gepleşikleriniň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary anyklaşdyryldy, iri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, munuň üçin bolsa ýeterlik şertler bar, olary aňrybaş derejede herekete girizmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, şunda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge ägirt uly ähmiýet berilýändigini belläp, şeýle hem ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Pakistan bu geljegi uly ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanmasyny beýan etdi, munuň özi ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi bilen hem, onuň sebit we ählumumy derejede multimodal ulag-kommunikasiýa düzümini kemala getirmekde öňdebaryjy orny eýeleýändigi bilen hem şertlendirilendir. 

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk barada  aýdylanda bolsa, pakistan tarapy   Türkmenistan bilen gaz gorlaryna eýe bolan dünýäniň kuwwatly döwleti hökmünde hyzmatdaşlyk etmek bilen çäklenmän, elektrik energiýasyny öndüriji iri ýurt hökmünde hem gatnaşyklara gyzyklanma bildirýär. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dostlukly Pakistan bilen deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzüne geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.  

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda ýerlerde alnyp barylýan işler,  her welaýatda dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler we welaýatlarda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň berjaý edilişi barada welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. 

Welaýatlaryň häkimleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, welaýatlaryň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, sebitleriň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. 

Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, ýylyň ähli paslynda dürli görnüşli gök önümleri ösdürip ýetişdirmekde wajyp bolan ýyladyşhanalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, häkimler  döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde ýyladyşhanalar toplumynyň gurluşygyna dahylly düzümler bilen bilelikde geçirilýän işler barada giňişleýin habar berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bu işlere toplumlaýyn we yzygiderli çemeleşmeleriň esasy şert bolup durýandygyny bellemek bilen, bu ugurda degişli düzümleriň utgaşykly işini ýola goýmagy tabşyrdy. 
Milli Liderimiz welýatlarda ýyladyşhana hojalygyny netijeli ösdürmegiň möhümdigini nygtap, welýat häkimlerine bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, gowaça, gök we bakja ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda keş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak we beýleki degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda tejribeli agronomlaryň, daýhanlaryň, kärendeçileriň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda tejribeli maslahatlary geçirilýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagaň meseleleri hakynda” we “Türkmenistanda pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň we gant şugundyrynyň önümçiligini maliýeleşdirmegiň we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlendi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize ýaz ekişiniň başlanjak senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň  beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýan, dolandyryş ulgamy kämilleşdirilýän oba senagat toplumyna aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz zähmetsöýer daýhanlaryň netijeli işlemegi, olaryň ýerden bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Daýhanlar döwrebap oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler we ýokary hilli tohumlar bilen doly derejede üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz indi ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilýändigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalar gurulýar. Olarda gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Oba zähmetkeşleri ykdysady ýeňilliklerden netijeli peýdalanýarlar. 

Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Edermen daýhandarymyz özleriniň netijeli zähmeti bilen oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredýärler, garaşsyz ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün edýärler. 

Häzir ýurdumyzyň pagtaçylary üçin jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişi gelip ýetdi. Bu çäräniň ýokary hilli geçirilişine geljekki hasylyň ykbaly baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu ugurda ähli agrotehniki kadalaryň we düzgünleriň berk berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezildentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ekişe 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda girişmek babatda ak pata bermek bilen, bu işleriň asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilmelidigini aýtdy we ýurdumyzyň babadaýhanlaryna uly üstünlikler arzuw etdi.

Milli Liderimiz döwlet goldawyndan netijeli peýdalanýan kärendeçileriň bol hasyl ösdürip ýetişdirjekdigine we täze zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna ynam bildirip, pagtaçylara we oba hojalyk pudagynda işleýän beýleki zähmetkeşlere berk jan saglyk, bagt, abadan durmuş, ruhubelentlik hem-de alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. 

Döwlet Baştutanymz “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakyndaky”  we “Türkmenistanda pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň we gant şugundyrynyň önümçiligini maliýeleşdirmegiň we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” Kararlara gol çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlameniň kanunçykaryjylyk işi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler  barada habar berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Onda döwletimiziň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilen täze kanunçylyk taslamalaryna garalar.

Milli Liderimiz Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň jemgyýetiň bähbitlerine laýyk gelmelidigini belläp, tutuş ilatyň bähbitlerini goramagyň, kanunçylyk taslamalarynda döwletimiziň durmuş ulgamyny beýan etmegiň  deputatlaryň esasy wezipeleridigini aýtdy.  

Soňra  Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri  Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol   döwlet Baştutanymyzyň garamagynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky Permanyň taslamasyny hödürledi.  

Milli Liderimiz kabul edilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň
ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmäge hyzmat edýändigini, Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmek üçin ähli şertleri döredýändigini, ýurdumyzy halkara giňişliginde öňdäki hatarlara çykarmaga ýardam edýändigini belledi. Milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmak, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak şol doktrinanyň möhüm wezipeleri bolup durýar. 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly  Gurbanguly Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky Permana hem-de degişli Buýruga gol çekip, şu resminamanyň berk berjaý edilmegi, şunuň bilen bagly çäreleriň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.      

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň ahyrynda oňa  gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanda her ýyl dabaraly bellenilýän Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhynyň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Nowruz adamzadyň umumy gazananlarydyr, onuň medeni mirasydyr. Bu gadymy baýramçylyk özünde baý durmuş tejribesini, nurana milli däpleri, dünýäniň halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Ata-babalarymyz Nowruz baýramyny joşgunly durmuşyň, ynsanperwerligiň we gözelligiň baýramy hökmünde uly dabara bilen giňden belläp geçipdirler. Häzirki döwürde bu baýram täze many-mazmuna eýe boldy. Nowruz baýramy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bütindünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde bu baýram dünýäniň köp ýurtlarynda giňden bellenýär. Halkara Nowruz baýramy halklary dost-doganlyga, asudalyga we agzybirlige çagyrýar. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we birek-birege hormat goýmak däplerini pugtalandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Ajaýyp bahar paslynda bellenýän Nowruz baýramy täze durmuşyň başlanýandygyny, tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Nowruzyň gelmegi bilen, oba hojalygynda daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan ildeşlerimiz üçin örän jogapkärli we gyzgalaňly döwür başlanýandygyny, sahawatly türkmen topragynyň berekediniň has-da artmagy dileg edilip, täze hasylyň düýbi tutulýandygyny aýtdy. Milli mirasymyz bolan Nowruz baýramyny biz şu ýyl – Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem «Nowruz ýaýlasynda» we ähli welaýatlarda uly dabaralara besläp giňden belläp geçeris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän dabara mynasybetli halkymyza özüniň baýramçylyk sowgadyny – “Çaý-melhem hem ylham” atly kitabyny taýýarlandygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  öz egindeşlerini we tutuş Türkmenistanyň halkyny Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ýurdumyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez rysgal-döwlet, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözütler kabul edildi. 

Degişli makalalar

Prezidentimiziň Pakistana Resmi Sapary

syrach

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2011” atly halkara Ýarmarkasy

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi