Öz döwrüniň görnükli wekili, medeni we ruhy gymmatlyklary ajaýyp dowam etdiriji Magtymguly Pyragy dünýäniň edebiýat äleminde meşhur şahsyýetleriň biridir. Akyldaryň eserleriniň täsiri we ähmiýeti taryhy çäklerden hem, milli çäklerden hem çykýar. Türkmen topragynyň ajaýyp aýdymçysy, beýik ynsanperwer şahyryň saýlanan eserleriniň täze neşiriniň çapdan çykmagy soňky ýyllarda giňelýän iki dostlukly halklaryň däp bolan ruhy-medeni gatnaşyklarynyň ösýändigine şaýatlyk edýär. Ýokary çaphana derejesinde çap edilen täze neşiriň ilkinji sahypalarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň suratlary hem-de aýdan paýhasly sözleri ýerleşdirilipdir. Döwletleriň Liderleriniň aýdan sözleri gadymy wagtlardan bäri taryhy we medeni kökleriniň umumylygy bilen baglanyşykly bolan iki doganlyk halklaryň täze taryhy eýýamda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny depginli ösdürmäge çalyşýandygyny beýan edýär. Iki doganlyk ýurduň Prezidentleriniň duşuşyklarynda bellenilişi ýaly, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmegiň hil taýdan täze tapgyrynyň başy başlandy. Döwlet Baştutanlarynyň bolup geçen saparlary iki tarapyň hem köpugurly, özara peýdaly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady. Häzirki wagtda döwletara türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi diňe bir söwda-ykdysady ulgamynda giň möçberli bilelikdäki taslamalarda däl, eýsem gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmekde, doganlyk halklaryň arasyndaky ruhy gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem öz beýanyny tapýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň bilim, ylym we medeniýet babatda özara gatnaşyklar hakynda ylalaşyk gazanmagy munuň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanlarynyň işiniň hut şu ugruna iki ýurduň alymlary tarapyndan ýokary baha berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bakuwyň döwlet uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen at dakyldy, Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanyna bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hormatly professorynyň diplomy gowşuryldy. 2009-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçen Azerbaýjanyň Medeniýet günleri we şu ýylyň noýabrynda Azerbaýjanda uly üstünlik bilen geçen Türkmenistanyň Medeniýet günleri türkmen-azerbaýjan gumanitar hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmegiň hoşniýetli wakalary boldy. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biriniň saýlanan eserleriniň azerbaýjan dilindäki täze şahyrana ýygyndysyny düýpli giriş makalasy açýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik türkmen şahyrlarynyň, alymlarynyň we akyldarlarynyň döredijiliginiň dünýä ylmyny hem-de medeniýetini ösdürmekdäki ähmiýeti hakynda aýdan sözleri şol makalanyň başyny başlaýar. Onda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijilik ýoly hakynda hem gürrüň berilýär, onuň şahyrana döredijiligi seljerilýär. Ýygyndyny şahyryň meşhur goşgularynyň biri bolan, Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň agzybirliginiň belent şahyrana senasyna öwrülen «Türkmeniň» diýen goşgusy açýar. Baku döwlet uniwersitetiniň professory, meşhur azerbaýjan terjimeçisi Ramiz Asker Magtymgulynyň eserlerini azerbaýjan diline terjime etdi. Professor Ramiz Askeriň şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşiginiň türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini doganlyk azerbaýjan halkynyň diline terjime edendigi üçin ýeňijileriniň hatarynda bolandygyny hem ýatlap geçmek gerek. Magtymgulynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy genji-hazynasynyň, onuň öz köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýetiniň ähmiýetli hem-de aýrylmaz bölegidir. Türkmen nusgawy şahyrynyň goşgulary täze Galkynyş eýýamynda ruhy, ahlak, estetiki taýdan terbiýelemegiň öz ýokary maksadyny we belent wezipesini ýerine ýetirýär. Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna giren eserleri häzirki wagtda adamlaryň kalbynda belent duýgulary oýarmak bilen dünýäniň ençeme dillerinde ýaňlanýar. Gürrüňsiz suratda çeper sözüň ykrar edilen ussatlarynyň diňe bir Watanymyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetine hem buýsanç we şöhrat getiren edebi mirasynyň gaýtadan neşir edilmegi täze döwrüň, täze milli Galkynyş eýýamynyň aýdyň alamatydyr, medeni däpleriň dowam etdirilmegi täze zamananyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Täze kitabyň Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň giňden gatnaşmagynda 17-nji dekabrda Azerbaýjanyň milli kitaphanasynda bolan tanyşdyryş çäresinde beýik Magtymgulynyň eserleriniň azerbaýjan neşiriniň iki halkyň netijeli ylmy we medeni gatnaşyklaryny giňeltmekdäki ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm