17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Halkara Guramalary Bilen Hyzmatdaşlyk Boýunça Resminamalar Taýýarlanyldy

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny, şol sanda milli derejede halkara hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara topary tarapyndan resminamalaryň birnäçesi taýýarlanyp, 2016-njy ýylyň 18-nji martynda geçirlen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödür edildi.

 

Olaryň hatarynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyny görkezmek bolar. Esasy halkara resminamalaryna goşulmak bilen, biziň ýurdumyz olaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli ädimleri amala aşyrýandygyny we öz üstüne alan borçlaryny ygrarlydygyny belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2016-2018-nji ýyllar üçin adam söwdasyna garşy hereketleriň Milli meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi we ony ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Halkara ynsanperwer hukugy boýunça Ženewa konwensiýalarynyň, bu ulgamda beýleki halkara şertnamalarynyň birnäçesiniň agzasy bolup, Bitarap Türkmenistan olardan çykýan wezipeleriň çözgüdini tapmaga yzygiderli üns berýär. Şu maksatlar bilen, 2016-2017-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän möhüm ählumumy wezipeler boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen BMG-niň düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Pudagara topary BMG-niň Çagalar gaznasy hem-de BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde degişlilikde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň hereketler meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy taýýarlanyldy.

       Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti görkezilen hereketleriň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Ýokarda agzalan resminamalaryň taýýarlanmagy Türkmenistanyň halkara gurşawyndaky borçlanlanmalaryna ygrarlylygyny ýene-de bir gezek görkezýär we olary amaly taýdan durmuşa geçirmeklige ýurduň düýpli çemeleşmesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Degişli makalalar

Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň Adatdan Daşary Duşuşygy

Türkmenistan we BMG Uzakmöhletleýin Hyzmatdaşlyga Ygrarlydyrlar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach