Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Hereketleriň milli meýilnamasy– adam söwdasyna garşy göreşmäge toplumlaýyn çemeleşme” atly “tegelek stoluň” başynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde, şeýle hem ABŞ-yň Döwlet departamentiniň ýanyndaky neşelere garşy göreşmek we hukuk goraýyş işi boýunça halkara býurosynyň ýardam bermeginde guraldy.
Duşuşyga gatnaşmak üçin Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň baş edarasynyň /Ženewa, Şweýsariýa/ bosgunlara kömek bermek boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ann Nguen, ÝHHG-niň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça ýörite wekili, Ilçi Madina Jarbusynowa /Wena ş., Awstriýa/, şeýle hem Belarus Respublikasynyň IIM-niň wekili Wladimir Ýemelýanow çagyryldy. Foruma gatnaşyjylaryň arasynda, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, ýurdumyzda resmi taýdan işleýän iri halkara guramalarynyň—BMG-niň we onuň Neşe serişdelerine hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň, ÝHHG-niň, ÝB-niň, USAID-iň we beýlekileriň wekilleri bar. Türkmen tarapyndan oňa DIM-niň wekilleri, düzümine Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri girýän adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň agzalary gatnaşdylar.
“Tegelek stoluň” başyndaky ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleri Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 18-nji martda geçirilen bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak, döwrüň howply wehimlerine garşy hereket etmek ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmek maksady bilen, degişli karara gol çekdi, oňa laýyklykda, degişli işleri utgaşdyrmak Pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.
Dünýä jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasy bolan Türkmenistan parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek meselelerini düzgünleşdirýän binýatlaýyn halkara ylalaşyklarynyň birnäçesine goşuldy hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna eýerýär. Ýurdumyz ynsanperwerligiň, demokratik ösüşiň we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň belent maksatlaryna ygrarlydygyny görkezip, döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli hereketleri pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.
Türkmenistanyň BMG-niň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy durmak baradaky Konwensiýasyna goşulmagy, bu resminamanyň üstüni ýetirýän adam söwdasyny, aýratyn-da, aýallaryň hem-de çagalaryň söwdasyny öňünde duýdurmak we onuň öňüni almak hem-de munuň üçin jeza bermek hakyndaky Teswirnama goşulmagy muňa aýdyň subutnamadyr. Şol Teswirnama bu ugurdaky tagallalary birleşdirmekde esasy halkara guraly bolup durýar. Ýurdumyzda “Adam söwdasyna garşy göreşmek hakynda” we “Migrasiýa hakynda” Kanunlar kabul edildi, Türkmenistanyň Jenaýat kodesine degişli üýtgetmeler girizildi, kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, milli hukuk ulgamyny halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan netijeli syýasaty durmuşa geçirýär. Abraýly halkara guramalary, şol sanda adam hukuklary we ynsenperwer hukugy babatda halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, özüni ählumumy oňyn işlere işjeň gatnaşyjy hökmünde görkezýär. Muňa milli Liderimiziň ählumumy abadançylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hem-de halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary aýdyň subutnamadyr.
Duşuşygyň barşynda adam söwdasynyň umumydünýä möçberli meseledigi, şahsyýetiň, abraý-mertebäniň hem-de adam hukuklarynyň garşysyna elhenç jenaýatçylykdygy bellenildi. Bu ýagdaýlar şoňa duçar bolanlara ruhy we beden taýdan örän güýçli zeper ýetirip, düýpli ýaramaz täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň adam söwdasyna garşy hereket etmäge dünýä möçberindäki toplumlaýyn çemeleşme hem-de bu ugurda Ýewropa ýurtlarynyň tejribesi, şol sanda Hereketleriň milli meýilnamasyny utgaşdyrmak, gözegçilik etmek we hasabatlylyk boýunça tejribesi gyzyklanma bildirilýän meselä öwrüldi.
Şunda Hereketleriň milli meýilnamasynyň bu ulgamda degişli işleri utgaşdyrmak üçin wajyp gural hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşandydgy nygtaldy.
“Tegelek stoluň” başyndaky duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de onuň iň howply görnüşleriniň biri bolan adam söwdasyna garşy göreşmek, häzirki zamanda adamzady örän uly alada goýýan bu örän howply meseläni aradan aýyrmak boýunça netijeli serişdeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen halkara özara hereketleri mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.