17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda göniarassalaýyşdan geçirilen benzini Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Singapurdan gelen täjirler satyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewürler toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna pagta ýagy, tüýjümek önümler, flanel matasy, nah ýüplük ýerlenildi, olary  Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan gelen işewürler satyn aldylar.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 956 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine ABŞ-dan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan we beýlekilerden  gelen täjirler jemi bahasy 8 million 230 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi, çig ýagly kislotany satyn aldylar.

Degişli makalalar

SA Interbudmontaž Kompaniýasynyň Hünärmenleri Aşgabatda Drenaž Aragatnaşyk Tonneliniň Gurluşygyny Tamamladylar

turkmenhabargullugy

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2019-njy Ýyl: Gurluşyk we Elektroenergetika

turkmenhabargullugy

Lebap: gazy gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklary artýar

syrach