28-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň miili goşunymyzyň harby bölümlerini söweşjeň taýýarlyk derejesine getirip, görkezme söweş-taktiki tälim beriş türgenleşigini geçirmek barada beren buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň Milli goşunynyň düzümleriniň gatnaşmagynda bu çäre dowam etdi.
Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek boýunça guralýan çäreleriň üçünji tapgyry Ýaragiy Güýçleriň Daşoguz, Türkmenabat, Atamyrat, Serhetabat, Mary, Kelete, Bereket, Türkmenbaşy okuw merkezlerinde geçirildi. Söweşjeň bölümler gije we gündiz ot açyş çärelerini geçirip, ýokary söweşjeň ukybyny, harby gullukçylaryň ussatslyk derejesini, parahatçylykly maksada gulluk edýän Milli goşunyň kuwwatyny we goranyş mümkinçiliklerini görkeşdi.
Söweşjeň okuw türgenleşik hereketlerinde gury ýerde esasy urgy güýjüni ýerine ýetirýän tank birikmeleri söweşjeň ýagdaýda agdyklygy gazanmakda örän ähmiýetl bolup durýar. Ot açyşlaryň dowamynda tankly bölümler 125 milli metrlik tank topundan we pulemýotlaryndan ýekelikde hem-de goşun bölümleriniň düzümlerinde bilelikde ot açyşlary amala aşyrdylar. Guryýer goşunlarynyň kuwwatly söweş tehnikasy bolan tanklar okuw-türgenleşik çäresiniň barşynda rotanyň düzüminde uzak aralyklara jemlenme ot açyşy ýerine ýetirmek boýunça sazlaşykly hereket etdiler. Şunlukda, esgerler nyşana dogry urmagy başardylar.
Goşun bölümleriniň motoatyjylary öz ygtyýarynda bar bolan pyýada goşunyň söweş tehnikalarynyň 82 we 120 milli metrlik minamýotlaryndan, SPG-9, AGS-17, RPG-7 granatamýotlardan amaly atyşlary geçirdiler. Şeýle hem olar awiasiýanyň, artilleriýa bölümleriniň goldamagynda söweş alyp barmagyň bilelikdäki taktiki usullaryny özleşdirdiler.
Söweşjeň ýagdaýda çylşyrymly hasaplanýan awiasiýanyň, artelleriýa bölümleriniň goldamagynda söweş alyp barmagyň bilelikdäki usullary özleşdirilýär. Bu çäreleri amala aşyrmagyň barşynda umumy goşun serkerdelerinden we şahsy düzümlerinden ot açyşyň we söweşjeň hereketleriň örän takyk sazlaşygyny talap edýär. Şeýle ýokary talaplaryň berk berjaý edilmegi umumygoşun söweşinde üstünlik gazanmagyň esasy özeni bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, olar Turkmenistanyň deňiz çäkleriniň we guryýer serhediniň howa giňişligini ygtybarly goraýar.
Okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň Su-25, Mig-29 kysymly söweşjeň uçarlary we Mi-17 kysymly dikuçarlary saýgarmasy kyn bolan şertlerde çylşyrymly uçuşlary amala aşyryp, gijeki ot açyşlary ýerine ýetirdiler. Söweş toplumy bilen ýaraglanan uçarlar howadan hüjüm edip, bellenen nyşanalara tarap urgy etdiler hem-de nyşanalara dürs urmak
endiklerini kämilleşdirdiler. Bu jogapkärli wezipäniň ýerine ýetirilmegi üçin ýokary derejeli hünär ussatlygy, yzygiderli taýýarlyk we şahsy düzümiň söweşjeň kämilligi zerur bolup durýar. Ýurdumyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün edýän bu söweşjeň uçarlar gijeki şertlerde hem nyşanalara urgulary ussatlyk we ýokary takyklyk bilen amala aşyrdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň gulluklarynyň kämillik derejesi ýokarlandy. Ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň bölümlerinde gulluk edýänler beýleki goşun bölümleri bilen bir hatarda Watanymyzsyň hazar giňişligindäki çäklerini ygtybarly goraýarlar, döwletimiziň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýärler. olar döredilýän şertler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň tassyk edilen maksatnamasynyň çäklerinde harby-deňiz bölümlerine döwlet tarapyndan uly üns berilýär, harby flotuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Harby-deňiz güýçleriniň we serhet gullugynyň gämiler topary deňiz türgenleşik tapgyrynda söweşjeň gullugy ýokary derejede guramak, söweşjeň gämileriň artilleriýa toplumlaryndan dürli deňiz nyşanalaryna ot açmak, gämini howa urgularyndan goramak, howa nyşanalaryny ýok etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirdiler. Şeýle hem gämileriň şahsy düzümi deňizde halas ediş işlerini geçirmek, gämide ýangyn döremegine we onuň suw almagyna garşy göreşmek boýunça türgenleşik çäreleri ýaýbaňlandyrdylar.
Harby-deňiz güýçleriniň deňiz-pyýada birikmesi deňiz desantyny düşürmek, şertli garşydaşyň kenarda düşüren deňiz desant goşunlary bilen söweş hereketlerini alyp barmak, deňizdäki nyşanalary ýok etmek boýunça çylşyrymly okuw-söweşjeň türgenleşigini geçirdiler.
Okuw tergenlişiginiň barşynda söweşjeň wezipäni birkemsiz ýerine ýetirip, Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleri Watanymyzyň deňiz çäkleriniň ygtybarly goragyny, harby deňizçileriň netijeli gulluklaryny aýan etdiler. Olar häzirki döwürde iň häzirkizaman harby-deňiz tehnikalaryna, enjamlaryna ussailyk bilen erk edip, öz hünär başarnyklaryny kämilleşdirýärler.
Artilleriýa bölümleri ot açmaklygyň uly kuwwatyna, anyklygyna we has uly çuňlukda garşydaşyň wajyp desgalaryna gysga wagtda ot açmaga ukyplydyr. Raketa goşunlary we artilleriýanyň toplary, reaktiw soweş tehnikalary gije we gündiz uzak aralykdaky nyşanalara urgy etdiler. Topçy esgerler söweşjeň ussatlyklaryny görkezdiler.
Harby-taktiki okuw türgenleşiginiň maksatlaryna laýyklykda, harby gullukçylar garşydaşlaryň ýykgynçy toparlaryny ýaragsyzlandyrmak we ýok etmek babatda öz hünär ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ýörrite maksatly düzümleri sazlaşykly hereketleri bilen tapawutlanyp ýykgynçylykly toparlara berk gaýtawul bermäge bolan ukybyny nobatdaky gezek äşgär etdiler.
Söweşjeň okuw ��”türgenleşik çäresiniň barşynda Inžener goşunlarynyň şahsy düzümi päsgelçilikleri gurnamak, şertli garşydaşyň hereketlerine bökdençlik döretmek we ponton köprülerini gurnamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirdiler.
Şeýlelikde, ýurduimyzyň Ýaragly Güýçleri öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirip, goşunyň ähli bölümleriniň ýokary söweşjeň taýýarlygyny, Watanymyzyň mukaddes çäklerini, halkymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny berk goraýan harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny has aýdyňlygy bilen görkezdi.
Merdana Watan goragçylary özleriniň sazlaşykly hereketleri bilen asman we deňiz giňişliginde häzirkizaman uçarlaryna, gämilere gurýyýr goşunlarynyň kuwwatly harby tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edip, özleriniň söweşjeň ukybyny yzygiderli ýokarlandyrýandyklaryny, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatlyklaryny artdyrýandyklaryny äşgär etdiler.
Häzirki wagtda milli goşunymyzyň okuw merkezlerinde görkezme söweş-taktiki tälim beriş türgenleşigi dowam edýär.