6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Daşoguzly Pagtaçylar Gowaça Ekişine Girişdiler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaçа ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertleri nazarda tutulyp, ekiş möwsümine ýurdumyzyň beýleki welýatlaryndaka garanyňda biraz gijiräk badalga berilýär. 

Asyly däbe görä, ekiş möwsümine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan mähriban Watanymyzyň rowaçlygyny, türkmen halkynyň abadançylygyny milli Liderimiiz Gurblanguly Bekrdimuhamedowyň asylly işleriniň rowaç almagyny dileg edip, topraga ilkinji tohumlary taşladylar. Soňra olar mehanizatorlara orun berdiler. 

Demirgazyk welaýatda gowaça ekmek üçin 140 müň gektar ýer bölünip berildi. Pagtaçylar şunça möçblerdäki meýdandan “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Welaýatyň ekerançylary “149F”, “S-4727”, “Daşoguz-120” we “Serdar” ýaly orta süýümli pagtany ekýärler. 

Daşoguzlylar ekiş möwsümini ýokary hilli we bellenilen möhletlerde geçirmegi meýilleşdirdiler. Meýdan işleriniň anyk we bökdençsiz alnyp barylmagy, degişli agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilmegi dürli görnüşli ekiji gurallaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegi möwsümiň guramaçylsykly geçirilmegini şertlendirer. 

Ekiş möwsümi mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we ýurdumyzyň obasenagat toplumlarynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatyň aýdym-saz, tans hem-de folklor toparlary pagtaçylar üçin aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Degişli makalalar

Uzynada: Nobatdaky Guýudan Gazyň Senagat Akymy Alyndy

Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Duşuşyk Geçirdi we Halkara Gatnaşyklary Institutynda Sapak Berip, Çykyş Etdi

Türkmenistanda Maýyp Adamlara Niýetlenen Mugt Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşygyna Badalga Berildi