Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda hökümetleriň derejesinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralan türkmen-rus işewürler maslahaty geçirildi. Indi altynjy gezek geçirilýän duşuşygyň baş maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, özara gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny kesgitlemekden, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.
Türkmen tarapyndan bu foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň hatarynda döwlet düzümleriniň, Nižgorod we Astrahan oblastlarynyň dolandyryş ulgamlarynyň, iri kärhanalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça işleýän kompaniýalaryň 60-dan gowragynyň ýolbaşçylary, şeýle hem söwda we maýa goýuma goldaw bermek baradaky Ýokary derejedäki toparyň agzalary bar.
Duşuşykda çykyş edenler türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär we olar deňhukukly hem-de uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky birek-birege düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklary, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlara hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk täze derejä çykarmaga bolan taýýarlygy gatnaşyklary ösdürmeginde möhüm şert bolup durýar. Bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine goldaw berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Russiýanyň wekiliýetiniň agazalary nobatdaky işewür duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, türkmen-rus ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegi strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagynda möhüm orun eýeleýär. Dürli derejedäki yzygiderli gatnaşyklar, baglaşylan ikitaraplaýyn şertnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada, Orýol we Astrahan oblastlarynda geçirilen işewürlik maslahatlaryna gatnaşdy. Ýakynda bolsa Ýekaterinburg şäherinde türkmen-rus ykdysady forumy geçirildi. Onuň barşynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlendi.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bolan Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulýandygyny bellemeli. Häzirki döwürde Türkmenistanda Russiýanyň maýa goýum serişdeleriniň gatnaşmagynda hojalyk düzümleriniň 190-sy we 200-den gowrak bilelikdäki taslamalar hasaba alyndy. Russiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň senagat pudagynyň, gurluşyk we ulag ulgamlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda “Wozroždeniýe”, “KAMAZ”, “ARETI”, “Zarubežneft” kompaniýalary we “Sibir” awia kompaniýasy bar.
Haryt dolanyşygynyň görkezijileri gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Soňky ýyllarda Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna iberilýän önümleriň sanawynyň has artandygyny aýratyn bellemeli.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkemeginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Bu toparyň çäklerinde döredilen täze düzümiň–söwda we maýa goýum işine goldaw bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, foruma gatnaşyjylar onuň işiniň taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny ýokary derejä ýetirmäge we gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek üçin täze usullary işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigini bellediler.
Döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, çykyş edenler häzirki döwürde Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän hem-de daşary ýurt maýasy üçin oňyn şertleri döredýän döwlete öwrülendigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil usullara we ýörelgelere daýanýan milli ykdysady syýasaty ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulmagy üçin zerur şertleri emele getirýär. Toplumlaýyn çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi netijesinde Türkmenistanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depgini saklanýar, senagat önümleriniň önümçilik möçberleri, daşary söwda dolanyşygy ýokarlanýar, içerki bazarda harytlara we hyzmatlara bolan bahalaryň durnuklylygy duýulýar, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň mukdary artýar.
Türkmenistanyň öňdebaryjy ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň çykyşlarynda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini äşgär edýän anyk maglumatlar aýdyldy. Hususan-da, oýlanyşykly maýa goýum syýasaty, dolandyryş guramalarynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly işi netijesinde 2015-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginleri saklandy. Häzirki döwürde bu makroykdysady görkeziji 106,5 göterime deňdir.
Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzda senagat ulgamynyň köpugurly esasda ösdürilmegine, degişli düzümiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna we önümçiligiň ylmy esasda ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnama täze mümkinçilikleriň döremegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-rus gatnaşyklaryny ähli ulgamlarynda, şol sanda maşyngurluşyk we gämigurluşyk pudaklarynda, ýangyç-energetika toplumynda, energetika we himiýa senagatynda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Ýurdumyz geografiki we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegini nazara alyp, ulag ulgamynda iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär we durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasynda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde we Hazar basseýinde gyzyklanma bildirilýän taraplar üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş we yklym ähmiýetli iri energetika hem-de ulag-üstaşyr geçelgesi bolup durýandygyny bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Gurluşyk we dokma pudagy ýaly ulgamlar özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem daşary syýasat işiniň institutlarynyň ulgamy boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegi barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we rus önüm öndürijileriniň önümleriniň Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň bazarlaryna iberilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň meseleleri çykyşlaryň esasyny düzdi.
Obasenagat toplumy özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler degişli önümçilik düzümleriniň köpeldilmegini, azyk bolçulygynyň döredilmegini, sarp ediş bazarlarynyň dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilmegini nazarlaýar. Şunlukda, hususy pudagyň mümkinçilikleriniň, şol sanda olaryň önümleriniň eksport edilmeginiň mümkinçilikleriniň has doly derejede herekete girizilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr.
Milli Liderimiziň kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermek baradaky başlangyjy we ýörelgesi netijesinde bu pudak yzygiderli ösdürilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýurdumyzyň telekeçiligini höweslendirmek hem-de ösdürmek ugrunda oňyn şertler döredilýär. Karzlaşdyryş ulgamynyň möçberleri giňeldildi, kiçi we orta işewürlik düzümleriniň wekilleri üçin ýeňillikli karz ulgamlary açyldy, amatly salgyt syýasaty durmuşa geçirilýär.
Russiýanyň wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlarynda Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň häzirki döwürde ykdysayd ösüşiň ýoekary görkezijilerine eýe bolýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalary tassyklandy. Dostlukly ýurduň işewürleri giň möçberli milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardyklaryny belläp, dürli ulgamlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdüler.
Forumda bellenilişi ýaly, bitaraplyk syýasaty, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk tebigy serişdeleriň baý gorlary, amatly geografiki ýagdaý, ykdysady ösüşiň ýokary depginleri, döwrebap hukuk ulgamynyň bolmagy Türkmenistanyň halkara giňişliginde ynamly gadam urmagyny, ähli döwletler bilen deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmagyny şertlendirýän anyk ýagdaýlardyr.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu forumyň iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň wekilleriniň netijeli pikir alyşmak üçin bähbitli meýdança öwrülendigini bellediler we munuň netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Bu ýerde oturdylan monitorlarda görkezilen wideofilmler Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanýandygyny we Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri beýan etdi.
Işewürlik maslahatynyň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda resminamalara gol çekmek çäresi boldy. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýalarynyň kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen täze iri möçberli taslamalara gatnaşmaga bolan mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäklerinde paýtagtymyzdaky “Çandybil” söwda merkezinde ýöriteleşdirilen sergi guraldy. Onda Russiýanyň iri “Bazowyý Element” köpgururly senagat toparynyň düzümine girýän “Gruppy GAZ” düzüminiň önümçiligine degişli bolan ulag serişdeleri görkezildi. Bu kompanýia ýeňil we agyr ýük göterýän awtoulaglary, awtobuslary, dürli gulluklara niýetlenen ýörite tehnikalary öndürýär.
***
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde döredilen Söwda we maýa goýum işine goldaw bermek boýunça ýokary derejeldäki toparyň ilkinji mejlisi geçirildi.
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda wekiliýetleriň agzalary döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary tassyk etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki köpugurly tagallalar boýunça anyk çäreleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Onda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ykdysadyýetiň we maliýe-maýa goýum işiniň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.
soňky habar