Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylar bilen bilelikde ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanynda we Ylham çeperçilik-seýilgäh toplumynda Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşdy.
Şu ýyl Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdança giň gerimli Täze ýyl dabaralarynyň merkezi boldy. Şol ýerde ýurdumyzyň owadan bezelen iň beýik arçasy oturdyldy we hakyky ertekiler şäherjigi emele geldi. Häzirki wagtda bu ýerde hakykatdan hem baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Bu täsin şäherjigiň ýaş ýurt eýeleriniň myhmanlary köp, olaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary bar.
Milletiň Lideriniň başlangyjy bilen şu ýylyň ýazynda durky täzelenen Döwlet sirki çagalaryň köp barýan we söýgüli ýerleriniň biri bolmak bilen, tomaşaçylaryň öňünde öz gapylaryny giňden açdy. Sirkiň sahnasynda ýurdumyzyň hem, daşary ýurtlaryň hem belli artistleri çykyş edýärler. Häzirki wagtda baýramçylyk lybasyna beslenen sirkiň binasy we onuň töweregindäki meýdança aýratyn owadan keşbe girdi. Olar dürli yşykly çyralara çümüp älemgoşaryň ähli öwüşginleri bilen şugla saçýar, şol çyralar köp sanly täze ýyl arçalarynda nur saçýar, owadan sahnany, daragtlary we tutuş meýdançany bezeýär.
Çagalar özleriniň belent mertebeli myhmany we hoşniýetli dosty bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk we tolgunmak bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutany asylly däbe görä, her ýyl täze ýylyň öňüsyrasyndaky günleriň şatlygyny ýaş türkmenistanlylar bilen paýlaşýar, özüne mahsus hoşniýetli gujur-gaýrat we joşgunlylyk bilen ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanynda şadyýan Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşýar.
Uzak garaşdyrylan pursat gelip ýetýär—döwlet Baştutanynyň awtomobili meýdançanyň öňüne gelip durýar. Owadan lybasdaky gyzjagazlar milletiň Liderine ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Bezemen çagalar milletiň Liderini şadyýan, şowhunly gutlag sözleri bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutany çagalaryň ugratmagynda dürli öwüşginli şarlar, owadan girlnýadlar, şuglaly çyralar, lowurdaýan dürli lentalar we arça oýnawaçlary bilen bezelen baky gök öwsüp oturan 33 metrlik owadan arça tarap ugraýar. Bu ýerde ýaş başarjaňlaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlanýar, tanslar ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutany Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň hemmesi bilen mähirli salamlaşýar.
Aýazbaba we Garpamyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa baýramçylyk gutlaglary we hoşniýetli arzuwlar bilen ýüzlenýärler. Mälim bolşy ýaly, Täze ýyl dabaralary şolarsyz bolmaýar. Olar ýaş türkmenistanlylaryň adyndan çagalar hakynda ýadawsyz alada edýändigi, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirýärler.
Türkmenistanda çagalar durmuşyň güli hasaplanýar we olaryň Watanymyzyň geljegidigi hakykatdyr. Türkmenler asyrlar boýy ähli oňat zatlaryny çagalara bagyşlap, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge çalyşýarlar. Täze Galkynyş eýýamynda ýaş türkmenistanlylaryň sazlaşykly terbiýelenmegi we bilim almagy hakyndaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Milletiň Lideri şol wezipeleri çözmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda gurlan hem-de gurulýan häzirki zaman, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, ajaýyp sagaldyş edaralary, lukmançylyk merkezleri, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, teatrlar hem-de medeni – dynç alyş merkezleri munuň aýdyň tassyknamasydyr. Ýaş türkmenistanlylaryň iň ýokary halkara ülňüleriniň derejesinde bilime aralaşmagyny üpjün etjek milli bilim ulgamyny özgertmegiň ýokary depginleri güýç alýar.
Eýýäm birnäçe ýyldan soň biziň paýtagtymyz üsti ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny kabul eder we ýurdumyzda biziň ösüp gelýän ýaş neslimiziň sport, bilim, ylym we medeniýet ulgamynda täze üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna we BMG-niň eneligi hem-de çagalygy goramaga gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalaryna goşulmak bilen öz üstüne kabul eden borçnamalaryna ygrarlydygyny dünýä bileleşigine görkezip gelýär.
Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada bolsa ajaýyp Täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlanýar, şygyrlar, şadyýan aýdymlar ýaňlanýar, çagalar özüne çekiji tanslary ýerine ýetirýärler. Paýtagtymyzyň meşhur çagalar toparlary Täze ýyla özleriniň baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar.
Elbetde, owadan arçanyň töwereginde köpçülikleýin Täze ýyla bagyşlanylyp aýlanylmagy baýramçylygyň ajaýyp wakasy boldy. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň haýyşyna seslenip, olar bilen hemmeler tarapyndan söýülýän baýramçylygyň şowhunyny hem-de şatlygyny paýlaşyp, arçanyň daşynda aýlanýan çagalara uly höwes bilen goşuldy.
Milletiň Lideri çagalary ýene-de bir gezek Täze ýyl bilen gutlady, ýaş türkmenistanlylara berk jan saglyk, bagt we arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Çagalara ägirt uly şatlyk getirmek bilen, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, Ylham seýilgähinde Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşmak üçin ýaş türkmenistanlylar bilen şol ýere ugraýar.
Seýilgäh toplumyna barýan ýoluň ähli ugry boýunça milletiň Liderini aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň köp sanly myhmanlary, döredijilik toparlary mübärekleýärler, aýdym-saz belent ýaňlanýar, baýramçylyk aýdymlary we tanslary ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça türkmen paýtagtynyň taryhy merkezinde döredilen hem-de öz ruhubelent döredijiligi, görnükli ylmy açyşlary bilen türkmen topragyna şöhrat getiren hem-de dünýäniň ylmy we çeperçilik mirasynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan beýik şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdiren täze seýilgäh toplumy çagalaryň gatnaşmagy bilen iri çäreleriň, şol sanda şadyýan Täze ýyl baýramçylyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigi guwançlydyr.
Biziň her birimiz üçin Täze ýyl arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr, şadyýanlykdyr hem-de geljek üçin meýilnamalardyr. Täze ýyl baýramçylyklarynyň esasy nyşany bolan owadan bezelen arça taryhy şahsyýetleriň ajaýyp heýkeller toplumy bilen goňşuçylykda boljakdygy buýsançlydyr. Sebäbi ýetip gelýän 2011-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysynda ýene-de bir basgançak bolar, ol täze Galkynyş eýýamynyň—ruhubelentligiň we ösüşiň zamanasynyň täze şöhratly işleriniň we üstünlikleriniň ýyly bolar.
Türkmen paýtagtynyň bu ajaýyp künjeginde döwrüň we nesilleriň mizemez ruhy arabaglanyşygy äşgär duýulýar. Biziň taryhymyz türkmen halkynyň özboluşly terjimehalydyr. Sebäbi öz Watanymyzyň taryhyny, onuň asyrlarboýy gözbaşlaryny we köklerini, dürli döwürlerde türkmen halkynyň abraýyny hem-de şöhratyny belende götermegi hem-de baýlaşdyrmagy başaran milletimiziň beýik şahsyýetlerini, serkerdelerini, hökümdarlaryny, alymlaryny we şahyrlaryny oňat bilmezden, ýaş nesli watançylyk, zähmetsöerlik hem-de ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek boýunça wezipeleri çözmek mümkin däldir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtap geçýär.
Häzirki wagtda Ylham seýilgähi ajaýyp Täze ýyl ertekiler ýurduny ýada salýar. Seýilgähiň merkezinde ýerleşen amfiteatrda paýtagtymyzda ululygy boýunça ikinji, owadan bezelen 20 metr beýiklikdäki ajaýyp ýaşyl arça oturdyldy. Oňa barýan seýilgäh alleýalary we gök otlar ekilen ýerler täsin şalygyň ýodajyklaryna öwrüldi, arçalar bilen bezeldi, nurly çyralaryň öwüşgini bilen çaýyldy. Bu ýerde ýörite oturdylan altynsow öwüşginli gurnawdaky özboluşly derweze aýdyň yşyklar bilen şugla saçýar. Hoş owazly aýdym-sazlar, Ylham seýilgähiniň Täze ýyl mynasybetli ajaýyp ýagdaýda bezelmegi gaýtalanmajak hoşniýetli we aýdyň baýramçylyk ýagdaýyny döredýär.
Döwlet Baştutanyny garşylamak üçin bu ýere milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatiki wekilhanalaryň we iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasy, żurnalistler we elbetde, baýramçylygyň hakyky eýeleri bolan paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar.
Döwlet Baştutany öz egindeşleri we şadyýan çagalar bilen bilelikde Ylham seýilgähine gelýär. Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatiki edaralaryň wekillerine ýüzlenýär, däp boýunça daşary ýurt wekilhanalarynyň işleri bilen gyzyklanýar we ilçileri Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmaga çagyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy milli lybasdaky gyzlar «Hoş geldiň, Täze ýyl!» diýen Täze ýyl aýdymy bilen garşylaýarlar we onuň şadyýan owazy astynda ýaş artistler ajaýyp tansy ýerine ýetirýärler.
Milletiň Lideri bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçýär, şol ýerde seýilgähiň Täze ýyl yşyklarynyň dolandyryş nokady oturdylypdyr. Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär—hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite düwmäni basýar we çagalara hem-de uly ýaşlylara çäksiz şatlyk paýlap, tutuş çeperçilik-seýilgäh toplumyny jadyly yşyk -sazly tolkun gurşap alýar.
Bagtly çagalar bilen bilelikde döwlet Baştutany ajaýyp bezelen Täze ýyl seýilgähini synlamak bilen baýramçylyk lybasyna beslenen Täze ýylyň ajaýyp nyşany bolan arça tarap ugraýar. Amfiteatryň açyk sahna meýdançasynda hormatly Prezidentimizi çagalar döredijilik toparlary aýdym-sazlar, ajaýyp tanslar, goşgular bilen mübärekleýärler. Ýurdumyzyň körpe raýatlarynyň dillerinde milletimiziň Liderine mähirli gutlag we hoşniýetli arzuwlara beslenen sözler joşgunly we tüýs ýürekden ýaňlanýar. Aýazbaba we Garpamyk hormatly Prezidentimize gutlaglar bilen ýüzlenýär. Çagalar döwlet Baştutanyny şadyýan Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşmaga çagyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýaş türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady, okuwda üstünlikleri, ýürekde besleýän arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň haýyşyna kanagatlanmak bilen seslenip, ýaşyl arçanyň daşyndaky şadyýan baýramçylyk çäresine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Soňra milletiň Lideri baýramçylyga gatnaşýan çagalar we onuň köp sanly myhmanlary bilen bilelikde jadyly yşyk şowhunyny synlamak bilen seýilgähe gezelenç etmegini dowam etdirdi.
Mosartyň 40-njy simfoniýasynyň tolgundyryjy owazy astynda heýkeller seýilgähiniň nusgawy binagärligine hem-de Täze ýylyň öňüsyrasyndaky täsin agşama sazlaşykly utgaşan ajaýyp tans kompozisiýasyny ýerine ýetiren tans toparlary milletiň Liderine we baýramçylygyň ähli myhmanlaryna aýratyn, hakykatdan hem täsin sowgat taýýarladylar.
Seýilgäh toplumynyň Görogly köçesi tarapyndaky günorta derwezesiniň öňünde döwlet Baştutanyny sazandalar aýdyň çykyşlary bilen mübärekleýärler. Ajaýyp Ylham seýilgähinde täze Galkynyş eýýamynyň owazlary aýratyn şowhunly we ruhubelent ýaňlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow artistlere minnetdarlyk bildirip, Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyjylary ýetip gelýän 2011-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady.
referans: www.turkmenistan.gov.tm