8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Obasenagat Toplumyndaky Özgertmeler

Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudagydyr, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun degişlidir. Bu maksatnamalaryň çäklerinde 110-dan gowrak taslamany, şol sanda oba hojalygynda hem-de azyk senagatynda taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Obasenagat toplumyna iri maýa serişdeleri goýberilýär, munuň özi ýurdumyzyň sebitlerini senagat taýdan okgunly ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we tutuşlygyna döwletimiziň ykdysady abadançylygyna, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň maksatnamalaýyn çykyşynda obasenagat toplumyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady. “Oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmek möhüm bolup durýar. Bu maksatlar üçin obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmekde täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak, zerurdyr” diýip, Milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlary, kararlary we buýruklary bu toplumyň dolandyryş düzümlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Suw hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi, Döwlet maldarçylyk birleşigi, şeýle hem “Türkmenpagta” döwlet konserni we onuň garamagyndaky “Ak altyn” pagta söwda kärhanasy birleşdirildi. Olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi döredildi. 

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň binýadynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti döredildi. Mundan başga-da, Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanyndaky Ekerançylyk ylmy-barlag instituty we “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň ýanyndaky Däneçilik ylmy-barlag instituty üýtgedilip guraldy we Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag institutyna öwrüldi. Maldarçylyk we guşçulyk toplumlary Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna geçirildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze dolandyryş edaralarynyň öňünde döwlet oba hojalyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi esasy wezipesi edip goýdy, oba hojalygynyň düzümleýin üýtgedilip guralmagyny üpjün etmek, onuň pudaklarynyň girdejililigini ýokarlandyrmak, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk düzümleriniň bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny ösdürmek, innowasiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, oba ýerlerinde durmuş meselelerini çözmek we beýlekiler bu özgertmeleriň esasy maksadydyr.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw, şol sanda iri maýa goýumlary görnüşinde ýardam berilýär, olar oba senagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we oba hojalyk önümlerini beýleki öndürijiler zerur bolan tehnika, dökünler, tohum bilen üpjün edilýär. Ekerançylar üçin häzirkizaman traktorlary, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýlekiler satyn alynýar, ulanyş möwrütini geçiren oba hojalyk tehnikalary olary dikeltmäge meýilli daýhanlara we hususy telekeçilere muzdsuz berilýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň kararyna laýyklykda şu ýyl daýhan birleşiklerine arzan bahasy bilen “Belarus” kysymly traktorlaryň 6446-sy we tirkeg oba hojalyk abzallarynyň 10334-si, satyldy, olar ýatyrylan “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň hasabynda durýardy. 

Oba hojalyk öndürijilerini maliýe taýdan höweslendirmek maksady bilen, önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, kepillendirilen bahalar, ýeňillikli salgyt salmak hem-de karz bermek ýaly usullar hem giňden peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  
2015-nji ýylyň ýanwarynda gol çeken kararlaryna laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak, dänelik ekinlerini ekmek üçin welaýatlarda ýer bölekleri bölünip berildi. Şu maksatlar üçin Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna 10 ýyla çenli möhlet, iki ýyl ýeňillikli döwür bilen ýyllyk 2 göterim karz bermäge ygtyýar berildi. 

Mundan başga-da, Durnuklaşdyryş gaznasyndan Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna 300 million manat bölünip berildi. Bu dolanyşyk serişdeleri ýyllyk 1 göterimden ýokary bolmadyk şerti bilen  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna olaryň maldarçylygy, guşçylygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmek hem-de gaýtadan işlemek boýunça taslamalaryny maliýeleşdirmäge karz bermek üçin “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna berildi. 

Häzirki tapgyrda oba hojalyk ugurly ulgamlary, ýagny däneçilik, pagtaçylyk, gök-miweçilik, maldarçylyk we guşçulyk ulgamlaryny döretmäge, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, gaýtadan işleýiş we hyzmat ediş düzümleriň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ilkinji nobatda üns berilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň  maksatnamasyny” hem-de pudaklary ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze un we maldarçylyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny, çörek-bulka, makaron, et we süýt önümlerini, ösümlik ýagynyň, peýniriň, şöhladyň dürli görnüşlerini öndürýän önümçilikleri gurmaga aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen çörek önümlerini öndüriji täze iri kärhanalary mysal hökmünde görkezmek bolar. Olaryň düzümine häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan elewatorlar, degirmenler, saýlama bugdaý tohumyny taýýarlaýjy bölümler girýär. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl bäri Türkmenistan ýetişdirilýän azyklyk dänäniň artykmaç bölegini eksport etmek mümkinçiligine eýedir. Bu bolsa yzygiderli döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan wajypdyr. 2016-njy ýylda güýzlük bugdaýy ýetişdirmek üçin 760 müň gektar ýer bölünip berildi. 1 million 600 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň ekerançylygynyň esasy ekini pagtadyr. Ol ýurdumyzyň eksportunyň saldamly bölegini emele getirýär, Türkmenistanda depginli ösýän dokma senagatynyň häzirki zaman kärhanasynyň onlarçasy üçin çig mal bolup durýar. Soňky iki ýylyň içinde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda gurlan pagta arassalaýjy kärhanalar pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Olaryň her birinde ýylda 40 müň tonna pagta gaýtadan işlenilýär, geljekki hasyl üçin saýlama tohumlar taýýarlanylýar. 

Bu ýerde meýdanyň her gektarynda topraga taşlanýan pagta tohumlarynyň möçberini görnetin tygşytlamaga mümkinçilik berýän tohumlary ekişe taýýarlamagyň netijeli usullary ornaşdyryldy. Mundan başga-da, tohumlaryň ýokary hilli gaýtadan işlenilmegi gowaçalary otamagy örän ýeňilleşdirýär, şonuň bilen birlikde-de önümçiligiň harjy azalýar hem-de taýýar önümiň özüne düşýän gymmaty peselýär.   

Häzirki baharda Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 545 müň gektara gowaça ekiler. Pagtaçylar “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny ýygnap almagy meýilleşdirýärler. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiligini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Toprak-howa şertleri has laýyk gelýän sebitlerde��”Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary we Balkan welaýatlarynda gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär. Umuman, ýurdumyz boýunça ýer almasyny we beýleki miwe önümlerini, şeýle hem bakja ekinlerini ýetişdirmek üçin 27 müň 770 gektar ýer bölünip berildi.               

Galla ekinlerine ideg etmek, pagta ekişine  taýýarlyk görmek ýaly ýazky oba-hojalyk işlerini maksadalaýyk geçirmek üçin, Oba we suw hojalyk ministrligi bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda, çekirtgä we köpýyllyk haşal otlara garşy ulanylýan himiki derman serişdelerini, şeýle hem galla we şaly ýygnaýjy kombaýnlaryň hem-de ekin meýdanlarynda ulanylýan traktorlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça şertnamalar baglaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, “Türkmenistanda pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň we gant şugundyrynyň önümçiligini maliýeleşdirmegiň we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmegiň tertibi” tassyklanyldy. 

Agrosenagat toplumyna maýa goýmak baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Daşoguz welaýatynda ýylda 30 müň tonna şaly arassalaýan häzirki zaman kärhanasynyň ulanylmaga berlendigini belläp geçmek gerek. Bu kärhananyň önümçilik kuwwaty, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän şalynyň aglaba bölegini bu ýerde gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.

Maldarçylyk pudagy Türkmenistan üçin, öňden gelişi ýaly esasy pudaklaryň biri hasaplanylýar. Bu pudakda iri we ownuk şahly mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň we öý guşlarynyň baş sanlaryny, et we süýt önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabyndaky maldarçylyk toplumynyň gurluşygy ýaly iri taslamamalar hem amala aşyryldy.  Bu toplum tohum mallaryň 500 başyny saklamak hem-de ýylda 2 müň tonna süýt we 120 tonna et önümlerini işlemäge niýetlenendir.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýylda 8 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen, täze guşçulyk toplumy açyldy. Öndürijilik kuwwaty ýylda 8 million ýumurtga we 1000 tonna guş etini öndürmäge mümkinçilik berýän şeýle toplumlaryň ýene-de biri Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda işe girizildi. Bu toplum, etrabyň daýhan birleşikleriniň üçüsiniň çäklerinde ýerleşen, birnäçe aýratyn bölümleri özüne birleşdirýär. Ýumurtga öndürmek boýunça bölüm “Murgap” daýhan birleşiginde ýerleşen bolsa, jüýje çykaryjy bölüm “Täze durmuş” daýhan birleşiginde ýerleşýär. “Täze ýol” daýhan birleşiginde bolsa taýýar önümi timarlap gaplamak boýunça enjamly üçünji bölüm hereket edýär.

Agrosenagat toplumynda ykdysadyýetiň hususy sektory hem öz ornuny pugtalandyrýar. Oba hojalygynda onuň paýy eýýäm 92 göterimden agdy. Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edilen täze desgalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň “Mürçe” daýhan birleşiginde açylan kärhana hem bar. Ol bakja we miwe önümlerini gaplaýan, şeýle hem alkogolsyz içgileri hem-de arassa agyz suwuny öndürýän iki sany zawody öz içine alýar. Tomat üwmejini we miwe mürepbesini öndürýän gaplaýjy zawod daýhanlaryň öz ösdürip ýetişdiren bakja we miwe önümlerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir. “Mürçe” daýhan birleşiginde ýüz gektar ýere armyt, alma, çereşnýa, ülje, garaly, alça, şetdaly, erik we üzüm nahallary oturdyldy. Daýhan birleşikde, ýurdumyzyň paýtagtynyň söwda nokatlaryny her gün bakja we gök önümler bilen üpjün edýän ýyladyşhana hojalygy bar.

Ak bugdaý etrabynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň ikisi hem Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň ilatynyň gök önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak üçin işleýär. Bu toplumlaryň her haýsy «saglyk üçin peýdaly önümleriň» 50 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. 

2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň “Abadan” daýhan birleşiginde, «Sahabatly» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen iri maldarçylyk toplumy döwlet bilen hususyýetçiligiň özara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde açyldy. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerini hem-de 30 tonna et önümlerini öndürmäge barabardyr. Bu binanyň gurluşygy üçin maldarçylyk toplumyna 9 gektar we ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin 400 gektar ýer bölünip berildi.  Bu ýerde 308,5 gektar ýere ýorunja, mekgejöwen we arpa ekildi. Dowar hojalygy üçin ot-iým ekinleri aýratyn meýdanda ekildi.

Mundan başga-da, Derweze etrabynda maldarçylyk we guşçylyk üçin, ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylan, garyndyly iým öndürýän häzirki zaman kärhanasy işe girizildi. Altyn asyr etrabynda bolsa iri şahly mallaryň gölelerini bakmak üçin maldarçylyk toplumy ulanylmaga berildi.

Baharly etrabynda 20 müň tonna süýt we 100 tonna et önümlerini öndürýän iri maldarçylyk toplumy guruldy. Ol ýokary hilli sygyr etini öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Bu etrapda ýylda 100 tonna et öndürmäge niýetlenen, mal bakmak boýunça ýene bir hojalyk döredildi.

Däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmekden, ot-iýmlere ýokumly goşundylary öndürmek we satyn almakdan başlap, eti gaýtadan işlemäge we söwda nokatlarynda ýerleşdirilmäge taýýar önümleri öndürmäge çenli ähli işlerde, çykdajyny iň az derejä getirmäge mümkinçilik berýän toplumlaýyn çemeleşmeler täze kärhanalaryň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk kompaniýalary tarapyndan esas hökmünde alynan önümçiligiň doly aýlanyşygynyň netijeliligi bir tarapdan öndürilýän önümiň hiliniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýän bolsa, ikinji bir tarapdan kärhanalaryň girdejililigini üpjün edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň toplumlaýyn çözülýänligini ýene-de bir gezek nygtamalydyrys. Oba hojalyk ekin meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýlaryny we suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Merkezi Garagumda ähli welaýatlaryň zeýkeşleriniň zeý suwlaryny ýygnamaga niýetlenen,  iňňän çylşyrymly suw we suwaryş ulgamynyň, täsin suw desgasynyň,  «Altyn asyr» türkmen kölüniň gurluşygynyň ikinji nobatdaky dowam edýär.  Öz ölçegleri boýunça deňsiz-taýsyz bu taslama, sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirjekligi sebäpli, diňe bir Türkmenistan üçin däl-de, eýsem-de bolsa, tutuş Orta Aziýa üçin uly ähmiýete eýedir. 

Geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” tassyklanyldy. Bu maksatnamada bar bolan gidrotehniki desgalaryň durkuny täzelemek hem-de Garagum derýasynyň baş sakasyndan Balkan welaýatynyň Bereket şäherine çenli 1100 kilometr bölekde täze gidrotehniki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Welaýatlaryň birnäçesini suw bilen üpjün edýän Garagum derýasynyň hanasyny arassalamak maksady bilen,  onuň suw kadalaşdyryjy desgalaryny abatlamak boýunça anyk çäreler görülýär. 

Şu ýylyň fewral aýynda Ahal welaýatynda suw hojalyk toplumy ulanmaga berildi. Ol Altyn asyr hem-de Kaka etraplarynda dolanyşyga girizilen tarp ýerleriň 25 müň gektara golaýyny suw bilen üpjün eder.

2016-njy ýylda bag ekmek möwsüminiň barşynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli agaçlaryň 
hem-de üzüm nahallarynyň jemi 3 million düýbi, şol sanda tut nahallarynyň 512 müňüsi oturdylar. Ýurdumyzyň ýüpekçiliginiň çig mal binýadyny pugtalandyrmakdan başga-da, ekerançylyk ýerleriniň töwereginde  tut nahallarynyň oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini epgekli ýelden goramaga,  suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge ýardam eder hem-de daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny üpjün eder. 

Şeýle hem aprel aýynda milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda umumy meýdany 10 gektar bolan bezeg bag nahallaryny we gülleri ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhananyň guruljakdygyny belläp geçmek gerek. 

Synymyzy dowam edip, oba hojalyk marketingi ulgamynda  oňyn ösüşleriň bardygyny bellemelidiris. Ol özüne önümleriň satyn alnyşyny, saklanylyşyny, ugradylyşyny  hem-de sarp edijilere  ýerlenilişini birleşdirýär. Lebap welaýatynyň merkezinde��”Türkmenabat şäherinde, Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda hem-de deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde gök we miwe, et we süýt önümlerini saklamak üçin niýetlenen täze sowadyjyly ammarlar guruldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2016-njy ýylyň tomsuna çenlli welaýatlaryň her birinde döwrebap ýük ýükleýji we düşüriji tehnikalar hem-de göteriji enjamlar bilen üpjün ediljek sowadyjyly ammarlar gurlar. Olarda zähmeti köp talap edýän işleriň ählisi awtomatlaşdyrylar. Olaryň umumy sygymy 15 müň tonna barabar bolar. 

Şunuň bilen birlikde, hyzmatlar we söwda ulgamy hem işjeň ösdürilýär. Aşgabatda hem-de welaýatlarda  gurlan, döwrebap söwda enjamlary bilen üpjün edilen  köp sanly häzirki zaman söwda merkezleri, köp ugurly bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilatymyza hem-de daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli üpjün edýärler. Dünýäniň  köp ýurtlaryndan gelýän myhmanlaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. 

Geçen ýyl azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanylanlar üçin Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (AOHG) ýörite baýragyna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bolsa AOHG-nyň 2015-nji ýyl üçin maksatnamasynda Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi ägirt uly ykdysady kuwwata hem-de uly üstünliklere eýe bolan, okgunly ösýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişliginde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumy hil taýdan täze sepgitlere çykýar. Munuň özi bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetinde  amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. 

Degişli makalalar

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk.

syrach

Türkmennebit DK Nebit Çykarylyşy Artýar

TNGZT-da Polipropilenden Pleýonka Öndürjek Önümçilik Bölüminde Sazlaýyş Işleri Alnyp Barylýar