17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Maý Aýynda Suwuklandyrylan Gazdan Ýangyç Öndürýän Zawodyň Düýbi Tutular

Ýakyn wagtda Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän iri toplumlaryň ýene-de biriniň gurluşygy başlanar. Maý aýynda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň netijesinde sintetiki suwuk ýangyç öndürjek zawodyň gurluşygyna badalga berler. Täze senagat toplum ýylda 3,7 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemeklige, 1,1 million tonna dizel ýangyjyny we 400 müň tonna prýamagon benzinini (nafta) öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» Döwlet konserni düzümine «LG International Corp.», «Hyundai Engineering Co, Ltd» (Koreýa Respublikasy) we «Itochu Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalary girýän konsorsium bilen tebigy gazy gaýtadan işlemek netijesinde sintetiki suwuk ýangyç (SSÝ) öndürýän zawody gurmak boýunça ylalaşyga gol çekdi. Täze zawod Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäklerinde ýerleşdiriler.

Belläp geçsek, Derweze etrabynda tebigy gazy gaýtadan işlemek netijesinde benzin öndürjek ilkinji zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Zawod «Türkmengaz» DK-nyň Ýaponiýanyň Kawasaki we Türkiýäniň Ronesans Turkmen kompaniýalary bilen baglaşan şertnamasy boýunça gurulýar. Bu kuwwatly toplum ýylda 1 mlrd 785 million kub metr gazy gaýtadan işlär we 600 müň tonna Euro-5 standartlaryna laýyk gelýän A-92 markaly benzin, şeýle hem, 300 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürer. Taslama «Türkmengaz» DK-nyň hasabyna we ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň hasabyna durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň nebitgaz ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işlemekligiň tehnologiýasy esasynda önümleriň 17 görnüşini, şol sanda, benzin, dizel ýangyjyny, kerosin, poliwinilhlorid, akril süýümlerini, duz kislotasyny, kaustiki sodany, polistrirol öndürjek 10 sany täze senagat kärhanalaryny gurmaklygyň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Gurluşygy dowam edýän beýleki desgalaryň hatarynda Hazaryň kenarynda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumyny agzamak bolar. Bu toplumda ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 tonna polipropilen öndürmeklik ýola goýlar. Taslamany «TOYO Engineering» (Ýaponiýa) kompaniýasyny «LG International Corporation» we «Hyundai Engineering Corp. Ltd» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde durmuşa geçirýär. Zawody 2018-nji ýylda ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

Düýbi tutulan we taslanylýan gazhimiýa, gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň ählisiniň eksporta gönükdirilen ugrunyň bolmagy aýratyn bellärliklidir. Çünki bu Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipelerini ��” eksporta gönükdirilen önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak wezipesini çözmäge ýardam eder.

Şeýlelikde, tebigy gazy çuňlaşdyryp we toplumlaýyn gaýtadan işlemeklige, onuň netijesinde alynýan önümleriň eksport möçberini artdyrmaklyga möhüm ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan diňe bir ilkinji energiýa serişdeleriniň bazarynda däl-de, eýsem gazhimiýa önümleriniň bazarynda hem mynasyp orun eýelär.

Degişli makalalar

Bioköpdürlülik Boýunça Milli Hasabat Bilen Tanyşdyrylyş Boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer ýük gelip gowuşdy

syrach