Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna degişli ministrlikler, pudak edaralary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde 2016-njy ýylyň 22-26-njy maýy aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň 15-nji söwda sergisine Türkmenistanyň sergi ekspozisiýasynyň gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýle hem resminama bilen ady agzalan söwda sergisine gatnaşýan ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň sanawy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ady agzalan sergä gatnaşmak bilen bagly şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Otuzbaý Annabaýewiç Geldiýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory wezipesinden boşadyldy.
soňky habar