13.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmen Arhiwi Žurnalynyň Täze Sany

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen arhiwi” atly taryhy- resminama, ylmy – taglymat we usulyýet žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän iňňän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar, şeýle hem dürli ugurlar boýunça maglumatlar ýerleşdirilýär.

Neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň 2015-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda sözlän sözi bilen açylýar. Ählumumy maslahatyň barşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, täze taryhy eýýamda Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş – ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Bu bölümde döwlet Baştutanymyzyň uly halkara maslahatlarda, şol sanda BMG – niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden çykyşlary, milli Liderimiziň ýurdumyzyň durmuşynda ähmiýetli wakalar mynasybetli ýüzlenmeleri çap edilýär. Mundan başga-da, beýleki resmi maglumatlaryň ýygyndysy okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär, olaryň hatarynda Mejlisiň kabul eden  kararlarynyň birnäçesi bar. 

Žurnalyň “Täze neşirler” diýen bölüminde geçen ýylyň dowamynda çap edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleri barada synlar ýerleşdirilýär. Bu seljerme synlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  syýasy strategiýasynyň çuňňurlygy, täzeçilligi we döredijilikli mazmuny beýan edilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak we dikeltmek bu syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.   

Žurnalda arhiw işine we ony mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň meselelerine giň orun berilýär. Okyjylar Baş arhiw müdirliginiň döredilmeginiň 90 ýyllygyna, Kinofotofono resminamalarynyň Merkezi döwlet arhiwiniň 40 ýyllygyna bagyşlanan makalalar bilen hem tanşyp bilerler. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýat döwlet arhiwleriniň iş tejribesi bilen tanyşdyrýan maglumatlar hem okyjylar üçin gyzykly bolar. Žurnalda çap edilen guramalaryň işindäki resminamalaryň saklanyş möhleti görkezilen birkysmy sanawy hünärmenler üçin gollanma bolup hyzmat eder.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ägirt uly özgertmeler ýurdumyzyň yzygiderli ösüşiniň ygtybarly binýadyna öwrüldi, halkara giňişliginde Diýarymyzyň barha artýan abraýyny şertlendirdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly ajaýyp üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015 – nji ýyla bagyşlanan makalalarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapýar.
 
“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy barada makalalar žurnalda aýratyn orny eýeleýär. Bu bölümiň giriş makalasynda bellenilişi ýaly, ýigrimi ýylyň dowamynda ýurdumyzda içi möçberli deňsiz-taýsyz özgertmeler yzygyiderli amala aşyrylýar. Milli saglygy goraýşyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy bu işleriň netijesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň saglygy hakyndaky aladany Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugury hökmünde kesgitlän milli Liderimiziň ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we işini ösdürmekde, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmakda bitiren ägirt uly işi nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde türkmenistanlylar dünýä derejesindäki häzirki zaman lukmançylyk kömeginiň köp  görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik aldylar. 

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi ýaly şanly waka maglumatlaryň aýratyn ýygyndysy bagyşlanýar. Bu ýerde Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşine uly goşant goşan alymlar barada gyzykly makalalar ýerleşdirilipdir. 

«Türkmen arhiwi» žurnalynyň sahypalarynda çap edilen makalalarda ylmy nukdaýnazardan beýan etmegiň gysgalygy hem-de düşnükliligi bilen utgaşmagy neşiriň tapawutly tarapy bolup durýar. Şeýlelikde, “Türkmen arhiwi” žurnalynyň täze sany diňe bir hünärmenler we taryhy söýüjiler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin  hem gyzykly bolar.

Degişli makalalar

Halkara Bilermenleri Gurluşykda Energiýa Tygşytlaýjy Tilsimatlary Ulanmak Boýunça Taslama Baha Berdiler

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

turkmenhabargullugy

Ýurdumyzyň Mekdebe Çenli Edaralarynyň Işi Kämilleşdirilýär