2016-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Özbegistan Respubliklasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy.
Ynanç hatlarynyň nusgalary gowşurylandan soňra geçirilen gepleşikleriniň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan hem, geljekde Türkmenistanyň we Özbegistan Respubliklasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny çuňlaşdyrmak we giňeltmek maksady bilen, taraplar pudaklaýyn ministrlikleri we edaralary derejesindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda sebitleýin ulag infrastrukturasyny ösdürmek çygrynda ysnyşykly gatnaşyklary, şol sanda «Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Aşgabat Ylalaşygynyň çarçuwasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde gyzyklanmalar bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda, Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçisi özaragatnaşyklaryň ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmeklige ählitaraplaýyn goldaw berjekdigine ynandyrdy.