17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Desgalaryň Düýbüni Tutmak we Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdy

Balkan welaýatyna iş saparynyň jemleýji güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze durmuş maksatly desgalaryň – deňiz ýakasyndaky syýahatçylyk zolagynda guruljak häzirkizaman “Awaza” şypahanasynyň we Türkmenbaşy şäherinde bina ediljek köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak, şeýle hem deňizýaka şäheriniň polisiýa bölüminiň edara binalar toplumynyň açylyş çäreleri mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, halkyň saglygy we abadançylygy hakyndaky, her bir raýatyň bagtyýarlygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns merkezinde saklanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ýadawsyz işleri netijesinde ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak we pugtalandyrmak ulgamynda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde haýran galdyryjy üstünlikler gazanyldy we bu ugurda yzygiderli işler alnyp barylýar.

“Saglyk”  döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde paýtagtymyzda we Türkmenistanyň ähli künjeklerinde lukmançylyk, şypahana-sagaldyş we syýahatçylyk ugurly täze binalar yzygiderli ýagdaýda ulanmaga berilýär.  Sagaldyş merkezleri, şypahanalar we dynç alyş merkezleri enjamlaşdyrylyşy hem-de hyzmatlar ulgamy babatynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Olaryň hatarynda enjamlaşdyrylyşy we hyzmatlar boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän  “Baýramaly”,“Arçman”, “Ýylysuw”,  “Berzeňňi”, “Farap”, “Mollagara”, “Daşoguz” şypahanalary bar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda innowasion häsiýetli şypahana ulgamy işjeň ýagdaýda kemala getirilýär. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda häzirki zaman dynç alyş merkezleri, bejeriş-sagaldyş bölümleri bolan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin kottejler, adamlaryň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlary bina edildi we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu gün türkmen topragynyň  bu täsin künjeginde ýene bir iri maýa goýum taslamasyna badalga berildi.  

… Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň bina ediljek ýerine gelýär. Onuň gurluşygy üçin Oguzhan şaýolunyň we Dostluk köçesiniň arasyndan çäk bölünip berildi. 

Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.   

Balkan welaýatynyň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýýar. 

Hormatly ýaşulular milli Liderimize duz-çörek hödür edýärler. Hormatly Prezidentimiziň adyna berk jan saglyk, uzak ömür Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ähli işlerinde üstünlikler baradaky arzuwlary aýdylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere mähili garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýaşulular bilen söhbetdeşlikde olaryň durmuşy, iş-aladalary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz Aşgabatda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Ýaşulular maslahaty baradaky meselä degip geçmek bilen, onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny, ýaşulular bilen maslahatlaşmagyň halk demokratiýasynyň we ýörelgeleriniň esasy alamatlarynyň biri bolup durýandygyny, munuň türkmenlerde gadymy döwürlerden bäri däp bolup gelýändigini hem-de bu ýörelgeleriň täze taryhy döwürde dowamata hem-de ösüşe eýe bolandygyny belläp, olary şu günki şanly wakalar bilen gutlady.  

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýaşululara garaşsyzlyk döwründe “Mollagara” şypahanasynyň könelişen we ýönekeý görnüşden häzirkizaman, göwnejaý enjamlaşdyrylan şypahana öwrülendigi barada gürrüň berdi. Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän şypahana-sagaldyş düzüminiň kemala gelşi barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz täze desganyň düýbüniň tutuljak ýerine barýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýanyna oglanjyk we gyzjagaz gelýärler. Olar ýakymly sesleri bilen milli Liderimizi mübärekläp, berk jan saglyk we köpugurly işinde uly üstünlikler arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça täze döwrebap şypahananyň düýbüni tutuş dabarasynyň sene ýazgysyna gol çekýär. Ol ýörite guta ýerleşdirilýär.  

Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär, ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen döwlet Baştutanymyz täze döwrebap şypahananyň binýadyna sene ýazgysynyň gutusy goýberilip, binanyň düýbi tutulýar. Soňra milli Liderimiz pil bilen ilkinji beton garyndysyny desganyň binýadyna oklamak bilen, gurluşyga badalga berýär. Ýaşulular hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerýärler. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaby şypahana işini ösdürmek meselelerine bagyşlanandyr we biziň ýurdumyzyň halkara derejesindäki ägirt uly sagaldyş mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Kitapda mineral suwlaryň, bejeriş palçyklarynyň, amatly howa ýagdaýynyň şypahana bejerişiniň dürli usullarynyň adam bedenine edýän täsiri jikme-jik görkezilýär, ýurdumyzyň şypahanalary, ajaýyp tebigy künjekleri, täsin goraghana zolaklary hakynda giňişleýin maglumat berilýär, olar heniz ýüze çykarylmadyk bejeriş häsiýetlerini özünde saklaýar. Kitapda okgunly ösýän Awaza syýahatçylyk zolagynyň şypahana dikeldiş mümkinçiliklerine aýratyn orun berilýär, bu zolak köpugurly deňiz şypahana toplumyny özünde jemleýär. 

Häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda diňe bir saglygy berkitmek we dynç almak üçin däl-de, eýsem dikeldiş bejergisini almak hem mümkindir, bu işler lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna hem-de ajaýyp tebigy şertler – arassa howa, gün we deňiz wannalaryna esaslanýar, bu bolsa adama uzak wagtlaýyn ruhubelentlik we hoşwagtlyk ruhuny paýlaýar.  

Täze sagaldyş merkeziniň eýeleýän meýdany 70 müň inedördül metre golaýdyr. Ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän toplum birbada 200 adam kabul etmäge niýetlenendir. 10 gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ak mermerli binada  96 sany iki orunlyk  hassalar otaglarynda hem-de 8 sany lýuks hassalar otaglarynda syrkawlar üçin aňrybaşy amatly şertler dörediler. 

Merkeziň ýöriteleşdirilen bölümleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, olar saglygy bejeriş –dikeldiş hyzmatlarynyň giň görnüşini, şeýle hem dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollaryny, daýanç-hereket agzalaryny, nerw, endokrin, ýürek-damar kesellerini we beýlekileri anyklamak üçin niýetlenendir. 

Şypahanada şeýle hem fiziobejeriş we  bejeriş bedenterbiýesi bölümleri , rentgen, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, elektrobejeriş, bejeriş-owkalama we akupunktura, kliniki otaglary we barlaghanalary göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde ýokary hünärli otolarintologyň, stomatologyň, ginekologyň we beýleki lukmanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp bolar. 

Saglygy dikeldiş merkeziniň birinji gatynda çagalar we ulular üçin suw howdanly suw bilen bejeriş bölümi, deňiz we  mineral suwly wannalar ýerleşdirilen otaglar, parafin bilen fango  bejeriş, ozokerit, meşhur Mollagara kölünden getirilen bejeriş palçykly bölümler bar. Şeýle hem daýanç-hereket   agzalaryndan ejir çekýän, operasiýa geçiren syrkawlar üçin suw howdanynda ýörite bejeriş almak göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Olar üçin göwnejaý ýagdaýda enjamlaşdyrylan ýaşalýan otaglar we bejeriş maşklary üçin zallar göz öňünde tutulandyr. 

Taslama laýyklykda, bu ýerde  sauna hammamly we SPA-salon we galoterapiýa otaglary ýerleşdiriler, olaryň diwarlaryna we poluna köp gatlakly ýörite duz örtügi örtüler. Bu bejeriş usuly ýerasty duzly gowaklaryň tebigy şertlerine meňzeş emeli howa ýagdaýyny döretmäge esaslanandyr. 

Klimato bejeriş, balneofizio bejeriş, igloreflekso bejeriş usullary bilen bir hatarda şypahanada saglygy toplumlaýyn bejermekde türkmen topragynda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitobejeriş usulynyň ulanylmagyna aýratyn üns berler.  Şypahananyň sekizinji gatynda ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýan fitobarda syrkawlaryň her biri tenakär içgileri, bejeriş çaýlary, dürli otlardan taýýarlanan içgileri içip bilerler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik düýpli ylmy işinde köp asyrlaryň dowamynda milli bejeriş tebipçilik tejribesinde üstünlikli peýdalanylyp gelnen dermanlyk ösümlikleriniň bejeriş aýratynlyklary içgin beýan edilýär. 

Mundan başga-da, bu ýerde saglygyny dikeldýänler üçin tennis we bilýard oýnamak üçin sport zallary, çagalar üçin oýun otaglary göz öňünde tutulandyr. Şypahana toplumynyň çäginde açyk suw howdany, kafeteriý, futbol, basketbol, tennis oýnamak üçin sport meýdançalary ýerleşdiriler. Şypahanany 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

“Awazany” döretmegiň taryhy bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň durmuşynda örän möhüm tapgyry alamatlandyrýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler durmuş ugurly häsiýete eýedir hem-de halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda Türkmenbaşy şäherine tarap ugur aldy. Döwlet Baştutanymyz ýolugra syýahatçylyk zolagynda bina edilýän täze desgalaryň birnäçesini gözden geçirdi. 

Milli Liderimiz ilki bilen köpugurly sport  toplumynyň ýanynda saklandy, onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça  ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Myradym” hususy kärhanasy alyp barýar. 

Toplumyň düzüminde ýedi bina bar. Olaryň biri basketbol, ping-pong, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol oýunlary bilen meşgullanmaga niýetlenendir. 2 müň tomaşaça niýetlenen ikinji binada ýüzülýän suw howdanlary,  şol sanda belentlikden bökmek üçin niýetlenen suw howdany, fitnes zal, bouling zaly, sauna hammamy, kafe, owkalama we beýleki otaglar ýerleşdiriler. Aýratyn bir binada fitnes, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, taekwando, dzýudo, sambo, erkin we grek-rim göreşi, başa-baş tutluşygyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik dörediler. 

Taslamada iki gatly Buzly köşk göz öňünde tutulandyr. Onuň düzüminde hokkeý, kýorling, figuralaýyn typmak oýunlary üçin meýdançalar, şeýle hem kafe, VIP-zal we 2500 orunlyk münber, türgenleriň dynç almagy üçin otaglary bolan sauna hammamy bolar. Mundan başga-da, toplumyň aýratyn üç binasynda  işgärleriň gulluk otaglary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işi üçin zerur ähli enjamlar bilen üpjün edilen mejlisler zaly, naharhana göz öňünde tutulan edara-binasy ýerleşdiriler, toplumyň ýanaşyk çäginde açyk sport meýdançalary bolup, onda basketbol, woleýbol, kiçi futbol oýnamak üçin mümkinçilikler dörediler hem-de ýüzmek üçin suw howdany ýerleşdiriler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, “Myradym” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysyna bu ýerde alnyp barylýan işleriň hiline we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine hemişelik gözegçiligi üpjün  etmegi tabşyrdy.  Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, toplumyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir, ol diňe bir dürli görnüşli sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri bolmak bilen çäklenmän, türkmen türgenleri üçin okuw-türgenleşik merkezi hem-de ýurdumyzyň türgenlerini we milli ýygyndy toparlaryny dünýä, Aziýa çempionatlaryna, şeýle hem Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin merkeze öwrülmelidir. 

Biziň ýurdumyzda sportuň ösüşiniň höweslendirilmegine we ony goldamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär we ýurdumyz halkara sport hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar, munuň özi ýer ýüzünde halklaryň özara ýakynlaşmagynyň, parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň  pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem şu maksatlara ýetilmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz kenarýaka şäheriniň awtoulag ýoly bilen barşyna köpugurly awtoduralganyň gurulýan ýerinde saklandy. Iň täze kompýuter enjamlary  hem-de wideogözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylýan bu häzirki zaman awtoduralgasynda işgärleriň göwnejaý işlemegi hem-de “Awaza” gelýän awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň dynç almagy üçin ähli zerur şertler dörediler. 

Mundan başga-da, awtoduralgada paýtunlar üçin ýörite ýer göz öňünde tutulandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça  bu özboluşly hem-de şonuň bilen bir wagtda ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşi ýakyn geljekde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dürli ugurlar boýunça gezelençleri guramak üçin peýdalanylar. At goşulan ulagda gezelenç etmek bu ýerde dynç alýanlara diňe bir Hazaryň kenarynyň gözelliklerinden lezzet almaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem ýatdan çykmajak täsirleri sowgat berer. 

Döwlet Baştutanymyz desgany gözden geçirmek bilen, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni milli Syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak meselelerine çekdi, bu zolak hakykatdan-da ýurdumyzyň şypahana merjenine öwrüldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Awazanyň” döredilmeginiň baş maksady deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmak, türkmenistanlylaryň  we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi, şol sanda sportuň suwda oýnalýan we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin mümkinçilikleri döretmek bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Awazany” ösdürmegiň esasy ugurlarynyň iň täze tehnologiýalary we inžener-tehniki işläp taýýarlamalary, özboluşly binagärlik we taslama çözgütlerini işjeň ornaşdyrmak, ähli degişli wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde toplumlaýyn çemeleşilmegini ýola goýmakdygyny nygtady. Şunda milli Liderimiz Milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik keşbiniň ýerli tebigy görnüşler bilen sazlaşmalydygyna Hazaryň kenarynyň daşky gurşawyny goramak meselelerine aýawly çemeleşmelidigine aýratyn ünsi çekdi. 

Deňizýaka künjeginiň ekologiýa abadançylygy “Awazanyň” dünýäniň dürli ýerlerinden gelýän syýahatçylar üçin özüne çekiji merkeze öwrülmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.   

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň edara binalar toplumynyň hem-de beýleki binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy täze binanayň ýanynda saklanýar. Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.  

Içeri işler ministri I.Mulikow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly çärä taýýarlyk barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, polisiýa bölüminiň şahsy düzümini we dabara beýleki gatnaşyjylary gutlap, polisiýa bölüminiň binasynyň merkezi girelgesine barýar.

Şol wagt IIM-niň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde, türkmen halkyna bagtyýar, abadan we asuda durmuşy bagyş eden milli Liderimize çuňňur hoşallyk duýgularyna ýugrulan “Sag bol, Arkadag!” aýdymy belentden ýaňlanýar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdym-saz toparynyň agzalary bilen gürrüňdeş bolup, olaryň çeper döredijiliginiň harby gullukçylaryň ruhubelentligini we watançylygyny artdyrýandygyny belledi we olary ýetip gelýän hünär baýramy—Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň güni bilen gutlady.

Dabaraly pursat gelýär – ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär hem-de polisiýa bölüminiň täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berýär. 

Umumy meýdany 11 gektara deň bolan toplumyň düzümine Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň we Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň harbylaşdyrylan bölüminiň edara binalary girýär. Bu ýerde häzirkizaman kompýuter enjamlary ornaşdyrylan iş otaglary, ýygnak geçirilýän we mejlisler zallary, sport zaly, naharhana, dynç alyş otaglary bar.

Mundan başga-da hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin myhmanhana, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölümiň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän bölüminiň esgerleri üçin häzirki zaman görnüşindäki ýatak jaýlary göz öňünde tutulandyr. Toplumyň howlusynda “Dor bedew” hojalyk jemgyýetiniň bina eden okuw-türgenleşik diňi, ýangyn söndüriji awtomobiller üçin awtoduralga we beýleki desgalar ýerleşýär. 

Hormatly Prezidentimiz toplumy gözden geçirmegiň barşynda polisiýa bölüminiň dolandyryş merkeziniň iş tertibi bilen tanşyp, onuň enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oturdylan enjamlaryň artykmaçlyklary bilen gyzyklanyp, IIM-niň edaralarynyň işgärleriniň häzirki zaman tehniki serişdelerini dolandyrmagy başarýandyklary barada sorady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň üstüne ýüklenilen wezipäniň möhümdigi barada aýtmak bilen, beýleki hukuk goraýyş we harby edaralar bilen bir hatarda içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hukuk bozulmalaryna we jenaýatçylyga garşy barlyşyksyz göreşde ýokary hünär başarnyklaryny görkezmelidiklerini, şeýlelikde raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwletiň bähbitleriniň goragynda durup, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge ýardam bermelidiklerini belledi. 

Içeri işler edaralarynyň dürli düzüm bölekleriniň işgärleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda milli Liderimiz beýleki hukuk goraýjy we harby edaralar bilen birlikde hukuk bozulmalarynyň we jenaýatçylygyň öňüni almagy, jemgyýetçilik tertibini goramagy, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine gözegçiligi we beýlekileri görkezdi. IIM-niň ýolbaşçylaryna geljekde hem ýokary hünär derejeli ýaş işgärleri seçip almak boýunça işleri yzygiderli alyp barmak barada tabşyryk berildi, olar özleriniň hünär taýýarlygyny üznüksiz ýokarlandyrmalydyrlar, iş tejribesine iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak bilen häzirkizaman ýöriteleşdirilen tehniki serişdeleri işjeň özleşdirmelidirler.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza yzygiderli ünsi we aladasy üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, öz mukaddes borjuna wepaly IIM-niň işgärleriniň hemişe öz halkyna we eziz Watanyna jan aýaman hyzmat etjekdiklerine hem-de döwletde we jemgyýetde kanunçylygyň hem-de hukuk tertibiniň goragynda ygtybarly durjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz öndüriji ýurtlaryň, şol sanda  Eýranyň, Özbegistanyň, ABŞ-nyň dürli kysymly awtomobilleriniň goýulýan desgasy bilen tanşyp, IIM-niň işgärleriniň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur abzallar bilen enjamlaşdyrylan sport zalyna bardy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň hakyky wagyzçysy hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaga çekilmegi barada yzygiderli alada edýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ähli beýleki düzümlerde bolşy ýaly hukuk goraýjy edaralarda hem sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz ulular bilen bir hatarda ýaşajyk türgenleriň hem sportuň söweşjeň sungat görnüşlerinde türgenleşýän açyk sport meýdançasyna gelip, olara üstünlikler aruzw etdi, şeýle hem türgenleriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisini şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, abadançylyk, öňde goýlan wazipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz lukmançylyk ulgamynyň nobatdaky desgasynyň -360 orunlyk köpugurly hassahananyň düýbüniň tutuljak ýerine tarap ugrady. 

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan derejesine ýetirdi. Milli Liderimiziň bu gezekki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy hem halkymyzyň abadançylygyna, saglygyna gönükdirilen täze binalaryň gurluşygyna badalga bermek dabaralaryna beslendi. 

Muňa Aşgabatda bina edilen, iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirkizaman lukmançylyk merkezleriniň toplumy hem şaýatlyk edýär, onuň hataryna ýylyň-ýylyna täze desgalar goşulýar. Şunda soňky birnäçe ýylyň dowamynda häzirki döwrüň ösen talabyna laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alysda ýerleşýän obalarynda hem gurlandygyny hem-de gurluşygynyň dowam etdirilýändigini bellemek gerek, bu bolsa ýerlerde ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik açýar. 

… Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze hassahananyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. 

 “Dagdan” döredijilik toparynyň bu şanly waka mynasybetli taýýarlan çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýere gelen hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler bilen mähirli salamlaşyp, döwletimiziň geljekde hem türkmenistanlylaryň saglygyny goramak hem-de saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmek meselelerine hemişe üns berjekdigini belledi,  adam saglygy ynsana berlen bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. 

Soňra  ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz pil bilen ilkinji beton garyndysyny binanyň binýadyna oklap, iri saglygy goraýyş binasynyň gurluşygyna badalga berýär. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine beýleki dabara gatnaşyjylar hem eýerýärler. 

Şeýlelikde, gurluşygyna badalga berlen täze desga Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de şypahanalar toplumynyň üstüni ýetirer. 

Bu hassahanada iç keselleri, hirurgiýa, akuşerçilik-ginekologiýa, çagalar somatika, şikesleri bejeriş bölümleri we keselleriň dürli ugurlarynyň öňüni almaga hem-de bejerilmegine gönükdirilen beýleki bölümler bolar.  

Mundan başga-da, Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynda fizioterapiýa, anyklaýyş bölümi, tiz kömek, gan banky, barlaghana, kislorod bekedi we beýleki kömekçi bölümler ýerleşdiriler. 

Toplumyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, bu ýerde, indi şeýle şanly wakalar mynasybetli däbe öwrülen küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Onda Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan okgunly ösüşini, beýik özgertmeleri wasp edýän sözler ýaňlandy. 

Ýaş lukmanlaryň bir topary öz ähli kärdeşleriniň adyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bejeriş iş tejribesine, şol sanda ýurdumyzyň tebigy deňiz howa şertleriniň serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynda häzirkizaman bejeriş tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygy, ýurdumyzyň derman senagatynyň kemala getirilýändigi, şypahana-sagaldyş düzüminiň giňeldilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Milli Liderimiz lukmançylyk işgärlerine özleriniň asylly kärlerinde üstünlikler arzuw edip, bu ulgama gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýewe we geljekki hassahananyň ýolbaşçysyna ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatynda, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan toplumda ornaşdyryljak häzirkizaman bejeriş enjamlaryny satyn almak barada tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, iň häzirkizaman lukmançylyk enjamlary we beýleki degişli serişdeler lukmanlaryň ýokary derejede özleşdiren bilimleri hem-de başarnyklary bilen utgaşdyrylandan keselleri anyklamagyň, öňüni almagyň we bejermegiň ýokary netijelerini üpjün etmek mümkindir. 

Hormatly Prezidentimiz keselleriň öňüni almak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen olary öz wagtynda duýdurmagyň hem-de keselleriň ýüze çykyp başlan döwründe ony anyklamagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. 
 
Soňra hormatly Prezidentimiz  deňizçi-serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan nobatdaky täze harby-gözegçi gämisini suwa goýbermek dabarasyna gatnaşmak üçin Hazar deňiz-serhet birikmesiniň gämi abatlaýyş kärhanasyna geldi. 

Döwlet Baştutanymyzy bu ýere şanly waka mynasybetli ýygnanan
harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.  

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy G.Gündogdyýew täze gämini deňze goýbermek dabarasynyň başlanmagyna taýýardygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, deňizçi-serhetçileriň şahsy düzümini  bu şanly waka bilen gutlady. 

Öz nobatynda harby gullukçylar hormatly Prezidentimizi dabaraly mübärekleýärler we “Ura!” diýip üç gezek joşgunly gaýtalamak bilen garşylaýarlar. 

Soňra serhetçiler hormatly Prezidentimizden “Galjaň”  atly täze harby-gözegçi gämini suwa goýbermegini haýyş etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy  Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda düwmäni basyp, gämini suwa goýberdi. 

Bu serhet gämisiniň ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan hil babatynda halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýa enjamlaryny hem-de awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak arkaly gurandyklaryny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň goranmak häsiýetine eýe bolan harby doktrinasy döwletimiziň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň kepili bolup durýan milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny  üpjün etmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeler hem bu maksatlary ugur edinýär, onda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda serhet goşunlarynyň  maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olary häzirki zaman enjamlary we iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylar üçin  talabalaýyk gulluk we durmuş şertlerini döretmek, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde hatara duran harby-gözegçilik gämilerini synlady. Olaryň hatarynda dürli döwürlerde deňizçi-serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan “Merdana”, “Mergen”, “Arkadag”, “Edermen”, “Gaýduwsyz” ýaly we başga-da birnäçe harby gämiler bar. Hormatly Prezidentimiz  gämileriň enjamlaşdyrylyşy, olaryň tehniki häsiýetnamalary bilen içgin tanşyp, ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, öňde goýlan möhüm wezipelerei çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady. 

Şu gün günüň ikinji ýarymynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabat şäherine tarap ugrady. 

Degişli makalalar

Yabancıların İkamet İzini İşlemlerinin Yürütülmesine Dair Yetkili Aracı Kurumlar Yönetmeliği Resmi Gazetede Yayınlandı

turkmenhabargullugy

Palwan Muhyýew

turkmenhabargullugy

V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Web-Saýty Açyldy

syrach