14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
DURMUŞ

Araly Halas Etmegiň Döwletara Toparyň Mejlisi

Paýtagtymyzda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň nobatdaky mejlisi boldy. Bu mejlis durnukly ösüş boýunça döwletara topara 2015—2016-njy ýyllarda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy. 

Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleri, iri halkara guramalaryň wekilleri — Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP), BMG-niň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk edarasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM), BMG-niň Ramsar Konwensiýasynyň Sekretariaty, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ), Bütindünýä bankynyň we beýlekileriň, şeýle hem olaryň howandarlygynda amala aşyrylýan halkara maksatnamalarynyň we taslamalarynyň wekilleri bar. 

Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş boýunça döwletara topar ekologiýa ýagdaýyny kadalaşdyrmak, Aral deňziniň sebitlerinde durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary işläp düzmek we maliýeleşdirmek maksady bilen, 1993-nji ýylda döredilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işçi düzümleriniň biri bolup durýar. 2008-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy derejesi berildi. Bu bolsa halkara guramalary, donor ýurtlar, ekologiýa gaznalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge oňyn täsirini ýetirdi. Hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde 2013-nji ýylda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde Baş Sekretar Pan Gi Mun tarapyndan goldanan “Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça maksatnama”, şeýle hem “Aralyň guramagynyň netijelerini aradan aýyrmak we Aral ýakasyndaky ekologik ulgamlaryň heläkçilige uçramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň maksatnamasy” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. 

Öz nobatynda, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň esasy wezipesi daşky gurşawy goramak we sebitiň durnukly ösüşiniň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasyna agza ýurtlaryň hereketlerini kadalaşdyrmak bolup durýar. Aşgabatda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binýadynda Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň ylmy-habar beriş merkezi döredildi. Ol durmuş-ykdysady ösüş, Aral meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça sebitara ylmy we ekologiki hyzmatdaşlyk boýunça maslahatlary işläp düzýär. Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň işinde 2006-njy ýylda Aşgabatda, Merkezi Aziýada Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak barada Çarçuwaly konwensiýa birnäçe ýurtlaryň gol çekmegi möhüm waka boldy. 

Şu günki duşuşygyň öňüsyrasynda Durnukly ösüş boýunça döwletara topara agza ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň iki günlük iş maslahaty boldy. Onuň barşynda şu günki mejlisiň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy we ylalaşyldy. Ol Aral ýakasynda ýaşaýan ilat üçin oňyn şertleriň döredilmegine, suw we beýleki tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna, bag ekmeklige we sebitiň çölleşmeginiň öňüni almaga, biologiki köpdürlüligi gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, howa ýagdaýlarynyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we şuňa meňzeşlere gönükdirilen milli tebigaty goramak strategiýalaryny, halkara ekologiýa maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly örän giň meseleleri öz içine alýar. 

Hususan-da, mejlisde Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň işiniň gün tertibiniň täze taslamasyna, “Daşky gurşawy goramakda sebitara hyzmatdaşlygyň institusional we hukuk binýatlaryny güýçlendirmek boýunça maksatnama”, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň Ekoportal ösüşiniň 2015—2017-nji ýyllar arasyndaky döwür üçin konsepsiýasyna, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň we BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamalarynyň arasynda gol çekmäge taýýarlanan Birek-birege düşünişmek boýunça täze Ähtnamanyň taslamasyna, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň ylmy-maglumat merkeziniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýeti (GIZ) bilen tebigy baýlyklary dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygyna seredildi. 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň sebitde daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň sebit meýilnamalarynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip düzülen “Suwuň hapalanmagy barada” we “Galyndylaryň dolandyrylyşy” boýunça sebitara taslamalary barada habarlary diňlenildi. Daşky gurşawy we durnukly ösüşi goramak babatda sebit hyzmatdaşlygynyň işleriniň 15 ýyllyk tejribesi we onuň netijeleri barada syn bilen Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň wekilleri çykyş etdiler. 

Suwly — batgalyk ýerleri dolandyrmak boýunça durnukly ulgamy işläp düzmek we ornaşdyrmak, guşlaryň esasy mesgen tutýan ýerlerini ýüze çykarmak, Merkezi Aziýada aýratyn goralýan tebigy zolaklary döretmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri BMG-niň Ramsar Konwensiýasynyň Sekretariaty tarapyndan taýýarlanan hasabatyň esasy ugurlary bolup durýar. 

BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýasynyň Sekretariatynyň başlangyjy bilen “Ýerleriň ýaramazlaşmagynyň ykdysadyýeti” hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Has gowulandyrylan azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine durnuklylygy dolandyrmak üçin howa şertlerine durnukly oba hojalygyny hem-de ýer serişdelerini durnukly gowulandyrmagy ilerletmek” taslamasynyň netijeleri duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mundan başga-da, mejlisde “Ýaşyl ykdysadyýete” geçmek meseleleri boýunça sebitleýin syn” we Merkezi Aziýa üçin “Durnukly ösüşiň maksatlary, durmuşa geçirmegiň gurallary we ileri tutulýan ugurlar” atly taslamalara garaldy, olar Merkezi Aziýa boýunça Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň maksatnamasynyň (ÝUNEP) Sebitara edarasy tarapyndan taýýarlanyldy, şeýle hem “Suw we energetika serişdeleri, daşky gurşaw hem-de gidrometeorologiýa boýunça maglumatlaryň elýeterliligini gowulandyrmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň işi hakyndaky” hasabat diňlenildi, bu hasabat bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekili çykyş etdi. 

Duşuşykda garalan beýleki meseleleriň hatarynda “Ýewropa üçin daşky gurşaw” atly Ministrleriň 8-nji maslahatyna taýýarlanmak meselesi bar, bu maslahaty şu ýylyň iýun aýynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar, onuň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. 

Tutuşlygyna alnanda, mejlisde diňlenilen hasabatlardan görnüşi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ähli döwletlerinde Aral ýakasynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler, biziň ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy konwensiýalaryny — bioköpdürlülik hem-de çölleşmäge garşy göreş boýunça, howanyň üýtgemegi babatynda, ozon gatlagyny goramak hakynda Wena konwensiýasyna we beýlekilere goşulmak bilen, häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge toplumlaýyn, hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň nusgasyny görkezýär. 

Hususan-da, Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn, yzygiderli üns berilýändigi bellenildi, sebäbi daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, innowasiýa häsiýetli “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de umuman, ekologiýa abadançylygy biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry derejesine çykaryldy. Ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda iri möçberli ähli milli özgertmeler maksatnamalary ilatyň durmuşyny ähli babatda abadanlaşdyrmagyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa kadalaryny berk berjaý etmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamasy” munuň aýdyň subutnamasydyr, olaryň çäklerinde sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriniň döredilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň hasabyna ilatyň iş bilen üpjünçilik ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. 

Aral ýakasynda durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak boýunça çäreleriň giň toplumy, şol sanda bu ekologiýa ýagdaýynyň has ýiti duýulýan Daşoguz welaýatynda bu ugurda degişli çäreler işjeňleşdirilýär. Welaýatyň çäklerinde iri möçberli maýa goýum taslamalary, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça, bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň şorlaşmagyna garşy çäreler geçirilýär. Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň ikinji nobatdakysynyň işleri dowam etdirilýär. Bu täsin gidrotehniki toplum ähli welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýygnanýan şorlaşan lagym suwlaryny bir ýere toplamak üçin niýetlenendir. Möçberi boýunça görlüp-eşidilmedik bu ägirt uly taslama Türkmenistan üçin hem, tutuş Orta Aziýa üçin hem uly ähmiýete eýedir, ol sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. 

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasy hem-de Milli tokaý maksatnamasy paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ilatly ýerleriniň töwereginde tokaý zolaklaryny döretmäge, oba hojalyk meýdanlarynyň daşynda gorag tokaý zolaklaryny emele getirmäge, daglarda arça, çöllük ýerlerde we kenar ýakalarynda gök zolaklary döretmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistan ekologiýa meseleleri ýaly aýratyn möhüm ähmiýetli ugurlarda halkara gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň hem-de giňeltmegiň, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär, tutuş adamzadyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga ýardam bermäge çalyşýar. Häzirki wagtda milli we sebit derejesinde durmuşa geçirilýän dürli taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasynyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy ýaly iri halkara guramalary we beýlekiler tarapyndan goldanylýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýä derejeli forumlarda, şol sanda durnukly ösüş boýunça “Rio+20” Bütindünýä sammitiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş meseleleri boýunça sammitiň, Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Ýaponiýada geçirilen BMG-niň Bütindünýä III maslahatynyň hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynyň belent münberlerinden öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. 

Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebit merkezini açmak baradaky teklip bar, onuň kadaly işlemegi üçin türkmen tarapy ýurdumyzyň paýtagtynda zerur bolan düzümleri döretmäge taýýardyr, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlar bar. 

Türkmenistanyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyna 2015—2016-njy ýyllarda başlyklyk etmek konsepsiýasy hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak we sebitiň ýurtlarynyň durnukly durmuş-ykdysady ösüş meseleleri boýunça ähli ugurlarda hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Mejlisiň işiniň jemleri boýunça Durnukly ösüş boýunça döwletara topara gatnaşýan ýurtlar tarapyndan daşky gurşawy we durnukly ösüşi goramak babatda sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça möhüm çözgütleriň birnäçesi kabul edildi we gol çekildi. 

Duşuşygyň ahyrynda Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilen myhmansöýerlik, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge ýardam berlendigi, durnukly sebit we ählumumy ösüşe gönükdirilen hem-de özara hormat goýmaga esaslanýan oňyn daşary syýasat strategiýasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Paýtagty Döwrebap Şäher Binagärliginiň Ajaýyp Nusgasy

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksine Goşmaça we Üýtgetme Girizmek Hakynda

turkmenhabargullugy

Yabancıların İkamet Başvurusunda Harç Ödemeleri Hakkında

turkmenhabargullugy