8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Arkalaşygyň Kubogynyň Ýeňişli Netijesi

Türkmen çapyksuwarlary 27-29-njy maýda Bişkekde geçen konkur boýunça Merkezi Aziýa ligasynda dünýä kubogynyň tapgyrynyň çäklerinde halkara ýaryşynda “Arkalaşygyň kubogyna” mynasyp boldular.

Atçylyk sporty boýunça ýöriteleşdirilen olimpiýa sport mekdebiniň manežinde geçirilen ýaryşa Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň iň güýçli türgenleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň çapyksuwarlary Milli atçylyk sport merkeziniň ahalteke bedewlerinde çykyş edip, birinji we ikinji orunlary eýelemek bilen iň oňat netijeleri görkezdiler.

1,20 metr beýiklikdäki  päsgelçilikli zolagy  Oguzkent diýen atda Hajymyrat Gyşykow päsgelçilikli zolagy ilkinji bolup geçdi. Nikolaý Beglarýan Toýçy diýen atda ikinji bolmagy başardy.

Üçünji orny  ýer eýeleriniň toparynyň wekili eýeledi. Türkmen çapyksuwarlarynyň abraýly ýaryşda üstünlik gazanmaklary olaryň ussatlygynyň artýanlygyny görkezýär.  Konkur görnüşi ýurdumyzda täzeden bäri ösdürilip başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça   sportuň bu görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna  girizilmegi sportuň bu görnüşiniň has-da ösmegine itergi berdi. 

Netijede atçylyk sportunyň bu görnüşiniň maddy–tehniki we amaly-okuw binýady hem hil taýdan ösüşe eýe boldy. Şu ýylyň  aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralaryň barşynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açyk konkur maneži ulanylmaga berildi. 

Bu täze bina 8,2 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaryş we türgenleşik meýdançasyny öz içine alýar. Manežiň meýdany, üpjünçiligi we enjamlaşdyrylyşy  bu ýerde ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. 

Mundan iki ýyl ozal bu ýerde multimediýa tehnikasy, at simulýatorlary we çapyksuwarlar üçin türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen ýapyk manežli okuw merkezi ulanylmaga berlipdi. 

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň güni mynasybetli geçirilýän at çapyşyklary we atly marafon bilen bir hatarda konkur boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek hem däbe öwrüldi. 

Türgenlerimiz germaniýaly tälimçi Katarina Ýakobyň ýolbaşçylygynda   Konkur bilen meşgullanýarlar. Onuň pikiriçe bilelikde iş geçirýän döwürleriniň dowamynda türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygy örän ýokary derejä ýetdi. Olara Aziada-2017-ä çenli galan döwürde türgenleşigiň depginini gowşatman, mümkin boldugyça dürli derejeli ýaryşlara gatnaşyp, ussatlyklaryny ýokarlandyrmak zerur. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke atçylygynyň hakyky muşdagy, Türkmenistanyň ussat çapyksuwary, atşynasy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde  atçylyk pudagyny ýokary sport derejelerini gazanýan kuwwatly industriýa öwürmek üçin ýurdumyzda ygtybarly binýat döredildi.  

Ine, şu ýyl hem pudak boýunça ähmiýetli waka-Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we Aba Annaýew adyndaky döwrebap nusgalyk obanyň açylyşy boldy. 

Adamlary gaýtalanmajak gözelligi we ýuwrukligi bilen haýran galdyrýan hem-de begendirýän behişdi bedewlerimiziň ýeten belentlikleri ýurdumyzyň milli atçylyk mekdebiniň  we atçylyk sportunyň öz ajaýyp däplerini üstünlikli ösdürip, täze sepgitleri eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Degişli makalalar

Belarusda Sambo Boýunça Geçirilen Ýaryşyň Fotosuratlary

Ilkinji Ýyldyzlar Belent Üstünliklere Tarap Badalga Aldylar

Halkara Futbol Bäsleşiginiň Jemleýji Duşuşygy Geçirildi