6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hepdäniň Wakalary

Ynha, eýýäm çärýek asyr bäri eziz Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly gadam urýar. Geçen 25 ýylyň içinde döwletimiz hemmetaraplaýyn berkäp, dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpli özgerýär we has-da gözelleşýär. Toplumlaýyn reformalaryň hem-de ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde Türkmenistan Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän düýpli durmuş özgertmeler syýasaty halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarymyz ýurdumyzyň geljeginiň, her bir raýatymyzyň bähbidine amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasyny düzýän taglymat bolup durýar. Ilatyň durmuş meselelerini çözmek maksadynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalaryň we şypahanalaryň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň ýüzlerçesi guruldy we gurulmagy dowam edýär. 

Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň sagdyn, ruhy we beden taýdan kämil neslini ösdürip ýetişdirmek meselelerine örän uly üns berýär. Çagalaryň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmek, olaryň zehinleriniň we ukyplarynyň ösmegi üçin ähli şertleri döretmek — hormatly Prezidentimiziň tagallalary hut şulara gönükdirilip, munuň özi ozaly bilen, eziz Watanymyzyň ykbaly, onuň mynasyp geljegi üçin ýokary jogapkärçilik bilen şertlendirilendir. 

Döwlet Baştutanymyzyň geçen hepdede Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň Serdar şäherinde gurlan “Dürdäne” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyndan başlanmagynyň hem çuňňur manysy bar. 

Bäş müň inedördül metr meýdanda ýerleşen hem-de her çalşykda ýaş türkmenistanlylaryň 300-sini kabul etmäge niýetlenen täze şypahanada çagalaryň göwnejaý dynç almagy, intellektual oýunlar bilen meşgullanmagy we döredijilik taýdan ösmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Ol Balkan welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça ýerli hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. 

Sagaldyş we dynç alyş merkeziniň abadanlaşdyrylan hem-de bagy-bossanlyga öwrülen çäginde tomusky ýüzülýän howuz, futbol, basketbol oýnamak üçin meýdançalar, tennis korty guruldy. Öz çagalaryny görmäge gelýän ene-atalar üçin üç gatly myhmanhana guruldy. 

Milli Liderimiz çagalar bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň, olaryň innowasion ugurlylygynyň ýaşlaryň döredijilikli oýlanmagyny, olaryň täze maglumat tehnologiýalaryny, daşary ýurt dillerini özleşdirmegini talap edýändigini belläp, mekdep okuwçylaryny has-da oňat okamaga çagyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Dürdäneden” ugramak bilen, çagalar sagaldyş merkezine täze awtoulaglaryň, şol sanda 42 orunlyk oňaýly “Yutong” awtobusynyň, “Forland” ýük awtoulagynyň, “Hyundai” sowadyjy awtoulagyň hem-de “Toyota” ýeňil awtoulagyň açarlaryny gowşurdy. 

Şeýle hem milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda täze durmuş maksatly desgalaryň – deňiz ýakasyndaky syýahatçylyk zolagynda guruljak häzirki zaman «Awaza» şypahanasynyň we Türkmenbaşy şäherinde bina ediljek köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. 

Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen söhbetdeş bolup, saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynda oturdylan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we beýleki degişli serişdeler lukmanlaryň ýokary derejede özleşdiren bilimleri hem-de başarnyklary bilen utgaşdyrylanda keselleri anyklamagyň, öňüni almagyň we bejermegiň ýokary netijelerini üpjün etmek mümkindir diýip belledi. 

Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda syýahatçylyk zolagynda bina edilýän täze desgalaryň birnäçesini, şol sanda köpugurly sport toplumyny we köpugurly awtoduralgany gözden geçirdi, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň edara binalar toplumynyň hem-de beýleki desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Içeri işler edaralarynyň dürli düzüm bölümleriniň işgärleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hukuk bozulmalarynyň we jenaýatçylygyň öňüniň alynmagyny, jemgyýetçilik tertibiniň goralmagyny, ýangyna garşy howpsuzlygyň üpjün edilmegini, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine gözegçiligi we beýlekileri görkezdi. IIM-niň ýolbaşçylaryna geljekde hem ýokary hünär derejeli ýaş işgärleri seçip almak boýunça işleri yzygiderli alyp barmak barada tabşyryk berildi, olar özleriniň hünär taýýarlygyny üznüksiz ýokarlandyrmalydyrlar, iş tejribesine iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak bilen häzirki zaman ýöriteleşdirilen tehniki serişdeleri işjeň özleşdirmelidirler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilen dürli kysymly hem-de dürli ýurtlarda, şol sanda Eýranda, Özbegistanda, ABŞ-da öndürilen awtoulaglar bilen tanyşdy. 

Şol gün döwlet Baştutanymyz deňizçi-serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan nobatdaky täze harby-gözegçi gämisini suwa goýbermek dabarasyna gatnaşmak üçin Hazar deňiz-serhet birikmesiniň gämi abatlaýyş kärhanasyna bardy. 

Bu gäminiň ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan hil babatynda halkara ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýa enjamlaryny hem-de awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak arkaly gurandyklaryny bellemek gerek. 

Türkmenistanyň goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy döwletimiziň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň kepili bolup durýan milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeler hem bu maksatlary ugur edinýär, onda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olary döwrebap enjamlar we iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylar üçin talabalaýyk gulluk we durmuş şertlerini döretmek, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär. 

Geçen hepdede ýurdumyzyň günbatar sebitiniň serhet galalarynyň birinde täze binalar toplumy açyldy. Bu waka milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň, şol sanda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň sütünlerini berkitmegi ugur edinýän harby ulgamda geçirýän özgertmeleriniň üstünliklere eýe bolmagynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Umuman, Balkan welaýatyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny sebitde amala aşyrmagyň, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň meselelerine 26-njy maýda welaýatyň dolandyryş merkezinde — Balkanabat şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda garaldy. 

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde senagat taýdan ösen bu sebitde 3 milliard 723 million manatdan hem gowrak maýa goýumlary özleşdirildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy batly depginler bilen ösýär. Häzirki wagtda bu ýerde myhmanhanalaryň, dynç alyş öýleriniň we sagaldyş merkezleriniň 30-a golaýy adamlara hyzmat edýär. Olaryň syýahatçylaryň we dynç alýanlaryň birbada 10 müňe golaýyny kabul etmäge mümkinçiligi bar. 

Soňky döwürde welaýatda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisi, Belek — Türkmenbaşy nebit geçirijisi, jaý gurluşyk kärhanasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda üç sany iri desga, Bereket we Serdar etraplarynda asfaltbeton zawodlary, 300 orunlyk çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi, köp sanly beýleki desgalar, şol sanda umumy meýdany 446 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, 125 sany durmuş maksatly binalar we desgalar gurlup, ulanmaga berildi. 

Welaýatda uzynlygy 1300 kilometre golaý suw geçirijiler, 200 kilometrden gowrak awtomobil ýollary, 2100 kilometre golaý elektrik geçirijileri we 1800 kilometr gaz geçirijileri guruldy. Birnäçe maldarçylyk toplumlary, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan 25 sany täze desga işe girizildi. 

Hökümetiň göçme mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň çäklerinde ýüzlerçe desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň hatarynda Türkmenbaşy etrabyndaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Türkmenbaşy halkara deňiz porty, «Aşgabat—Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýoly, awtomatlaşdyrylan telefon beketleri, Bereket we Serdar etraplarynda bäş sany maldarçylyk toplumy ýaly iri desgalar bar. Welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy hem yzygiderli gowulanýar, obadyr şäherleriniň keşbi özgerýär. 

Kabul edilen Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda diňe 2008—2016-njy ýyllarda 6,5 milliard manada barabar maýa goýumlary özleşdirildi. Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen, welaýatda soňky döwürde 27 müňden gowrak maşgala mellek ýerleri berildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Häzirki döwürde Serdar etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginde 300 hojalyga niýetlenen, ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen täze obanyň, Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginde hem 300 hojalyk üçin döwrebap şäherçäniň gurluşygy alnyp barylýar. 

Şonuň bilen birlikde, mejlisde bellenilişi ýaly, gazanylan üstünliklere garamazdan, häzir welaýatda kemçilikler bar. Welaýatda Oba milli maksatnamasy, beýleki maksatnamalar talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meselelerde kemçiliklere ýol berilýär. Şu sebäbe görä, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewe berk käýinç yglan edildi, etraplaryň ikisiniň we iki şäheriň häkimleri, şeýle hem Balkanabat we Serdar şäherleriniň häkimleriniň gurluşyk boýunça orunbasarlary eýeleýän wezipelerinden boşadyldy, häkimleriň altysyna berk käýinç yglan edildi. 

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň “Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” Karary barada habar berildi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň teklipleri göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň düzümine 6 etrap, 2 şäherdäki etrap, 5 etrap hukukly şäher, 5 etrapdaky şäher, 13 şäherçe, 33 geňeşlik hem-de 112 oba girýär. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe Türkmenistanyň Mejlisi we Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde Topar döretmegi we onuň düzümine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerini girizmek barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz bu Toparyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýatyrylan Garabogaz şäheriniň hasabyndaky binalary we desgalary başga hasaba geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri seljermek bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrap häkimliginiň işgärler düzüminiň sanawyna gaýtadan seretmek hem-de oňa zerur üýtgetmeleri girizmek barada aýdyp, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak we Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek barada tabşyryk berdi. 

Geçen hepdäniň başynda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda milli Liderimiz orak möwsümini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek maksady bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 1-nji iýunda, Daşoguz welaýatynda bolsa 8-nji iýunda galla oragyna başlamagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýüpekçilerini pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany berjaý edendikleri bilen gutlap, olaryň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde gazanylan bu ajaýyp üstünligiň buýsandyryjy wakadygyny aýratyn belledi. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynyň çig mal binýadynyň has-da pugtalandyrylmagynda möhümdir. 

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen hepdede geçirilen bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada durup geçmek bilen, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap edip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde ösüşi üpjün etmek maksadynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça degişli tabşyryklar berildi. 

Mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryny ösdürmek, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünmesini tertipleşdirmek, düzgün bozmalara garşy göreşmek, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler boldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Norman bin Muhamad bilen geçiren duşuşygynda abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklarynyň geljegine garaldy. Türkmenistan we Malaýziýa dünýäniň gün tertibiniň esasy meseleleri, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşe ýardam etmek bilen bagly meseleler boýunça garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigini görkezýärler diýip, taraplar bellediler. 

Milli Liderimiziň Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň ýolbaşçysy Suma Çakrabarti bilen geçiren duşuşygynyň barşynda dünýäniň maliýe-ykdysady ulgamynyň häzirki ýagdaýyny nazara almak bilen, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda we beýleki pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça teklipler söhbetdeşligiň esasy meseleleri boldy. 

Şeýle hem Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmagynyň mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ýurdumyzyň 2015—2016-njy ýyllarda DÖDT-de başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparynyň (DÖDT) nobatdaky mejlisinde Aral ýakasynda ýaşaýan ilat üçin oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilen milli tebigaty goramak strategiýalaryny, halkara ekologiýa maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrmak, şeýle hem “Ýewropa üçin daşky gurşaw” atly Ministrleriň 8-nji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. 

Şeýle hem Aşgabat häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak, hususan-da, adam söwdasyna garşy göreşmek babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan sebit maslahatynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Onuň işine ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Awstriýadan, Albaniýadan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, Moldowadan, ABŞ-dan we Çehiýa Respublikasyndan myhmanlar gatnaşdylar. 

Ýeri gelende ýatlasak, şu ýylyň martynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016—2018-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar kabul edilen resminamanyň aýratyn möhümdigini belläp, onda meýilleşdirilen ähli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny gös-göni üpjün etmäge, ilatyň durmuş-hukuk goraglylygyny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

Geçen hepdede Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň 15-nji söwda-sergisine gatnaşdy. Türkmen eksport harytlarynyň sergisi önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürmäge ukyply gaýtadan işleýän pudaklaryň häzirki zaman düzümlerine esaslanýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. 

Rumyniýanyň paýtagty Buharestde öz eksponatlaryny Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýi we Şekillendiriş sungaty muzeýi görkezdiler. Bu çäre Ýewropa ýurdunda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine ajaýyp öwüşgin çaýdy. 

Geçen hepdäniň ahyrynda biziň ýurdumyz Türkmen halysynyň baýramyny belledi. Şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda baýramçylyk duşuşyklary, çeperçilik sergileri we bäsleşikleri, konsertler we teatrlaşdyrylan çykyşlar, öz işiniň ussatlaryny we pudagyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabaralary geçirildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elde dokalan halylaryň baky gözelligi barada söhbet açýan, türkmen, iňlis we rus dillerinde ýokary çaphana derejesinde neşir edilen “Arşyň nepisligi” atly kitabynyň çapdan çykmagy baýramçylyk dabaralarynyň öňýanynda şanly waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bäş ýyl mundan öň neşir edilen “Janly rowaýat” atly kitaby ýaly, täze neşir hem türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň esasyny düzýän milli halyçylyk sungatyna bagyşlandy. 

Milli halyçylyk barada awtoryň oýlanmalaryny öz içine alan hem-de mähriban halkymyzyň medeniýetine uly söýgi we hormat içinden eriş-argaç bolup geçýän ajaýyp neşiriň tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde, ýokary okuw mekdeplerinde hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirildi. 

“Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza Ýewropa we Aziýa döwletleriniň ençemesinden myhmanlar geldiler. Her gün bizi ýurdumyzyň sport durmuşyndaky esasy waka — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýakynlaşdyrýar. 

Biziň jemgyýetimizde sport köp sanly tarapdarlaryna, has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy görelde görkezýär. Milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda hem özüniň durmuş ýörelgesine öwrülen hemişeki endigine eýermek bilen, sport bilen meşgullanmaga, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça welosipedli gezelenç etmäge wagt tapdy hem-de köpugurly sport toplumynda sport maşklaryny ýerine ýetirdi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporta, ilkinji nobatda bolsa, adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny berkitmekde iň netijeli serişdeleriň birine aýratyn üns bermegi yzygiderli amala aşyrylýan durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, bu syýasatyň maksady bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň hil derejesini ýokarlandyrmak, berk bedenli hem-de ruhubelent nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda stadionlaryň, suw toplumlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde Orta Aziýada iri sport desgasynyň üçünji nobatdakysy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. 

27—29-njy maýda bäş müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk toplumda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde synag sport çäresi hökmünde sambo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň 17 ýurdundan— Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Şri Lankadan, Singapurdan, Pakistandan we beýleki döwletlerden türgenleriň 400-e golaýy geldiler. Olar erkekleriň, zenanlaryň we ýetginjekleriň arasynda sambonyň sport we söweş görnüşlerinde medallar ugrunda bäsleşdiler. 

Şeýle hem wekiliýetleriň düzümine sport žurnalistleri, tälimçiler, hünärmenler girdi. Russiýaly hünärmenler sambo boýunça Aziýa çempionatynyň geçiriljek ýeri bilen tanşyp, Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynyň halkara ülňülerine laýyk gelýändigini bellediler. Olar, hususan-da, bu toplumy dünýä möçberindäki ýaryşlary kabul eden döwrebap sport desgalarynyň hatarynda goýdular. Myhmanlaryň pikirine görä, Aşgabat ýokary derejeli ýaryşlary geçirip bolýan şäherleriň sanawyna girýär. 

Çempionata hyzmat etmek üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-syndan meýletinçileriň 400-den gowragy çekildi. Mundan başga-da, Bütindünýä antidoping agentliginiň (WADA) talaplaryna laýyklykda, ýaryşlaryň geçirilýän wagty türgenler doping barlagyndan geçdiler. 

Umumylykda 66 medaly — 21 sany altyn, 26 kümüş we 19 bürünç medallary gazanmak bilen, Türkmenistanyň ýygyndysy umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýeledi. Onuň yzy bilen Özbegistanyň ýygyndy topary 55 medal bilen gelýär. Ýeňijileriň birinji üçlügini bolsa 43 medal bilen Gazagystanyň topary jemledi. 

Sambo boýunça Aziýa çempionaty diňe türkmen türgenleriniň uly mümkinçiliklerini däl-de, eýsem, ýurdumyzyň hünärmenleriniň guramaçylyk ukyplaryny hem görkezip, biziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygymyzyň ýokary görkezijisine öwrüldi. 

Geçen hepdede türkmen çapyksuwarlary hem tapawutlanmagy başardylar. Olar 27—29-njy maýda Bişkekde geçen konkur boýunça Merkezi Aziýa ligasynda dünýä kubogynyň tapgyrynyň çäklerinde halkara ýaryşynda “Arkalaşygyň kubogyna” mynasyp boldular. 

Ýaryşa Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň iň güýçli türgenleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň çapyksuwarlary Milli atçylyk sport merkeziniň ahalteke bedewlerinde çykyş edip, birinji we ikinji orunlary eýelemek bilen, iň oňat netijeleri görkezdiler. 

Türkmen çapyksuwarlarynyň abraýly ýaryşda üstünlik gazanmaklary olaryň ussatlygynyň artýanlygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça sportuň bu görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi sportuň bu görnüşiniň has-da ösmegine itergi berdi. 

Atlylaryň 17-si ýurdumyz boýunça 500 günlük ýörişi dowam edip, baran ýerlerine sport, ýaşlyk we saglyk baýramçylygyny dabaralandyrýarlar. Geçen hepdede olar Merkezi Garagumda ýerleşýän Içoguz demir ýol menziline baryp ýetdiler. Bu menzil ymgyr çölüň içinden polat ýoluny çeken türkmen demirýolçularynyň tutanýerli zähmetiniň nyşanyna öwrüldi. Ajaýyp bedewlere atlanan jigitleri garşylamak çäresi dürli öwüşginli dabara öwrülip, biziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň, döredijiligimiziň çuňňurlygyny we gözelligini açyp görkezýär. 

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýaly, ýurdumyzyň ykdysady we ruhy rowaçlygyň belentliklerine okgunly hereketiniň beýanyna öwrüldi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görýän ýylynda geçirilýän çäreler aýratyn ähmiýete eýe bolup, eziz Watanymyzyň we bagtyýar halkymyzyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda röwşen geljegine barýandygynyň, biziň Berkarar döwletimiziň bolsa eşretli mekana öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Degişli makalalar

Türkmen-türk gatnaşyklary ösýär.

syrach

BİLDİRİŞ

syrach

Orta Aziýany Pars aýlagyna birleşdirjek demir ýol liniýasynýň gurluşygy dowam edýär.

syrach