10.9 C
Aşkabat
23.11.2024
DURMUŞ

Ýaşajyk Türkmen Skripkaçysy

“Mukam” skripkaçylar toparynyň iň ýaşajyk sazandasy Elina Gurbanowa Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyndaky Uly Kreml köşgüniň Georgiýew zalynda maý aýynynyň ahyrynda geçirilen “Nesilleriň mukamy” atly IV halkara çagalar saz festiwalynda ýurdumyza ilkinji gezek wekilçilik etdi.

Bu abraýly saz festiwaly däp boýunça Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilýär, oňa köp ýurtlaryň saz bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýaşajyk sazandalar gatnaşýarlar we bu çäre halkara medeni gatnaşyklaryny giňden ösdürmäge ýardam berýär. Bu festiwalyň  Moskwa Kremlinde guralmagy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezident orkestriniň bu medeni çäräniň saz üpçünçiligini alyp barmagy oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. 

Biziň ýurdumyzyň saz sungatynyň ýaşajyk wekiliniň şunuň ýaly iri göwrümli medeni çärä gatnaşmak üçin çagyrylmagy ýurdumyzda medeni gymmatlyklary gorap saklamak we artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimizi ösdürmäge, ony dünýäde wagyz etmäge, zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň ykrar edilmegidir. 

Bu gezekki saz festiwalyna Abhaziýadan, Ermenistandan, Belarusdan, Wýetnamdan, Hytaýdan, Serbiýadan we Russiýanyň dürli sebitlerinden zahinli sazandalar gatnaşyp, dünýä nusgawy saz gungatynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. 

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ikinji synp okuwçysy Russiýa Federasiýasynyň Prezident orkestriniň sazandarlyk etmeginde A.Komarowskiýniň 2-nji konsertiniň birinji bölümini ýerine ýetirdi. Elina diňe bir saz guralyna ussatlyk bilen erk edýändigini, saz eserini gowy bilýändigini subut etmek bilen çäklenmän, dünýäniň iň gowy orkestrleriniň biri bilen sazlaşykly goşulyşmagy hem başardy. Türkmen skripkaçysynyň Prezident orkestry bilen bilelikde ilkinji gezek çykyş edendigini hem bellemek gerek. 

Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary artist üçin iň uly baýrakdyr. Russiýa Federasiýasynyň Prezident diwanynyň wekilleriniň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, belli sazandalaryň, dirižýorlaryň, şeýle hem ýaşajyk tomaşaçylaryň ýygnanan şu günki saz baýramynda ýaňlanan el çarpyşmalar türkmen skripkaçysynyň zehinine berlen ýokary baha boldy. Bu festiwalyň geçirilmeginiň taryhynda oňa gatnaşan iň ýaşajyk sazanda diňe bir öz zehini bilen däl-de, enaýyja keşbi bilen hem, aýratyn öwüşginli milli lybasy bilen hem tomaşaçylaryň üns bermegine mynasyp boldy we oňa hormat hökmünde kompozitor A.Agajykow tarapyndan gaýtadan işlenilen “Käkilik” türkmen sazy bilen çykyş etmek hukuky berildi. 

Ýaşajyk kärdeşiniň gowşuran ajaýyp gül dessesi diňleýjileriň Elina Gurbanowa bolan mähirli duýgularynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Türkmen skripkaçysynyň tomaşaçylarda galdyran ýakymly täsiri barada çäräniň guramaçylarynyň we diňleýjileriň tolgundyryjy seslenmeleri hem şaýatlyk edýär, olar Elina we onuň mugallymlaryna festiwala gatnaşyp şatlyk paýlandyklary, türkmen sazynyň hem-de kalbynyň öwüşginini açyp görkezendikleri üçin hoşallyk bildirdiler.

Degişli makalalar

Ahalda Täze Çagalar Sagaldyş we Dynç Alyş Merkezi Guruldy

syrach

Ýyldyz Myhmanhanasy

syrach

Zenan bolmagyň ýokary mertebesi.

syrach