15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň netijelerine garaldy.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ý.Berdiýew ýaýbaňlandyrylan uly harby özgertmeleriň çäklerinde ministrligiň ähli düzümlerinde ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýasyny ornaşdyrmak hem-de harby düzümlerde alnyp barylýan okuwyň hilini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Şeýle hem ministr paýtagtymyzdaky B.Annaýewiň adyny göterýän 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde şu ýyl ilkinji uçurymlaryň goýberilendigini aýtdy. Mundan başga-da, ol mukaddes Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli guraljak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin kesgitlenen wezipeleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, berlen görkezmeleriň mundan beýläk-de yzygiderli berjaý edilmelidigini tabşyrdy. 
Aýratyn-da, harby gulukçylaryň hünär derejesini harby mekdeplerde berilýän bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bu babatda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek meseleleri ýurdumyz ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň möhüm ugrudyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu babatda alnyp barylýan işleri kämil derejede dowam etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýewe  şu ýylyň bäş aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Watanymyzyň araçäkleriniň ygtybarlylygyny we eldegrilmesizligini üpjün etmäge, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de serhetçileriň söweşjeň taýýarlygyna degişli ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy döwlet özygtýarlylygynyň sütünlerini pugtalandyrmakda hem-de goramakda, dostlugyň we hoşniýntli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerini saklamakda serhet gullugynyň ähmiýeti hem-de orny barada aýdyp, serhetçileriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň we abadançylygynyň goragynda örän sak durup, Watan goragçylary diýen belent ady ödemekleri ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow 2016-njy ýylyň geçen bäş aýynda jemgyýetçilik düzgün-tertibini goramak, ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak, dürli görnüşli, şol sanda ýurdumyzyň ulag ýollarynda hukuk düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça  IIM-niň  düzümleriniň alyp baran işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagymyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, ýollarda hereket howpsuzlygyny ýola goýmak boýunça işlenip taýýarlanylan gündelik meýilnama we onuň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty  diňläp, jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýynyň goralmagynyň hem-de hukuk düzgüniniň saklanmagynyň wajypdygyny  nygtap, hukuk goraýjy edaralaryň öz hatarlarynyň düzgün-tertibini pugtalandyrmagyň we arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Bu edaralaryň işgärleri batyrgaýlygyň, jogapkärçiligiň hem-de öz harby we raýatlyk borjuna ygrarlydygynyň nusgasyny görkezmelidirler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen her bir adamyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we goramagyň zerurdygy barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomsuň gelip ýetmegi hem-de gurak howanyň aralaşmagy bilen ýangynlaryň döremek mümkinçiliginiň artýandygyny belläp, ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak üçin hemme zerur çäreleri görmegi, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine, şol sanda ýangyn söndürmegiň ilkinji serişdeleriniň üpjün edilişine yzygiderli barlaglary geçirmegi talap etdi. 

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew  ýolbaşçylyk edýän düzüminde 2016-njy ýylyň bäş aýynda prokuratura edaralary tarapyndan milli kanunçylygyň berjaý edilişine degişli alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem baş prokuror döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyňý erine ýetirilişi barada aýdyp, ýurdumyzyň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çäreler barada hasabatda aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz prokuratura işgärleriniň üstüne ýüklenen uly jogapkärçiligi nygtap, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak ýaly wajyp meselelere mundan beýläk-de örän uly üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada birnäçe görkezmeleri berdi. 

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew şu ýylyň başyndan bäri kazyýet ulgamyny hem-de kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarynda içinde üstünlikli alnyp barylýan hukuk özgertmeleriniň  uly ähmiýete eýedigi barada aýdyp, kanunyň pugta berjaý edilişiniň kepili bolan kazyýet edaralarynyň işiniň adamlaryň bagtyýarlygy we abadançylygy ileri tutulýan döwlet derejelerine çykarylan ýurt bolan Türkmenistanyň syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine doly gabat gelmelidigini belledi.

Soňra Milli howpsuzlyk ministri  D.Baýramow şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda  alnyp barlan işler,  täze taryhy eýýamyň–Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik wezipelerini durmuşa geçirmekde kesgitleýji ýagdaý bolan milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, özygtyýarly döwlet hökmünde Türkmenistanyň parahatçylygyň, asudalygyň hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň kepili bolup çykyş edýän milli howpsuzlyk barada ýadawsyz alada etmelidigini nygtady. 

Soňra  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň we görkezmeleriniň berjaý edilişi barada hasabat berdi.  Şeýle hem hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde Türkmenistanyň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwrülýändigini, şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ulaglarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýdyp, gullugyň başlygy gümrük çärelerini döwrebap alyp barmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada habar berdi.  

Döwlet Baştutanymyz gullugyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän ýükleri örän ünsli gözden geçirmegi üpjün etmek boýunça hemme çäreleri  görmegiň, şeýle-de  işgärleriň wezipe borçlaryny birkemsiz berjaý etmelidiklerine düzümleriň ählisinde düzgün-tertibi güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi hökmünde ykrar edilýändigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara ülňülerine we kabul edilen uumy kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny aýratyn belledi.   

Döwlet mirgasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow hasabat döwründe alnyp barlan işler, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň migrasiýa işlerini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow depginli ösýän häzirki zaman Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň barha artýan gyzyklanmasyny aýdyň tassyklaýan ýagdaý bolan ýurdumyza gelip gidýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň soňky ýyllarda köpelýändigini  kanagatlanma bilen belläp, Migrasiýa gullugynyň öňünde durýan ilkinji wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B. Muhammedow döwlet Baştutanymyza kanunçylyk binýady yzygiderli pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, ony täze taryhy eýýamyň hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryň talaplaryna laýyk getirmek, hereket edýän kanunlary ilata düşündirmek boýunça geçen bäş aýda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp,  ministrligiň işgärleriniň beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde guraýan raýatlary jemgyýetçilik kabul edişligiň çäklerindäki yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň hasabyna hukuk kömegini bermegiň iş tejribesini dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem Adalat ministrliginiň ýolbaşçysyna hereket edýän kanunçylygy seljermegiň esasynda geljekde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam etjek döwrüň talap edýän täze kadalaşdyrjy-hukuk namalary  işläp düzmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijelerini jemläp, ýurdumyzda saklanylýan parahatçylygyň we asudalygyň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň esaslaryny, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini belledi. Milli Liderimiz geçirilýän düýpli harby özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ähmiýetini aýratyn nygtap, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli  taýýarlamaga hem-de edermen Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga  döwletimiziň mundan beýläk-de ilkinji derejeli üns berjekdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde ýurdumyzyň harby we hukuk edaralarynda möhüm ornuň degişidigini belläp, meýilleşdirilen çärelere, aýratyn-da dabaraly harby ýörişe degişli düzümleriň ýokary derejede taýýarlyk görmegi barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de  mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

syrach

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ykdysady ylmy işi täjik dilinde neşir edildi

syrach

Köpugurly Sport Toplumynda Kaşaň Olimpiýa Stadiony Guruldy