8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hormatly Telekeçiler!

Hormatly telekeçiler!
Hormatly adamlar!

Ýubileý ýylynda we Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda şu gün siziň bilen duşuşyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem bar bolan meseleler barada siziň pikiriňizi diňlemek we olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak barada karara geldim.

Biziň duşuşygymyzda göz öňünde tutulan esasy meselelere geçmezden öň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada gysgaça durup geçmek isleýärin. 

Şeýle hem, häzirki döwürde ýurdumyzyň Hökümetiniň çözmek boýunça iş alyp barýan meselelerini gysgaça beýan etmek isleýärin. 

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti örän çylşyrymly ýagdaýy başdan  geçirýär. Dünýäde çig mal serişdeleriniň nyrhlary ep-esli peseldi. Şeýle kynçylykly şertlerde, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň netijesinde, jemi içerki önümiň möçberiniň artyşyny 6 göterim derejede saklamagyň bize başardýandygyny bellemek isleýärin. 

Bu bolsa, Döwlet býujetini zerur serişdeler bilen üpjün etmäge, ýurdumyzyň ilaty üçin kanunçylykda göz öňünde tutulan ähli ýeňillikleri saklamaga we göz öňünde tutulan durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge bize mümkinçilik berýär. 

Biz bahasy milliardlarça dollar bolan köp sanly desgalary bina edýäris. Şeýle hem, täze obalary, ýaşaýyş jaýlaryny, ýollary, halkara gaz geçirijilerini we beýleki köp sanly üpjünçilik ulgamlaryny gurýarys. 

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenjek ýylyna çenli paýtagtymyz ��” ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň keşbini tanalmaz derejede özgertdik. Ýurdumyzyň  şäherleri we obalary hem özgerip, ajaýyp keşbe eýe boldy. 

Döwletimiziň Hökümeti we Mejlisi hem ýurdumyzyň ösüş depginini ýokary derejede saklamak, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işleri amala aşyrýar. 

Hormatly telekeçiler!
Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, biz ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini emele getirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledik. Öňde goýlan bu wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirýäris. Bu ugurda zerur kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň telekeçilerine uly guramaçylyk we maliýe goldawy berilýär. 

Bu goldaw eýýäm özüniň oňat netijelerini hem berýär. 

Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan onlarça iri önümçilik kärhanalary, söwda toplumlary we hyzmatlar ulgamynyň desgalary gurlup, ulanmaga berildi. 

Şolaryň hatarynda, ýurdumyzda örän iri «Guş toplumy» hususy kärhanasyny, «Hasar» süýji-köke önümlerini öndürýän hojalyk jemgyýetini, «Bereketli» et we şöhlat önümlerini öndürýän hojalyk jemgyýetini, «Aýbölek» haryt nyşanly mebel fabrigini, «Sahabatly» we «Ajaýyp ussat ��” halal önümleri» hojalyk jemgyýetleriniň maldarçylyk toplumlaryny, «Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Bekre balygyny we onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän kärhanasyny aýratyn bellemek isleýärin. Şeýle hem, şol desgalaryň hatarynda «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly kärhanasy, «Hilli alýumin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Kagyz önümçilik toplumy, «Berkarar» we «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezleri hem-de köp sanly beýleki desgalar bar. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk azyk önümleriniň 90 göterimden gowragy, senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragy öndürilýär. Şonuň ýaly-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatlaryň 90 göterimden gowragyny telekeçilerimiz amala aşyrýarlar. 

Häzir ýurdumyzyň ilatynyň ete, şol sanda towuk etine, süýde, ýumurtga bolan islegleri hususy önüm öndürijileriň hasabyna üpjün edilýär. 

Şeýle hem, ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri ilatymyzy gök -bakja we miwe önümleriniň esasy bölegi bilen üpjün edýär. 

Ýurdumyzyň telekeçileriniň durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalary gurmakda gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen ýokary baha berýärin. 

Aşgabat şäheriniň 13-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynda telekeçilerimiz tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 

Telekeçilerimiz söwda we hyzmatlar ulgamynda hem möhüm orny eýeleýärler. Siz diňe bir ýokary derejede hyzmatlary etmek bilen çäklenmän, eýsem köp sanly täze iş orunlaryny hem döredýärsiňiz.     

Bu bolsa, örän möhüm durmuş wezipesidir. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň durmuş-ykdysady derejesi günsaýyn gowulanýar. Bu bolsa, elbetde, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň ajaýyp netijesidir. 

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça gazanylýan üstünliklere hem telekeçilerimiz uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň wekillerine döwletimiziň uly ynam bildirýändigini we bil baglaýandygyny bellemek isleýärin!

Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl biz ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ��” Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamaga taýýarlyk görýäris.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň maddalarynyň birinde telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermegiň düzgünleriniň bellenjekdigine men berk ynanýaryn!

Hormatly telekeçiler!

Häzirki döwürde biz siziň öňüňizde uly maksatlary goýýarys:

Bäsleşige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen, ýokary hilli önümleri öndürmek örän möhüm wezipeleriň biridir. 

Bu önümler halkara ölçeglerine laýyk gelmelidir. Şeýle hem, söwdany talabalaýyk ýola goýmak we ýurdumyzyň ilatyna ýokary derejede hyzmatlary etmek ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. 

2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümiň möçberinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly däl pudagynyň paýy 70 göterime ýetirilmelidir. Ýurdumyzyň telekeçileri döwletimizde azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydyrlar. 

Şeýle hem, telekeçilerimiz  «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013��”2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany», «Türkmenistanyň durmuş- ykdysady ösüşiniň 2011��”2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmaga gatnaşmalydyrlar. 

Şonuň ýaly-da, telekeçiler 2017-nji ýylda Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mynasyp goşant goşmalydyrlar. 

Täze gurulýan önümçilik kärhanalaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine, işgärleriň işlemegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns bermeli. 

Telekeçilerimiz öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen olaryň maýa goýumlaryny çekmek arkaly bilelikdäki kärhanalary döretmelidirler. 

Şeýle hem, ýurdumyzyň telekeçileri daşary ýurtlarda netijeli iş alyp barmalydyrlar. Sebäbi, telekeçilerimiz işewürlikde, hususan-da, gurluşyk işewürliginde uly üstünlikleri gazandylar. 

Olar desgalary ýokary hilli gurýarlar. Bu bolsa, telekeçilerimiziň daşary ýurtlarda hem işewürligi alyp barmagy üçin wagtyň gelip ýetendigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Hususy telekeçiler ykdysadyýetiň täze pudaklarynda iş alyp barmaga çekilmelidir. 

Olar iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen, uglewodorod serişdelerinden başga ýerüsti we ýerasty gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary özleşdirmäge girişmelidirler. Bu bolsa, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge mümkinçilik berer. 

Syýahatçylyk telekeçilerimiziň alyp barýan işlerinde möhüm we ileri tutulýan ugra öwrülmelidir. Biz Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretdik. 

Eziz Watanymyzyň dürli sebitlerinde sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalar hereket edýär. 

Ýurdumyzyň özboluşly, ajaýyp tebigaty, şeýle hem köp sanly taryhy ýadygärlikleri myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. 

Türkmenbaşy şäherinden Esengula çenli aralykda Hazaryň bütin kenarynda myhmanhanalary we dynç alyş toplumlaryny gurmagy dowam etdirip bolar. Bu sebitde ähli zerur üpjünçilik ulgamlaryny döretdik. Biz Hazar deňziniň bütin kenaryndan geçýän halkara demir ýoluny gurduk. Bu sebitde elektrik energiýasynyň çeşmeleri, tebigy gaz, ýollar, ajaýyp ekologiýa şertleri bar. 

Bu sebite ýakyn ýerde sement zawody, gurluşyk serişdeleriniň känleri ýerleşýär. 

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň Hökümetine hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň netijeli işlemegi bilen bagly meseleleri öwrenmegi we olaryň işlemegi üçin amatly şertleri döretmegi tabşyrýaryn. 

Hormatly telekeçiler!
Hormatly adamlar!

Häzir men «Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreler hakyndaky» karara hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna dürli taslamalary amala aşyrmak üçin ýer böleklerini bermek hakyndaky buýruga gol çekeýin. 

Şeýle hem, ýurdumyzyň Mejlisine we Hökümetine telekeçileriň taýýarlan beýleki tekliplerine seretmegi we olar boýunça degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrýaryn. 

Hormatly telekeçiler!

Eziz Watanymyzyň durmuş – ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmegi hem-de ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermek üçin, bahasy birnäçe milliard amerikan dollary bolan kaliý dökünlerini öndürýän kärhananyň we «Aşgabat��”Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny potratçy hökmünde amala aşyrmagy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanmak  barada karara geldim. 

Siziň bildirilen bu uly ynamy abraý bilen ödäp, bu desgalary ýakyn wagtlarda ýokary hilli gurup, ulanmaga berjekdigiňize berk ynanýaryn!

Men ýurdumyzda telekeçilik işini ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw  berýärin. Şu gün hem telekeçilere mundan beýläk-de goldaw berjekdigim barada sizi ynandyrmak isleýärin!

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Etdiler

syrach

Aşgabatda Pagta Önümleriniň Sergi-Ýarmarkasy we Halkara Maslahaty Açyldy

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň…