14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Atawatan Türkmenistan” Halkara Žurnalynyň Ýörite Sany

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna saparyna gabatlap, türkmen we iňlis dillerinde neşiriň ýörite sanyny taýýarlady. 

Giriş makalasynda bellenilişi ýaly, žurnalyň bu sanynda çap edilen makalalar toplumy ýurdumyzyň ýeten sepgitlerini Ýer ýüzünde wagyz etmek ýaly wezipä gönükdirilendir hem-de türkmen-german döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlaryny beýan edýär. 

GFR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Margret Maria Ýubberiň makalasy “Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň hili baýlaşýar” diýlip atlandyrylýar. 

Ol öz makalasynda Germaniýanyň Türkmenistana Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatynda örän möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belleýär. 

Makalada söwda-ykdysady ulgamdan başlap, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara çenli ähli ugurlarda we dürli derejelerde türkmen-german hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigi bellenilýär. Häzirki wagtda nemes kompaniýalarynyň 60-sy ýangyç-energetika toplumynda, azyk senagatynda, maşyn gurluşygynda, maglumat-neşirýat ulgamynda, logistikada we ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda üstünlikli işlemek bilen, Türkmenistanda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürýärler. 

Ilçi “Biz heniz peýdalanylmadyk mümkinçilikleri herekete girizip, türkmen hyzmatdaşlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýäris” ��” diýip, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hadysalaryň öňüni almak, şol sanda Ýewropa Bileleşigi ��” Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek wezipelerini möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. GFR-iň doly ygtyýarly wekili Federal kansler Angela Merkel bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 



Žurnalyň ýörite sanynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary bolan nebitgaz toplumy, lukmançylyk, dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, bilim, hukuk hem-de kanun çykaryjylyk baradaky makalalar ýerleşdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depgini bu ulgamda 2011-nji ýyldan başlap görkezilen möhüm wakalaryň sanawynda öz beýanyny tapýar. 

“Türkmenistan: Ýewropa energiýa howpsuzlygynyň kepili” atly makalada ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, şol sanda Germaniýa bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seljerme berilýär. 

Beýleki makalalarda türkmen hünärmenleriniň Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) bilermenleri bilen hukuk babatynda netijeli hyzmatdaşlygy, “Siemens” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleri, onuň gurluşyk tehnologiýalary, sement önümçiligi babatynda taslamalary barada gürrüň berilýär. 

Ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň yglan edilmegi bilen baglylykda Parfiýa eýýamynyň ýazuw ýadygärlikleri, Marguş ýurdunyň taryhy we syrly hazynalary baradaky ylmy-wagyz makalalaryň toplumy çap edilýär. Arheologlaryň Murgap jülgesinde ýüze çykaran tapyndylaryna bagyşlanyp, 2018-nji ýylda Germaniýada geçirilmegi göz öňünde tutulýan sergide hem bular baradaky subutnamalar görkeziler. 

Medeni gatnaşyklara bagyşlanan makalada türkmen-german edebi gatnaşyklar barada söhbet edilýär, onda Magtymguly Pyragynyň, I.B.Gýötäniň, G.Geýnäniň, beýleki türkmen we nemes şahyrlarynyň terjime edilen goşgularyndan setirler getirilýär. 

Aýratyn makala türkmen ykdysadyýetiniň syýahatçylyk pudagyna bagyşlanýar, onda Hazar deňziniň kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, dinozawrlaryň yzy, taryhy-medeni ýadygärlikler ýaly täsin künjekler, şeýle hem Garagum ekoulgamynyň aýratynlyklary hakynda aýdylýar. 

Žurnalyň bu sanynda Aşgabatda örän giň möçberli sport baýramçylygyna ��”��”Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan makalalara uly orun berilýär. Okyjylar türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjiginde halkara derejeli sambo, milli göreş we guşakly göreş boýunça synag ýaryşlarynyň geçirilişi barada gyzykly maglumatlary alyp bilerler. 

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ählisiniň diýen ýaly gatnaşmagynda ägirt uly taýýarlyk işleri geçirildi, Aziada��”2017 Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginde aýdyň düşünje döretmäge ýardam etjek örän iri taslama bolup durýar. Häzirki wagtda Oýunlaryň guramaçylary taýýarlygyň soňky tapgyrlarynda netijeli işleri alyp barýarlar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalarynyň netijesidir, milli Liderimiz sportuň we myhmansöýerligiň üsti bilen Türkmenistany dünýä açmaly diýen wezipäni öňde goýdy. 

Baý bezegli “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň şu sany biziň hyzmatdaşlarymyz ��” Türkiýäniň işewürler toparlarynyň ýardam bermeginde taýýarlanyldy, onuň iňlis dilinde hem goýberilmegi giň okyjylar köpçüligine ykdysadyýeti okgunly ösdürilýän hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň köp ugurlary boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy ��” Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan barada has köp düşünje almaga mümkinçilik berýär. Žurnalyň ýörite sany Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşan nemes hyzmatdaşlara ýakymly sowgat boldy.

Degişli makalalar

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy

syrach

MAKSATMYRAT ŞAMYRADOW: «BIZ MUNY HÖKMAN BAŞARMALY»

turkmenhabargullugy

Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen baglanşykly gepleşikler Almatyda öz işine başlady.

syrach