Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Osman Rejepmyradowiç Babaýew Aşgabat şäheriniň prokurorynyň orunbasar wezipesine bellenip, ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
***
1-nji derejeli ýurist Begenç Ýazmuhammedowiç Gurbangulyýew Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň prokurory wezipesine bellenip, ol Aşgabat şäheriniň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
1-nji derejeli ýurist Çarygeldi Garagulow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesine bellenip, ol Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
2-nji derejeli ýurist Ahal Ýazgeldiýewiç Rejepow Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň 5-26-njy sentýabry aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 188 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin “Boing-757” uçarynyň ýörite gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.