Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine hem-de öňümizdäki möhüm çärelere taýýarlyk görlüşine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.
Kanun taslamalarynyň birnäçesiniň üstünde işleriň dowam edýändigi, deputatlaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze kabul edilen rejelenen görnüşiniň, beýleki kanunçylyk namalarynyň hem-de tutuşlygyna döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasatyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerlerde iş alyp barýandyklary bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň tapgyrlaryny, ýurdumyzda alnyp barylýan demokratik özgertmeleri nazara almak bilen, milli kanunçylygyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň aýratyn möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň döwletimiziň durmuş ugurly syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň hukuk üpjünçiligine gönükdirilendigini aýdyp, raýat jemgyýetiniň pugtalandyrylmagyna, demokratik ýörelgeleriň kemala getirilmegine, ilatyň durmuş – ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmagynyň jemleri hakynda hasabat berdi. Abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol ugurda BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Nýu-Ýorka amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti halkara çäreleriniň brnäçesine gatnaşdy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň tapgyryny geçirdi.
22-nji sentýabrda türkmen tarapy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň işiniň barşynda çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli ugurlar boýunça halkara başlangyçlaryny beýan etdi. Ýurdumyzyň häzirki döwrüň howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri bilen bagly möhüm wezipelere garaýşyny mälim etdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ähli netijeli teklipleri ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň her ýyl geçirilýän utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşdy.
23-nji sentýabrda türkmen tarapy döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda makullanan “Pariž ylalaşygyna” gol çekdi. Türkmenistanyň bu möhüm resminama goşulmagy howanyň üýtgemegi hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň jogapkär we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň uludygyny aýdyň tassyklady.
Nýu-Ýorka iş saparynyň barşynda türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň başlygy Piter Tomson, Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň Terrorçylyga garşy komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyklary boldy. Olar bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň syýasy, ykdysady, durmuş we maglumatlar meseleleri boýunça orunbasarlary bilen hem duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň çäklerinde BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň dürli ugurlary gurşap alýan hem-de dünýä giňişliginde ählumumy goldawa we ykrarnama mynasyp bolan halkara başlangyçlarynyň möhümdigini we zerurdygyny aýratyn bellediler.
Ýurdumyzyň wekiliýeti käbir döwletleriň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi hem-de “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini belläp, ýurdumyzyň geljekde hem sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen däbe öwrülen şol gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň garamagyna hödürlän netijeli teklipleri şol maksatlary gazanmaga gönükdirilendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG bilen gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar soňky döwürde has işjeň we sazlaşykly häsiýete eýe bolup, dürli ugurlary öz içine aldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr, bu waka Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň artýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli döredijilikli daşary syýasy ugrunyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiz dünýä bileleşigine ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamagyň ugurlaryny, ählumumy durnukly ösüş üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine ýardam edýän halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyny hem-de ileri tutýan ugurlaryny düşündirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna BMG-niň ugry boýunça köpugurly gatnaşyklary has-da berkitmek bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda milli Liderimiz degişli resminamalara gol çekip, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileriniň birnäçesini wezipelere belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Permanlary bilen Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Orazow şol bir wagtda biziň ýurdumyzyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Serýaýew şol bir wagtda biziň ýurdumyzyň Şwesiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ýer üçin tölegi hem-de kärende tölegini hasaplamagy we tölemegi kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan çäreler hem-de gurluşyk işlerini kadalaşdyrmak meseleleri barada hasabat berdi. Bu babatda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýer üçin tölegi hem-de kärende tölegini hasaplamak we tölemek ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilýän işleriň oba hojalyk önümçiligini ösdürmäge, ýer hojalygyny ýöretmegiň dürli görnüşlerini ulanmaga, telekeçiligi höweslenlirmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna goşmaçalary girizmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerini kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda teklip edilen resminamalaryň taslamasyny makullap, bu ugurda ädilýän anyk ädimleriň degişli düzümler tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ählisiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmäge ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda gurluşyk işlerini kadalaşdyrmagyň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi barada hasabat berdi. ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde nebitgaz pudagyny tehniki taýdan toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Wise-premýer dünýäniň esasy önüm öndürijileri hem-de nebitgaz enjamlaryny iberijiler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini aýtdy. Çig maly çykarmak ulgamynda iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de innowasion işläp taýýarlamalary ulanmaga aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan döwletleriň ýangyç-energetika ulgamyndaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň wajypdygyny nygtady. Katar Döwleti şeýle ýurtlaryň biri bolup durýar. Milli Liderimiz bu döwlet bilen hyzmatdaşlygyň dostlukly häsiýete eýedigini belläp, nebitgaz we nebiti gaýtadan işleýän ulgamlarda türkmen-katar gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň wekiliýetini Katar Döwletine ibermek bilen baglanyşykly görkezme berip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer şu güne çenli 590 müň 614 tonna pagta hasylynyň ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylandygyny habar berdi. Şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň hasabyna pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada aýdyldy.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär. Şu güne çenli ýurdumyz boýunça 513 müň 755 gektar meýdanda ekiş geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ekinlere ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreler amala aşyrylýar.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer şu ýylyň 8-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde geçiriljek ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzda bag ekmek boýunça geçiriljek ählihalk ýowarynyň meýilnamasy we ýowar geçiriljek ýeri bilen baglanyşykly maglumat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda oba hojalygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriniň öz netijesini berýändigini aýdyp, döwletimiziň daýhanlaryň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döredýändigini nygtady. Ekerançylar ýokary hilli tohumlar, dürli döwrebap tehnikalar, suw we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilýär. Munuň özi oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň durnukly ösmegini üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň ünsüni oba hojalyk toplumynyň möhüm wezipelerine çekip, pagta ýygymy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Milli Liderimiz munuň üçin mehanizatorlaryň, ýük awtoulaglaryny sürüjileriniň, umuman, pagta ýygymyna gatnaşýan ähli adamlaryň işini takyk we sazlaşykly guramagyň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtap, “Ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky” Karara gol çekip, ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow döwlet Baştutanymyzyň elektron senagatynda bilelikdäki kärhanalary döretmek bilen baglylykda, ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Türkmenistanda elektron enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň hem-de “Jahan elektronik” hususy kärhanasynyň arasynda “Elektronik senagaty” hojalyk jemgyýetini döretmek boýunça degişli çäreler geçirildi. Bu bilelikdäki kärhananyň işe girizilmegi netijesinde häzirkizaman elektrik enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tutuş halk hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin milli elektron senagatynyň döredilmeginiň uly ähmiýetini belledi. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň hiç bir pudagynyň ösüşini elektron tehnikasyny hem-de ýokary tehnologiýalary ulanmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir, olary satyn almak hem-de önümçilige ornaşdyrmak üçin ägirt uly serişdeler sarp edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, elektron we elektrotehniki senagaty kärhanalarynyň işini guramak boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar, olar innowasiýa häsiýetli, ýokary tehnologiýaly serişde we energiýa tygşytlaýjy abzallar bilen üpjün ediler, bu ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz elektrik abzallaryny, öndürýän bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere bu meseläniň üstünde gaýtadan işlemegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň baş şäherini Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hem-de görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda ýerli gurluşyk kompaniýalary tarapyndan bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde dowam etdirilýändigi bellenildi. Degişli meýilnama laýyklykda, şäheriň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze inženerçilik we elektrik ulgamlaryny çekmek, köprüleri gurmak, paýtagtymyzyň seýilgähleriniň we seýilbaglarynyň durkuny täzelemek, ýaşaýyş jaý toplumlaryny abadanlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz tutuş ýurdumyz üçin nusga hasaplanylýan, döwletimiziň ykdysady hem-de syýasy ösüşiniň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesiniň görkezijisi bolan Aşgabadyň gaýtalanmajak keşbiniň giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönüden-göni baglydygyny belläp, ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat hojalygynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralaryny guramaga degişli meseleleriň ählisiniň üns merkezinde saklanylmalydygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp 11–12-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu sergide ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, edara-kärhanalary, häkimlikleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan degişli ugurlarda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrýan 100-den gowrak sergi diwarlyklarynyň guralmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.
Şeýle hem wise-premýer 26-27-nji sentýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 12-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Mejlisde söwda dolanyşygyny artdyrmak, ulag we üstaşyr ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ýük daşalyşynyň barha artýan möçberlerini yzygiderli dowam etdirmek, oba we suw hojalygynda, senagat pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyga gabatlanyp geçiriljek serginiň Türkmenistanyň Garaşsyz ösüşiniň 25 ýyl içinde amala aşyrylan düýpli özgertmeleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda senagatda we oba hojalygynda, gurluşyk we energetika, ulag hem-de aragatnaşyk pudaklarynda we beýleki ulgamlarda gazanylan üstünlikleri giňden görkezmelidigini nygtady we bu giň möçberli forumyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz türkmen-özbek gatnaşyklary barada durup geçip, onuň baý tejribesiniň bardygyny hem-de milli ykdysadyýetleriň serişdelerini we üstünliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigini belläp, onda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça degişli çäreler görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şanly senä gabatlanyp maslahatlaryň, baýramçylyk konsertleriniň, sergileriň geçirilmegine taýýarlyk görülýär, dürli görnüşli neşir önümleri çap ediler. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitleri giňden beýan edilýär, milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde dabaraly ýörişe taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şanly sene mynasybetli taýýarlyk işleriniň medeni maksatnamasyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň ýokary döredijilik ruhunda geçirilmelidigini, milli öwüşgini şöhlelendirmelidigini hem-de agzybir halkymyzy eziz Watanymyzyň täze belentliklerine tarap okgunly ösüşe ruhlandyrmalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurt raýatlaryny okuwa kabul etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan syýasat degişli ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Netijede Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde daşary ýurtly raýataryň bilim almagy üçin hem amatly şertler döredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2016-2017-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurtlardan talyplary okuwa kabul etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň, bu möhüm ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Häzir ýurdumyzyň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzda okamak isleýän daşary ýurtly ýaşlary okuwa kabul etmek üçin mümkinçilikler döredildi. Türkmenistan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, doganlyk Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, şol sanda hünärli işgärleri taýýarlamak babatda goldaw berýär. Milli Liderimiz bu barada aýdyp, goňşy ýurduň ykdysadyýeti üçin zerur bolan hünärleri nazara almak bilen bu meseläni gutarnykly işlemek babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Türkmenistanyň Aragatnaşyk, Awtomobil we Demir ýol ulaglary ministrlikleri hakyndaky Düzgünnamalary kämilleşdirmek hem-de Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzüm birligine üýtgetme girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň köpugurly hem-de bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmäge hemmetaraplayn üns berýändigini nygtap, wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek meselesine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýetiniň ýurdumyzyň ulag düzüminiň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak babatda möhüm wezipeleri goýýandygyny belläp, bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleriň görülmegini talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz demir ýol toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen guramaçylyk çäreleriniň kabul edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda ertir oktýabr aýynyň başlanýandygyny, munuň bolsa şanly baýramyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň barha golaýlaşýandygyny aňladýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisine bu baýramy mynasyp garşylamak babatda, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.