Hytaýyň iri işewürlik merkezleriniň biri bolan Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň IV forumynyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, synçy döwletler hökmünde Belarusuň we Azerbaýjanyň wekiliýetleri bar.
HHR-niň Daşary işler ministrligi tarapyndan hem-de Syçuan welaýatynyň dolandyryş düzümi tarapyndan guralan wekilçilikli foruma HHR-niň hökümet agzalary, esasy ministrlikleriniň departamentleriniň ýolbaşçylary, Hytaýda hasaba alnan daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, welaýat we şäher häkimleri bar. Mundan başga-da bu duşuşyk ýangyç – energetika toplumynyň korporasiýalarynyň, bank ulgamynyň, söwda-senagat edarasynyň we sergileriň sebit bölümleriniň ýolbaşçylaryny, döwlet ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenlerini özüne ýygnady.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Pekin bölüminiň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdiler.
Duşuşygyň barşynda sebitde oňyn özgertmeleri pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyna öz strategiki hyzmatdaşy hökmünde garaýandygy nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk Hytaý bilen özara gatnaşyklary deň hukukly we özara bähbitli ýörelgelerine laýyklykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda yzygiderli ösdürmegi göz öňünde tutýan döwletara gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýar.
Bilelikde hereket etmegiň, şol sanda ýokary tehnologiýalar pudaklarynda täze ugurlary işläp düzmäge ýardam bermäge gönükdirilen ugur boýunça işleýän hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Türkmen-hytaý komitetiniň we onuň bölümleriniň tagallalary hem netijeli gatnaşyklary güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Hytaý işewürliginiň wekilleri biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri göwrümli maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Häzir türkmen «mawy ýangyjyny» uzakmöhletleýin eltmegi üpjün edýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki wagtda senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň, hususan-da, Türkmenistanyň çäklerindäki iri gaz ýatagy bolan «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň gurluşygy alnyp barylýar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir iki dostlukly döwletleriň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Umumy mejlisde çykyş edip, Hytaýyň halk syýasy maslahaty geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ma Peýhua Hytaýyň dürli welaýatlarynda gezekli-gezegine geçirilip, eýýäm däbe öwrülen forumyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet we işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda pikir alyşmak üçin netijeli çäre bolup, özüniň çäklerini giňeltmäge hem-de sebitara gatnaşyklaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi.
Ýüpek ýoly ykdysady guşaklygynyň hem-de Ýanszy derýasynyň üsti bilen işewürlik ýollarynyň kesişýän ýerinde ýerleşen Syçuan welaýatynyň bu gezekki duşuşygy geçirmek üçin saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Bu ýer Hytaýy Günbatar hem-de Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan esasy ulag geçelgesi bolup durýar. Bu ýerde demir ýol we awtoulag gatnaşygy batly depginler bilen ösýär.
Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşanlar türkmen wekiliýetiniň ulag-üstaşyr ulgamda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin açylýan giň mümkinçilikler barada habaryny uly gyzyklanma bilen kabul etdiler. Hususan-da, ýygnananlara Türkmenistanyň häzirki wagtda yklym derejesinde uly wakanyň, Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) bölegini işe girizmegiň öňüsyrasynda durandygy habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulýan bu halkara demir ýoly ýurdumyzyň, Owganystanyň, Täjigistanyň çäklerinden geçer hem-de onuň Gyrgyzystanyň, Hytaýyň demir ýol ulgamlary bilen birikmäge hem-de çalt depginler bilen ösýän Aziýa-Ýuwaş ummany döwletlerine çykmak üçin oňat mümkinçiligi bar.
Bu ýoluň ugrunda iki köprüniň gurluşyk-gurnama işleri batly depgin bilen dowam edýär. Ýakyn wagtlarda kömekçi düzüm desgalarynyň gurluşygyny hem nazara almak bilen gurluşyk-gurnama işleri tamamlanar.
Bu iri taslama biziň döwletimiziň we hyzmatdaş ýurtlaryň sebitleriniň ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Transmilli demir ýolunyň geçirilýän ýerinde, adatça, awtomobil ýollary, elektrik geçiriji ulgamlar, energiýa serişdeleri üçin turba geçirijileri çekilýär. Şeýle düzümiň döredilmegi netijesinde, demir ýoly geçirilen çäkler düýpli özgerýär, ýoluň boýunda işçileriň şäherçeleri döreýär, iri önümçilik kärhanalarynyň ýanynda bolsa şäherleriň düýbi tutulýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan- Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň nobatdaky «altyn halkasy» bolar, bu bolsa öz gezeginde, ägirt uly dünýä böleginiň iki yklymyny Ýewropany we Aziýany birikdirýän halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň wajyp bölegine öwrüler.
Şu ýerde Türkmenistan bilen Hytaýyň demir ýol ulgamynda bilelikde işlemek boýunça uly tejribesiniň bardygyny ýatlap geçmek möhümdir. Häzirki wagtda Hytaýda öndürilen teplowozlar we wagonlar bilen ýurdumyzyň demir ýol parkynyň üsti ýetirildi. Şol teplowozlar hem-de wagonlar Syçuan welaýatynyň Szyýan şäherinde öndürilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, Hytaý bilen Ýewropany, Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňzi sebitlerini birleşdirýän Türkmenistanyň çäklerindäki üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulag logistikasynda özara gatnaşygy güýçlendirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi bilen Hytaýyň milli kosmos müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Syçuanda Siçan kosmodromy ýerleşýär. Şol ýerde ýüzlerçe älem gämileriniň, emeli hemralarynyň goýberilişi amala aşyryldy.
Şeýle hem geçen ýylyň oktýabrynda Pekinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň açylmagy bellenildi. Munuň özi biziň döwletlerimiziň arasynda işewür gatnaşyklaryň güýçlenýändiginiň subutnamasydyr.
Şeýle hem soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar güýçli depgin bilen ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmenistanly talyplaryň ýüzlerçesi Hytaýda ýokary bilim alýar. Iki ýurtda hem dürli halkara çäreleri gözden geçirilişler, ylmy-amaly maslahatlar, okuw maslahatlary, jahankeşdelik sergileri we sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.
Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary sebit derejesinde hem öz ösüşine eýe boldy. Iki ýurt hem şeýle gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi göz öňünde tutýar. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm esaslarynyň biri hem Hytaýyň Şandun we Şensi welaýatlarynyň hem-de Türkmenistanyň Lebap we Ahal welaýatlarynyň arasynda, Sian we Mary şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bolup durýar.
Maslahatyň işiniň çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş boldy. Ol ýörite wideoroligiň görkezilmegi bilen utgaşykly alnyp baryldy. Ýygnananlar ak mermer bilen bezelen binalaryň sanynyň iň köp şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligi, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň täsin taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, gojaman Hazaryň dürdänesi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, dünýäde şöhrat gazanan ahalteke bedewleri, gadymy halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşdylar.
Maslahatyň umumy böleginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar netijeli pikir alyşmalaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, köküni Beýik Ýüpek ýoly döwründen alyp gaýdýan, köpasyrlar bäri dowam edip gelýän özara düşünişmek we dostluk däplerini pugtalandyrmak üçin nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.
Ertir HHR-iň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň IV forumy öz işini resmi däl ýagdaýda dowam eder. Foruma gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleri Hytaýyň «Dunfan» elektrik korporasiýasyna we Duçzýanýanide uly pandalaryň ylmy-barlag merkezine baryp görerler.