Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak”, Mary welaýatynyň 119-njy “Atçapar” we 124-nji “Pendi” saýlaw okruglarynda dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylar dalaşgärleriň terjimehaly, olaryň döwlete we jemgyýeti demokratik ýol bilen ösdürmäge garaýyşlary bilen tanşyp, işjeň we şahsy häsiýetlerini içgin ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk edarasyna olaryň kandidaturalaryny goldadylar. Milli parlamente dalaşgärleriň jemi 6-sy, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal we Mary welaýat komitetlerinden, Tagtabazar etrap komitetinden hem-de raýatlaryň toparlaryndan hödürlenildi.
Öňküleri ýaly, türkmen jemgyýetinde demokratik kadalary berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk şu saýlawlaryň öň ýanyndaky çäräniň hem esasy ýörelgeleri boldy. Parlamentiň deputaty bolmaga türkmen halkynyň mynasyp wekilleri, ildeşlerimiziň uly hormatyndan we ynamyndan peýdalanýan adamlar dalaş edýärler.
Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler okrug saýlaw toparlarynda bellige alnandan soň, olaryň sanawy metbugatda çap ediler. Soňra dalaşgärleriň ählisine we olaryň ynanylan adamlaryna saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek hem-de wagyz işlerini geçirmek üçin deň mümkinçilikler dörediler. Öz nobatynda, saýlawçylaryň ählisine görkezilen dalaşgärleri erkin we hemmetaraplaýyn ara alap maslahatlaşmak hukugy berilýär. Munuň özi saýlawçylara dalaşgärleriň her biriniň işjeň we şahsy häsiýetleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Şu ýylyň 20-nji noýabrynda geçiriljek saýlawlar türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan hem-de tutuş jemgyýetimiziň goldawyna eýe bolan demokratik özgertmeler ýoluna ygrarlydygyny görkezmelidir. Täze taryhy eýýamda döwlet we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiň esasy ugurlary golaýda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň kepiline öwrülen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde aýdyň beýanyny tapdy.