17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek, käbir resminamalaryň taslamalaryna seretmek hem-de ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylara hem-de hökümet agzalaryna ýüzlenip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň uly baýramlarymyzyň öňýanynda günäsini geçýändigimizi aýtdy. Döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýandygymyzy belledi.

Şunuň bilen baglylykda, goranmak ministri,  Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna  «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ata-babalarymyzyň asylly däbine eýerip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli günä geçmek baradaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, iş kesilen 1523 sany raýatymyz tussaglykdan boşadylýar.

Belent Serkerdebaşymyz şunuň bilen baglylykda, Ý.Berdiýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilik döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine hem-de beýleki ýolbaşçylara ýüzlenip, günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2016-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri hem-de Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüşlere beslenen syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ähli pudaklarda ýokary önümçilik görkezijileri gazanylýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,3 göterim, gurluşykda– 4,5 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterim, söwdada 15,2 göterim, oba hojalygynda 11,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 9,7 göterim ýokarlandy.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,4 göterim artdy. 2016-njy ýylyň 9 aýynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 16,6 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň kärhanalary boýunça ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,5 göterim artdy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde hem-de öz wagtynda tölenildi.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar aýdyldy. Şu döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 39,6 milliard manada deň boldy we 2015-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 4,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda desgalaryň 205-siniň gurluşygy tamamlandy, 115-sinde bolsa gurluşyk işleri dowam edýär. Önümçilikleriň işe girizilmegi içerki bazarda täze iş orunlarynyň we haryt bolçulygynyň döremegine ýardam berer.

Wise-premýer geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hem hasabat berdi. Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasy Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşylan maglumatlar we hasaplamalar esasynda taýýarlanyldy. Bu resminama bilen birlikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we 2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taslamalary hem taýýarlanyldy. Döwlet býujetiniň taslamasy Ýaşulularyň maslahatynda hormatly Prezidentimiziň aýdan teklipleri nazara alnyp düzüldi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa şu ýylyň 9 aýynda pudaklar boýunça gazanylan ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 5,7 göterim, nebit bitumynyň öndürilişiniň ösüş depgini 7,2 göterim, mineral dökünleriň öndürilişiniň ösüş depgini 8,2 göterim, örme matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 4,1 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 10,9 göterim, miwe-gök önüm gaplama önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 18,6 göterim, unuň öndürilişiniň ösüş depgini 1,8 göterim, çörek önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 1,7 göterim, ýarmanyň öndürilişiniň ösüş depgini 38,5 göterim artdy.

Umuman, senagat pudagynda öndürilen önümiň möçberi 44,5 milliard manatlyk bolup, şolaryň 52,6 göterimi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýyna düşýär.

Şu döwürde oba hojalyk önümleriniň köp görnüşleriniň önümçiliginiň ösüşi artdy.

2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýerine ýetirilýän ýük daşalyşynyň möçberi, şol sanda awtomobil ulaglary bilen daşalyşy 5,2 göterim artdy. Hasabat döwründe ýolagçy gatnadylyşynyň ösüş depgini 1,9 göterim, şol sanda awtomobil ulaglary bilen gatnadylyşy 1,7 göterim, demir ýol ulagy bilen gatnadylyşy 2,6 göterim, howa ulagy bilen gatnadylyşy 2,8 göterim köpeldi. Aragatnaşyk pudagynda işleriň esasy görnüşlerinden alnan girdeji 4,5 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hem habar aýdyldy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberiniň jemi içerki önüme gatnaşygy geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, 38,6 göterime çenli azaldy. Bu görkeziji milli ykdysadyýetimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümlere bolan baglylygynyň peselýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.        

Soňra maliýe ministri M.Muhammedow 2016-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet býujetiniň girdejileri 10,7 milliard manat möçberde, çykdajylary bolsa 11,9 milliard manat möçberde ýerine ýetirildi. Şu döwürde durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge býujet serişdeleriniň 79,3 göterimi gönükdirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetler girdejiler boýunça 5,7 milliard manat, çykdajylar boýunça bolsa 5,4 milliard manat ýerine ýetirildi.

Merkezi, pudak we sebit balans toparlarynyň işi barada hem habar berildi. Şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri boýunça şol toparlaryň 109 mejlisi geçirildi hem-de olarda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we iri edara-kärhanalaryň 127-siniň, şeýle hem sebitlerdäki edara-kärhanalaryň 109-synyň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi.

Maliýe ministri gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, auditorçylyk we ätiýaçlandyrmak işini kämilleşdirmek, degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp düzmek, işgärleri taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň barşynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi hem-de 2016-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky  şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini  özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki  Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylyşy barada habar berildi.    

Soňra Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9 aýynda daşary ýurtlara iberilen harytlar hem-de  edilen hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabyna gelip gowşan daşary ýurt pulundaky girdejileriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Bu görkezijiniň 106,9 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Merkezi bankyň ýolbaşçysy bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek maksady bilen, görülýän çäreler barada hasabat berip, häzirki wagtda döwrebap kompýuter tehnologiýalaryny, hususan-da, ilatdan kabul edilýän dürli görnüşli tölegleri ýygnamagyň we hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Internet-banking, ýagny aralykdan  bank hyzmatlaryny amala aşyrmak ulgamy Internete çatylan islendik kompýuterden ýa-da telefondan islendik amallary amala aşyrmaga mümkinçilik döreder. Bu ulgam söwda nokatlarynda, medeniýet edaralarynda adaty tölegleri, telefon aragatnaşygyny, salgyt töleglerini amala aşyrmak we beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ilata edilýän hyzmatyň guralyşyny täze derejä çykarmaga hem-de müşderilere edilýän hyzmatlaryň wagtyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berer.    

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň teklipleriniň ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmek, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin örän ähmiýetlidigini belledi. Bank edaralarynyň işine täze usullaryň ornaşdyrylmagy ilat üçin hem dürli görnüşli ýeňillikleri hödürlemek babatda giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň tamamlanmagyna çenli az wagt galandygyny aýtdy. Galan döwürde biz şu ýyl üçin göz öňünde tutan ähli işlerimizi üstünlikli ýerine ýetirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýer B.Hojamämmedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem ykdysadyýet we maliýe toplumynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde 2017-nji ýylyň Döwlet býujeti bilen bagly maslahat geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri tamamlamagyň we onuň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermegiň wajypdygyna ünsi çekip, Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini, şeýle hem beýleki durmuş tölegleriniň birnäçesiniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmak barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz B.Hojamämmedowa we beýleki wise-premýerlere gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze  2017-nji ýylyň golaýlaşyp gelýändigini belläp, ähli düzümleriň geljek ýylda öz önümçilik tabşyryklaryny we öňünde durýan wezipeleri anyk bilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmek hem-de özgertmeleri amala aşyrmak boýunça kabul edilen ähli döwlet maksatnamalaryna, geljek ýylda göz öňünde tutulan çärelere ýene-de bir gezek düýpli seretmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin möhletleri kesgitläp, bir aýdan soň ýolbaşçylaryň ýerine ýetiren işleri baradaky  hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda alnyp barlan işleriň  netijeleri barada hasabat berdi.

Nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy gazyp almakda hem-de uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropilen, çalgy ýaglaryny, beýleki nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy gaýtadan işlemek ulgamynda, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara eksport edilişi we guýulary burawlamak babatda gazanylan görkezijiler barada habar aýdyldy. Nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň 104,6 göterim berjaý edilendigi bellenildi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýan türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise premýere we ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna nebitgaz hem-de geologiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmaga hem-de maýa goýumlaryny çekmek babatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmäge aýratyn üns bermek gerek. Döwlet Baştutanymyz  berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek barada görkezmeleri berdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 112, 9 göterime, ösüş depgini bolsa  2,5 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça meýilnama 108 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 0,7 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda önüm öndürmek boýunça meýilnama 104,3 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 4,4 göterime deň boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça meýilnama ýerine ýetirilişi 112 göterime deň bolup, ösüş depgini 16,4 göterim derejesinde üpjün edildi. Mineral dökünleri öndürmek boýunça ösüş depgini 8,2 göterime, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 190,7 göterime barabar boldy.

Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary önümçilik meýilnamasyny 108,1 göterim ýerine ýetirip, ösüş depginini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 41,1 göterim artdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, wise-premýere, senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, telekeçileri çekmek arkaly senagat pudagynyň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belledi. Bu ýerde gürrüň bäsleşige ukyply, innowasiýalara esaslanýan senagat pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hakynda barýar.

Senagat pudagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, aýratyn hem, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklary çalt depginler bilen ösdürmegiň esasyny düzýär. Döwlet Baştutanymyz milli elektron senagatyny döretmegiň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny aýratyn belläp, wise-premýere hem-de senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlar babatda meýilnama 109,7 göterim berjaý edildi, şunda ösüş depgini 103,2 göterime deň boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça meýilnama 115 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. Bu görkeziji ýolagçy gatnadylyşynda 101 göterime deň boldy. Içerki demir ýollary, inženerçilik-tehniki desgalary, şol sanda demir ýol geçelgelerini işjeň döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýolunyň gurluşygy güýçli depgin bilen dowam edýär. Hasabatyň çäklerinde ýük wagonlarynyň 750-siniň satyn alnandygy barada hem aýdyldy.  

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 9 aýyň içinde hyzmatlary ýerine ýetirmekde ösüş depgini 100,5 göterime, ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak babatda degişlilikde 102,4 göterime we 101,6 göterime deň boldy. Wise-premýer hasabat döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýolagçylary gatnatmak üçin täze ugurlaryň 30-synyň, şol sanda şäher içinde 3, şäherara 4 we şäherýaka 23 ugurlaryň açylandygyny habar berdi.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmekde ösüş depgini 111 göterime barabar boldy. Bu döwürde aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda telefon nokatlarynyň 372 müňüsi, şol sanda 330 müň öýjükli belgili we 42 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 190 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen döwrüň içinde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ilatly ýerleriň 64-sinde 67 müň 984 telefon belgili beketler gurnaldy we 2 müň 506 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlaryndan 5 million 162 müňe golaý adam peýdalanýar.

 

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça 9 aýda howa hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 122 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça degişlilikde 100 göterime we 102,8 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabat döwründe Aşgabat Halkara howa menziliniň ulanylmaga berlendigi habar berildi.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet milli gullugy boýunça ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 101,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,1 göterime, ýolagçy gatnatmakda 132 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Satlykowa hem-de ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, öňdäki baýramçylyk günlerinde köpsanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag gulluklarynyň işleýşini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň, howa menzilleriniň, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň, awtomobil ýollarynyň öz wagtynda we ýokary hilli ulanylmaga berilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 105,2 göterim amal edildi. Geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdireniňde, ösüş depgini 116,6 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň 9 aýynda 104,1 göterim ösüş depgini gazanylyp, ýerine ýetirilen işleriň  we hyzmatlaryň meýilnamasy 118,4 göterim berjaý edildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň edara–kärhanalary degişli döwrüň meýilnamasyny 123 göterim ýerine ýetirdiler. Öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 813 million 892 müň manatlykdan gowrak boldy. Şunda ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 111,8 göterime deň boldy.  Umuman, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 105,87 göterime, eksportynyň ösüş depgini hem 118,3 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasyna 111 göterim hötde gelindi, şunda ösüş depgini 110,5 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň dokuz aýy bilen deňeşdireniňde, ösüş depgini 103,3 göterim derejede üpjün edildi.

Hasabatda Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça geçirilen işler hem beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren görkezmelerinden we tabşyryklaryndan ugur alnyp, paýtagtymyzyň keşbini has-da gowulandyrmak, şäher düzümini kämilleşdirmek hem-de aşgabatlylaryň amatly ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça maksada gönükdirilen utgaşykly çäreler görülýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ş.Durdylyýewe, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna hem-de gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, gurulýan ähli binalarda we desgalarda işleriň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şu ýyl gurulmagy göz öňünde tutulan desgalaryň ählisiniň bellenilen möhletde we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini gazanmaly. Döwlet Baştutanymyz bu talabyň aýratyn hem ýaşaýyş jaýlaryna we durmuş maksatly desgalara degişlidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyna ýene-de bir gezek düýpli seretmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler barada durup geçip,  wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini çaltlandyrmagy, bu ugurda geljek ýyl geçirilmeli işleriň hem-de bu işleri geçirmek üçin zerur boljak çykdajylaryň möçberini kesgitlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň geçen 9 aýynda söwda toplumynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 göterim ýokarlandy. Alnan peýdanyň möçberi 450 million manat boldy. Edaranyň kärhanalary tarapyndan 135,6 million manat möçberde maýa goýumlary özleşdirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 9 aýda birža söwdalarynyň 184-si geçirilip, 18 milliard 251,4 milion manada deň bolan şertnamalaryň 11 müň 819-sy hasaba alyndy. Eksport we import geleşikleriniň bahasy 10,4 milliard manatdan gowraga, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 4,4 milliard manatdan gowraga barabar boldy. Hasabat döwründe 36,8 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 86,1 göterim ýokarydyr.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 14,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe sergileriň 20-si we maslahatlaryň 21-si geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 469,1 million manatlyk senagat önümleri öndürilip, ösüş depgini 41,7 göterim ýokarlandy, öndürilen oba hojalyk we azyk önümleri 668,9 million manatlyk bolup, ösüş depgini 31,1 göterim artdy. 4 milliard 594,2 million manatlyk gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi, söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 8 milliard 100,9 million manat boldy. Hyzmatlar  ulgamynda 663,1 million manatlyk işler berjaý edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Atdaýewe, söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň bazarlarynda we dükanlarynda ýokary hilli senagat hem-de azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümleriniň  şu ýylyň 9 aýynda alyp baran işleri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri umumyhalk baýramçylygyň hem-de durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylmagynyň hormatyna çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi, Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli çäreleriň dowam edýändigi bellenildi.

Ýurdumyzda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde milli medeni mirasy we taryhy ýadygärlikleri has-da düýpli öwrenmäge hem-de gorap saklamaga gönükdirilen ylmy maslahatlar, festiwallar, döredijilik duşuşyklary we sergiler geçirildi.

Hasabatda halkara ähmiýetli wakalaryň birnäçesi agzalyp geçildi. Şol wakalaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki Medeniýet günleri we Aşgabatda geçirilen dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleri bar. Bu çäreler türkmen halkymyzyň baý medeni däplerini hem-de täze taryhy eýýamda Watanymyzyň gazanan üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berýär. Wise-premýer 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli işlenip taýýarlanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreleriň, şol sanda halkara maslahatlarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň geçirilendigini habar berdi.

Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 106 million 21 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 147 göterim ýerine ýetirildi, kitap önümleriniň 266 görnüşi neşir edildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýaýlyma berilýän radio hem-de telegepleşikleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleri hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklerini beýan etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýylyň başyndan bäri Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 33 million 386 müň 900 manada deň boldy, 83 müň 390 syýahatça hyzmat edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende meýilnama 106,4 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy we Bitaraplygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna we çärelerine düýpli taýýarlyk görmek, bu çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.      Ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk çärelerini, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramaly. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini metbugatda we teleradio ýaýlymlarda giňden beýan etmek barada anyk tabşyryklary berdi.   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň depginli ösüşini häsiýetlendirýän netijeler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe umumybilim berýän mekdepler, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw kitaplarynyň hem-de okuw gollanmalarynyň 155-si neşir edildi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, degişlilikde 77 medal (16 altyn, 20 kümüş we 41 bürünç medal) hem-de 23 medal (5 altyn, 6 kümüş, 12 bürünç medal), şeýle hem Internet bäsleşiklerine gatnaşyp, degişlilikde baýrakly orunlaryň 184-sine we 141-sine hem-de degişli diplomlara mynasyp boldular. Orta hünär okuw mekdepleriniň halkara Internet bäsleşiklerine gatnaşan talyplar baýrakly orunlaryň 17-sini we diplomlaryň 11-sini gazandy.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde orta mekdeplerde dürli çäreler, mowzuklaýyn duşuşyklar, bäsleşikler we okuwlar guraldy. 

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl yglan edilýän zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-sazly gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry, Bilim ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde “Talyp joşguny-2016” döredijilik festiwaly geçirildi.

“Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI milli oýunlaryň çäklerinde ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň meýletinçileri üçin DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan iňlis dilinde “Aziada-2017” atly okuw gollanmasynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan “Meýletinçiler üçin türkmençe-iňlisçe-rusça sözlügiň” golýazmalarynyň taýýarlanylandygy habar berildi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleri dowam etdirildi. 836 okuw kitaby, okuw maksatnamalary we monografiýalar çapa taýýarlanyldy.

Wise-premýer milli saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň 102 göterime, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň 112 göterime, derman önümçiliginde girdejileriň 107 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary sport ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, içerki ýaryşlaryň 145-siniň hem-de köpçülikleýin-sport çäreleriniň 80-siniň geçirilendigini habar berdi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 111-sine gatnaşyp, 490 medal (173 altyn, 147 kümüş we 170 bürünç medal) gazandylar. Bu bolsa geçen ýylyň şol döwründäkiden 220 medal köpdür.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, göz öňünde tutulan özgertmeleriň maksatnamasyna laýyklykda, bu  ulgamlaryň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny has-da berkitmek, olaryň işlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, degişli işleriň amala aşyrylandygy habar berildi.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde oňyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýyl Pakistan Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Belarus Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan resmi we iş saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda  Daşary işler ministrliginiň üsti bilen dürli derejedäki wekiliýetleriň 325-si döwletimize sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistandan daşary ýurtlara 736 wekiliýet gitdi. Hasabat döwründe ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli derejeli maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 144-si guraldy. Halkara resminamalarynyň 79-syna gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlary geçirmek işi dowam edýär. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda 25 resmi duşuşyk guraldy, şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň 12 mejlisi geçirildi. Olaryň işi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer-medeni gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, hasabat döwründe işewürler maslahatlarynyň 12-si geçirildi.

Şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň 142 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen  netijeli gatnaşyklary ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňümizdäki wakalara hem-de halkara ähmiýetli çärelere  daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlaryna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyna   we Bitaraplygyň 21 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek  forumlara,  şeýle hem Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata ýokary derejede  taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine anyk görkezmeleri berip, degişli maksatnamalary hem-de halkara maslahatlaryny geçirmegiň Tertibini taýýarlamagy we tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Şol döwürde milli parlamentiň maslahatlarynyň dördüsi geçirilip, olaryň barşynda kanunlaryň 64-si hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň 72-si kabul edildi, halkara şertnamalarynyň 6-sy tassyklanyldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkitmäge we giňeltmäge, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga gönükdirilen kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek maksadynda Mejlisiň deputatlary halkara çäreleriniň 42-sine gatnaşdylar, kanunçykaryjylyk babatda tejribäni öwrenmek maksady bilen daşary ýurtlara iş saparlarynyň 28-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň 46-sy geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzümleri bilen hyzmatdaşlyk dowam edýär.

Türkmenistanyň Mejlisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda eden taryhy çykyşynda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini  düşündirmek boýunça giň gerimli işleri geçirýär. 

20-nji noýabrda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlary ýurdumyzyň dört okrugynda geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp,  geljek ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamak meselesine ünsi çekip, ony gutarnykly işlemegiň hem-de deputatlar tarapyndan kabul edilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlary göz öňünde tutup, eger zerur bolsa, ýurdumyzyň kanunçylygyna üýtgetmeleri girizmek meselesine gyssagly seretmegiň we kabul etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz welaýatlaryň häkimlerine söz berdi. 

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda  şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, geçirilýän  möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häkim şu ýyl 120 müň gektara gowaça ekilip, şondan bol hasyl ýetişdirilendigini belledi we pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hoş habary aýtdy. Ahally pagtaçylar Watan harmanyna 207 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar. Häkim häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny  habar berdi.

Öz nobatynda, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew şu ýylyň 9 aýynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda sebitiň ykdysady ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. Häkim hasabat döwründe welaýat boýunça bölekleýin satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň 16,6 göterim artandygyny habar berdi.

Oba hojalygynda ýetişdirilen gök we bakja önümlerini, hususan-da, gant şugundyryny ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Häkim welaýatda oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, hasabat döwründe maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, welaýatda ykdysadyýetiň esasy ugurlary boýunça bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hususan-da, welaýatyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň pagtaçylarynyň bol hasyl ýetişdirip, Watan harmanyna 230 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrandyklaryny we bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy.

Şeýle hem häkim häzirki wagtda welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin 157 müň gektar meýdanda bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilendigini, şaly taýýarlamak baradaky meýilnama üstünlikli hötde gelnendigini belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berip, welaýatyň pagtaçylarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady bilen gelendiklerini habar berdi. Häkim lebaply babadaýhanlaryň Watan harmanyna 300 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Häzirki wagtda  welaýatyň pagta meýdanlarynda galan hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär.

Mundan başga-da, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin meýilleşdirilen 157 müň gektar meýdanda agrotehniki kadalara laýyklykda bugdaý ekişi tamamlandy. Endigan gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we beýleki işler dowam edýär.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde welaýatda şu ýylyň dokuz aýynda geçirilen işleriň jemleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň  babadaýhanlarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde şu ýyl gowaça meýdanlarynda “ak altynyň” bol hasylynyň ýetişdirilendigini, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda maryly pagtaçylaryň Watan harmanyna 313 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny mynasyp ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Ýygym möwsümi dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 104 göterime barabar bolandygyny belledi.

Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 105,9 göterime, Daşky gurşawy goramak we    ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça–114 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça–100,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça — 125, 5 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň öndürilişinde 1,8 göterim, etiň öndürilişinde 1,7 göterim, süýdüň öndürilişinde 1,6 göterim, ýumurtganyň öndürilişinde 3,7 göterim, gök önümleriniň öndürilişinde 9,5 göterim, bakja önümleriniň öndürilişinde 17,2 göterim hem-de miwe we ir-iýmişleriň öndürilişinde 9,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, edermen babadaýhanlarymyzyň 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişi hem tamamlandy.     

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň, welaýatlaryň häkimleriniň, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni oba hojalygynda özgertmeleriň häzirlikçe haýal alnyp barylýandygyna çekdi. Milli Liderimiz häzirki döwürde esasy wezipäniň diňe ýurdumyzyň bazarlaryny oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekden däl, eýsem, olaryň daşary ýurtlardan getirilmegini bes etmek üçin bu önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmakdan hem ybaratdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz geljekki oňat galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyl tutulýandygyna ünsi çekip, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmäge hem-de geljek ýylyň gowaça ekişine häzirden gowy taýýarlyk görmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak we abatlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek, ýer reformasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara maksatnamalaýyn çykyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu gün berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň çärýek asyrlyk şanly baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenýän ýylynyň 9 aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty ýubileý ýylynda hem ozalkysy ýaly, bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp baryldy.

Milli Liderimiz şu ýyl daşary ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň ýurdumyza birnäçe resmi we iş saparlary amala aşyrandygyny, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň hem beýleki döwletleriň altysynda saparda bolandygyny belläp, şu ýylyň ahyryna çenli beýleki ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Türkmenistana ýene-de sapar bilen gelmeklerine garaşylýandygyna, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň hem daşary ýurtlara saparlarynyň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekdi.

Şu ýyl ýokary derejede 95 duşuşyk geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu saparlaryň we duşuşyklaryň ählisiniň Bitarap döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny pugtalandyrmaga ýardam berendigini, jogapkärli, ygtybarly we ygrarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrandygyny we berkidendigini belledi.

Häzirki döwürde berkarar döwletimiziň alyp barýan daşary syýasy işine, türkmen Bitaraplygyna sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli guraly hökmünde ýokary baha berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, öňde goýlan wezipäni, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek maksady bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny, gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmek meýilleşdirilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alnyp barylýar.

Häzirki döwürde Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda täze kärhanalaryň gurluşygyna hem-de öňden işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge örän uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende häzir maýa goýumlarynyň möçberi 4,6 göterim köpeldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Tebigy gazy ulanmak arkaly işleýän energiýa öndüriji kuwwatlyklar hem ýokary depginler bilen ösdürilýär. Iri halkara we içerki taslamalary amala aşyrmak üstünlikli dowam etdirilýär. Nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Esasy gazgeçirijiler, sport desgalary, howa menzilleri, ýollar we iri köprüler giň gerim bilen gurulýar. Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gazgeçirijisini, şeýle hem beýleki gazgeçirijileri gurmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýakyn wagtda «Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň» ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň, Amyderýanyň üstünden geçýän iri köprüleriň gurluşyklary hem tamamlanar. Şeýlelikde, biz kuwwatly ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek bilen, Bitarap döwletimiziň uzak möhletlere niýetlenen syýasy we ykdysady bähbitlerini üpjün edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen dokuz aýyň dowamynda ýurdumyzda umumy bahasy 2 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 122 sany iri desganyň işe girizilendigini belläp, olaryň arasynda haly we haly önümlerini, şeýle hem kükürt kislotasyny öndürýän kärhanalary, mebel toplumyny, Lebap welaýatynda kuwwaty 254 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10-a golaý myhmanhanany we dynç alyş toplumyny görkezdi.

Täze desgalaryň hatarynda Aşgabatda gurlan Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumy, birnäçe lukmançylyk merkezleri, 15 sany umumybilim berýän mekdep, 2170 orunlyk 12 sany çagalar bagy, umumy meýdany 800 müň inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlary hem bar.

Bulardan başga-da, häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 53 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 2 müňden gowrak dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň hem öz netijesini berip başlandygyny aýdyp, şu ýyl gallanyň gowy hasylynyň ýygnalyp alnandygyny kanagatlanma bilen belledi. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň şu günki hasabatlaryna görä, pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnama hem ýerine ýetirildi. Watan harmanyna eýýäm 1 million tonnadan hem köp «ak altyn» tabşyryldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň pagtaçylaryny gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge telekeçileriň hem saldamly goşant goşýandyklaryny belläp, olaryň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda iş alyp barmak bilen, hili daşary ýurt kompaniýalarynyňkydan birjik-de pes bolmadyk, has çylşyrymly we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýandyklaryny nygtady.

Bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda hem özgertmeler dowam edýär. Gurluşykda we senagatda, şeýle hem beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar.

Şu ýyl biz ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan Konstitusiýamyzyň täze, rejelenen görnüşini kabul etdik diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen aýtdy we ilkinji nobatda, berkarar döwletimiziň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri girizmegiň demokratik, adalatlylyk we doly aýdyňlyk ýagdaýynda geçendigini belledi. Bu işe dünýä bileleşiginiň wekilleri we halkara guramalarynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar.

Halkymyzyň aglaba köpçüligi Konstitusiýa teklip edilen üýtgetmeleri doly makullady. Berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatyny mähriban halkymyzyň giňden goldamagy, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň demokratiýanyň röwşen ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna doly şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Geçirilýän özgertmeler bolsa, ykdysadyýetimiziň daşarky töwekgelçilikleriň dürli görnüşlerine has durnukly bolmagyny üpjün edýär. Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaldýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň jemi içerki önümiň ösüşini ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklamaga mümkinçilik berendigini, senagat önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga şert döredendigini, manadyň hümmetiniň durnukly bolmagyna, içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny pes derejede saklamaga ýardam edendigini, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berendigini belledi.

Umuman alnanda, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň işinde käbir kemçilikler bar diýäýmeseň, şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri erbet bolmady. Biz ata Watanymyzy ösdürmegiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýarys we geljekde hem şu ýol bilen öňe gitmegimizi dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýene-de birnäçe günden eziz Diýarymyzyň baş baýramy  berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy uly dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda yhlasly we tutanýerli zähmetiniň netijesinde, mähriban halkymyz ägirt uly üstünlikleri gazandy. Bu barada biz ýaňy-ýakynda Ýaşulularyň maslahatynda giňişleýin gürrüň etdik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow esasy meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi.

Özüniň garaşsyz ösüşiniň häzirki tapgyrynda Bitarap Türkmenistan ýokary depginler bilen öňe barýan,  ilatynyň doly durmuş üpjünçiligini gazanan, demokratik institutlarynyň ulgamy gyşarnyksyz ösýän we kanunyň hökmürowanlygyna esaslanýan hukuk döwletiniň ýörelgelerini jemgyýetiň durmuşynda berkarar eden ýurt hökmünde özüni tanadýar.

Hakyky döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan pursadyndan bäri geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan yzygiderli we oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar. Şonuň netijesinde, Garaşsyz döwletimiz özara gatnaşyklaryny oňyn bitaraplyk ýörelgeleri esasynda ýola goýan, halkara giňişliginde deňhukukly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde ykrar edildi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hem doly döwrebap ýagdaýa getirildi. Häzirki zaman, netijeli döwlet gurluşynyň ulgamy döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  Berkarar Watanymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy durnuklylygy hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etdi. Uzak möhletlere gönükdirilen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we ýokary depginler bilen ösýän döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ösüşiň milli nusgasynyň durmuşa ukyplydygyny we netijelidigini subut etdi.

Geçen ýyllaryň içinde ýurdumyz parahatçylygy goldaýan döwlet hökmünde uly abraý gazandy. Örän möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, halkara derejesinde giňden ykrar edildi. Dünýä milletler bileleşiginde täsirli döwlet hökmünde mynasyp orna eýe boldy.

Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde öz milli döwlet bähbitlerini yzygiderli gorap gelýär. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň asuda hem-de durnukly ösmegini üpjün edýär, adam mümkinçiliklerini açýar hem-de şahsyýetiň bähbitlerini we hukuklaryny berjaý edýär. Bu ýörelgeler garaşsyz ösüşiň 25 ýylynyň içinde berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup gelýär diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  şeýle düýpli hukuk ýagdaýyna bolsa, halkara syýasatynyň örän möhüm meseleleri, ýagny daşarky gapma-garşylyklara gatyşmazlyk, milli bähbitleri hasaba almaýan köptaraply harby, syýasy we beýleki guramalara goşulmazlyk, döwletara gapma-garşylyklaryny parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmäge çalyşmak, döwletleriň özygtyýarlylygyny hem-de çäkleriniň bütewüligini hormatlamak, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk meseleleri boýunça borçnamalary hem-de çemeleşmeleri laýyk gelýär.

Biz halkara bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ugruny saýlap almagyny we Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik bitaraplyk hakyndaky Rezolýusiýasyny gaýtadan kabul etmegini, şol Rezolýusiýanyň bütin dünýäde ykrar edilmegini türkmen diplomatiýasynyň möhüm taryhy üstünligi diýip hasap edýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu derejäniň biziň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyzdygyny, durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegidigini  we esasy maksadymyzdygyny belledi. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we ösüşlere beslenen abadan durmuşy üpjün edýär. Garaşsyzlygymyzyň çuň mazmunly maksatlaryny amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.

Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ýaly esasy düşünjeler çärýek asyr bäri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny aýdyň häsiýetlendirip geldi. Garaşsyzlyk ýyllary örän çylşyrymly we ykbal kesgitleýji pursatda Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň biziň halkymyzyň milli bähbitlerine doly derejede laýyk gelýändigini görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy.

Azyk garaşsyzlygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, häzirki döwrüň wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň döredilmegi, döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy, halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegi biziň şu döwürde gazanan esasy üstünliklerimizdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir belent maksat  berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegini hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we şu belent maksady goldanyp, döredijilik ruhy bilen joşýan merdana halkymyzyň içeri we daşary syýasatda öňümizde duran jogapkärli wezipeleri hökman üstünlikli durmuşa geçirjekdigine ynam bildirdi.

“Geçen taryhy ýolumyza tüýs ýürekden buýsanmak bilen, men Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bolan Türkmenistanyň iň täze taryhyna ajaýyp we şöhratly sahypalary ýazjakdygymyza berk ynanýaryn. Bu şöhratly sahypalara biz buýsanyp bileris. Häzirki amala aşyran işlerimiz, gazanan üstünliklerimiz bolsa, geljekki nesillerimiziň kalbynda merdana halkymyza hem-de berkarar Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrar” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

 

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de birnäçe günden mähriban Watanymyzyň baş baýramynyň  Garaşsyz türkmen döwletiniň 25 ýyllyk şanly ýubileýiniň giňden we dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy. Merdana halkymyzyň özbaşdak we Garaşsyz döwlet baradaky asyrlaryň dowamynda edip gelen arzuwy XX asyryň ahyrynda doly hasyl boldy. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz, özygtyýarly türkmen döwleti emele geldi diýip, milli Liderimiz belledi we mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halky beýik Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn uly sarpa goýýar. Geçen çärýek asyryň dowamynda mähriban halkymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti netijesinde, Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly we hemmetaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Syýasy, ykdysady we medeni taýdan belent sepgitlere ýetdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ata Watanymyzyň dünýädäki abraýy hem yzygiderli ýokarlandy. Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüji hem-de ylalaşdyryjy döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bütin adamzadyň bähbitlerine, dünýäde asudalygyň, abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýle hem bu möhüm başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň  hem-de merdana halkymyzyň geljeginiň has-da nurana boljakdygyna, mundan-da belent sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we mähriban halkymyzy Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny jemläp, mejlise gatnaşyjylara şu aşakdaky sözler bilen ýüzlendi:

Goý, biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty we mertebesi bütin dünýä dolsun!

Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly bilen jemgyýetçilik ösüşiniň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyz mundan beýläk hem gülläp össün!

Degişli makalalar

“Köpetdag”, “Nebitçi” Hem-de “Ahal” Toparlary Ýeňiş Gazandylar

Aşgabatda raýat hukuklary boýunça seminar geçirildi

syrach

Elektron Kitaplaryň Taryhy