12.9 C
Aşkabat
26.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Premýer-Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Premýer-Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşi kabul etdi. 

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň ýolbaşçylaryndan Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Premýer-ministr Binaly Ýyldyrymyň mähirli gutlag sözlerini ýetirdi. Olar doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýolladylar. Jenap Ýyldyrym Tugrul Türkeş milli Liderimizi ajaýyp sene Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Aşgabatda geçirilýän şanly dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynda ýurdumyzyň gazanan ajaýyp üstünliklerini uly joşgun bilen garşylaýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň ýokary ýolbaşçylaryna hem-de halkyna 29-njy oktýabrda bellenilýän ýakynlaşyp gelýän milli baýramçylyk bolan Türkiýe Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli gutlag sözlerini we iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Türkmenistan Türkiýä möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýar. Şunda döwlet Baştutanymyz dostlugyň synmaz gatnaşyklarynyň, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän taryhy-medeni we ruhy umumylygyň häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarynyň berk binýady bolup çykyş edýändigini nygtady. 

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman uzak möhletli geljegi nazarlap ýola goýulýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Ýokary derejede geçirilýän yzygideri duşuşyklar we gepleşikler hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiligini has doly amala aşyrmaga iki ýurduň hem ymtylýandygynyň ajaýyp subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň we gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri girizilýär. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk pudagy, senagat, gurluşyk we beýlekiler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň işewür düzümleriniň oňaýly maýa goýum ýagdaýy döredilen hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan uly möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. 

Bellenilişi ýaly, netijeli aragatnaşyklary giňeltmekde we diwersifikasiýalaşdyrmakda Hökümetara türkmen-türk toparyna hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşine, şeýle hem yzygiderli esasda geçirilýän işewürlik forumlaryna we sergilerine ähmiýetli orun berilýär. 

Ynsanperwer ulgamy türkmen-türk gatnaşyklarynyň hemişe möhüm düzüm bölegi bolmagynda galýar. Bu ulgamda netijeli özara hereket etmegiň uly tejribesi toplandy hem-de bilim we ylym, medeniýet we sungat, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Premýer ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeş netijeli türkmen-türk gatnaşyklarynyň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Minskde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Maslahat Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Gümrük Gullugyna Ýükleriň Örän Düýpli Barlanylmagyny Tabşyrdy