Aşgabatda «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň Direktorlar Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Geňeşe taslama gatnaşyjy ähli agza-ýurtlar gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň hasabaty diňlenildi, şeýle hem taslama boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan mundan beýläkki ýerine ýetirilmeli işler boýunça möhüm ähmiýetli çözgütler kabul edildi.
Hususan-da, binýatlyk resminamalar, şol sanda satyn almak, işgärler düzümini hakyna tutmak boýunça düzgünnamalar we beýleki resminamalar tassyklanyldy.
Taslamany dolandyrmak boýunça maslahatçy, maliýe geňeşçisiň hyzmatlaryny we beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmek ýaly hyzmat potratçylaryny saýlap almak boýunça işleriň alnyp barlyşy baradaky hasabat diňlenildi.
Işleriň depginini ýokarlandyrmak üçin ýüze çykan meseleleri kompaniýanyň derejesinde tiz çözmek, şeýle hem turba geçiriji infrastrukturanyň hereket etmegi üçin zerur bolan döwletara resminamalaryny taýýarlamak boýunça Iş toparyny döretmek karar edildi.
TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga aldy. Häzirki wagtda çenli Türkmenistanyň çäginde inžener-gözleg işleri tamamlandy, taslama resminamalaryny taýýarlamak bilen birlikde enjamlary we materiallary satyn almak boýunça işleri amala aşyrylýar. Turba geçirijiniň eýýäm ilkinji 8 kilometri guruldy.
Ýakyn wagtda transmilli turba geçirijiniň galan böleginde hem inžener barlaglaryna we tehniki taslama işlerine başlamak meýilleşdirilýär.
TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1814 kilometre deň bolup, şolardan 214 kilometri Türkmenistanyň çäklerinden, 774 kilometri Owganystanyň çäklerinden, 826 kilometri bolsa Päkistandan Hindistan bilen serhetleşýän Fazilka ilatly nokadyna çenli geçiriler.
Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Bu halkara gaz geçirijisini we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlaryny 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Mejlise gatnaşyjylar taslamany üstünlikli durmuşa geçirmäge bolan ymtylyşlaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.