7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

 Bu günler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Watan goragçylaryna – harby gullukçylaryň we düzümleriň işgärleriniň birnäçesine sylaglary gowşurmak dabaralary geçirilýär.

Bu ýokary sylaglara Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we öz ygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsulygy, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge uly goşant goşan hem-de berkarar Watanymyzy, merdana halkymyza köpýyllaryň dowamynda bir kemsiz gulluk eden, türkmenistanlylaryň ösüp gelýän neslini gaýduwsyzlyk we watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly hyzmatlary bitiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň has tapawutlanan wekilleri mynasyp boldular.

2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Gullugyň tapawutlanan harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak çäresi geçirildi. Şeýle hem Türkmenisdtanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň buýrugyna laýyklykda mukaddes harby borjyny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berktmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Gullugyň harby gullukçylarynyň bir toparyna nobatdaky harby atlar dakyldy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Gullugyň tapawutlanan harby gullukçylaryna gymmat bahaly sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak çäresi geçirildi.

Türkmen halky öz taryhynyň dowamynda parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup geldi. Häzirki döwürde, täze taryhy eýýamda şol ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýär. Ýurdumyz özygtyýarly ösüş ýoluna düşüp, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyny döredýän döwlet gurluşynyň täsin nusgasyny döretmek bilen, amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmegi başardy. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlara üstünlikli ýetmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň Harby doktrinasy hem diňe goranyş we parahatçylyk häsiýetine eýedir. Ol türkmenistanlylaryň parahatçylykly we abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň kepili bolup durýan Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýadawsyz aladasy hem-de Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna beren ýokary bahasy üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dabara gatnaşyjylar özleriniň mukaddes harby borjuny berjaý edip, mundan beýläk hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlarynyň, türkmen döwletiniň milli bähbitleriniň we howpsuzlygynyň, mähriban halkymyzyň parahat durmuşynyň goragynda berk durjakdyklaryna ynandyrdylar.

Baýramçylyk çäresi ajaýyp konsert bilen dowam etdirildi, bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredijilik topary sungat ussatlygyny görkezip, üstünlikli çykyş etdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Nebitgaz Toplumyna Maýa Goýumlar Artýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziaýa-2017-niň Baş Meýdançasynyň Abadanlaşdyrylyşynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Çeperçilik Akademiýasynyň Sergi Merkezinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Eserleriň Sergisi Açyldy

turkmenhabargullugy