Düzüminde 2017-nji ýyldaky Aziada taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Indoneziýada, Bali adasynda geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 53-nji Bas Assambleýasyna gatnaşdy.
Bu iş sapary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň habar beriş hem-de sport žurnalistikasy ulgamynda daşary ýurt tejribesini öwrenmek, “Aziada-2017-ni” wagyz etmek ugrunda mahabat-maglumat işlerini giňeltmek hem-de bu ugur boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça öňde goýlan wezipelerini çözmek maksady bilen geçirildi.
ABU guramasyna agza bolan teleradiogepleşikler kompaniýalarynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 200-den gowragynyň wekillerini bir ýere jemlän forum “Geljek üçin media” diýen şygar astynda geçdi hem-de geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary onuň esasy meseleleriniň biri boldy.
Hususan-da, öz işleri barada hasabat beren ABU-nyň dürli toparlarynyň we komissiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanda Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň ýokary derejesi bellenildi. Gurama agza bolan teleýaýlymlar kompaniýalarynyň birnäçesiniň Aşgabatdaky Oýunlaryň ýaryşlaryny göni ýaýlymda görkezmäge taýýardygy hem-de bu babatda beýleki teklipler beýan edildi.
Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşy bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar Oýunlaryň habar beriş serişdelerinde beýan edilişiniň guralyşyny goşmak bilen, uly möçberli “Aziada-2017” taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň esasy ugurlary barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Aziýa we Ýewropa kompaniýalarynyň wekillerine žurnalistleriň, telehabarçylaryň işlemegi üçin şertleriň döredilişi, Aziadany maglumat taýdan üpjün etmegiň häzirki zaman önümçilik-tehniki binýadynyň döredilişi, bu ulgama iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Bas Assambleýasynyň çäklerinde progamma alyşmalaryň, teleradiogepleşiklerindäki täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň meseleleri boýunça ABU toparlarynyň maslahatlary, okuw maslahatlary we bilelikdäki mejlisleri geçirildi. Sport toparynyň duşuşyklarynda pikir alyşmalar boldy hem-de iri sport çärelerini beýan etmekdäki täze ýagdaýlar bilen tanyşdyrylyş geçirildi.
Bu ýerde türkmen wekiliýeti wideroligiň görkezilmegi bilen hem-de giňişleýin hasabatlary özünde jemleýän Aziada-2017-niň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Onuň barşynda berlen ähli sowallara doly jogap berildi. Hususan-da, olimpiýa desgalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, meýletinçileriň, şeýle hem iki dilde sözlükleriň we özara düşünişmäge niýetlenen mowzuklaýyn gepleşik üçin gollanmalaryň taýýarlanylyşyna degişli sowal-jogap alşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Baştutany, Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän uly goldawy Oýunlary geçirmäge degişli hemme meseleleri toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da milli Liderimiziň başlangyjy boýunça synag geçirmek ýagdaýynda işgärler hem-de Olimpiýa şäherjiginiň taýýar edilen hemme desgalary barlanylýar. Bu babatda eýýäm halkara ýaryşlarynyň birnäçesi geçirildi hem-de ençeme ýurtlardan türgenleriň, tälimçileriň, eminleriň, žurnalsileriň we bilermenleriň gatnaşmagynda ýaryşlaryň ýene-de birnäçe tapgyrlary geçiriler.
Daşary ýurtly žurnalistleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça geçirilýän atly ýöriş hem ajaýyp pikirdir. Bu ýörişe Aziadanyň açylmagyna çenli 500 günüň galan güni badalga berildi.
Umuman, Türkmenistan Merkezi Aziýada Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny alan ilkinji ýurt bolup, bu hukuk berlen döwründen bäri ägirt uly işleriň, şol sanda hukuk gatnaşyklary babatda hem uly işleriň ýerine ýetirilendigi nygtaldy.
“Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Professional sport hakynda” we “Meýletinçiler hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Esas düzüji resminamalaryň hatarynda daşary ýurtlaryň sport ulgamyndaky hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bar.
Aşgabatda Halkara sport media-forumlaryň biräçesi geçirildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri hem-de sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerini giňden wagyz etmek üçin oňat mümkinçilikler boldy.
Aşgabatda Okeanianyň Milli olimpiýa komitetleriniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň gol çeken resminamasynyň taryhy ähmiýeti hem bellenildi. Şol resminama laýyklykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taryhda ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlary hem gatnaşar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Bas sekretary Jawad Mottagi bilen duşuşyk geçirdiler, forumyň çäklerinde guralan beýleki çärelere gatnaşdylar.
Mundan başga-da, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň 53-nji Bas Assambleýasynyň çap edilýän habarlar toplumy öz sahypalarynda Aziada-2017-ä başlanan habarlary hödürledi. Olarda Aşgabat “Aziýanyň merjeni” diýlip atlandyrylyp, türkmen paýtagtynda geçiriljek Oýunlaryň, garaşylyşy ýaly, ozalklardan örän köpsanly gatnaşyjylary ýygnajakdygy barada gürrüň berilýär sportuň 21 görnüşinde iň güýçlileri ýüze çykarmak üçin 62 ýurtdan türgenleriň 5 müňden gowragy medallar ugrunda güýç synanyşar.
Olar bilen birlikde, tälimçileriň 2500-e golaýy hem-de 10 müňden gowrak daşary ýurtly hünärmenler Aşgabada geler. Oýunlara 10 müň meýletinçi hyzmat eder. Umuman bolsa, Oýunlaryň dürli ýurtlardan janköýerleriň 200 müňe çenlisini jemlemegi çaklanylýar.
Neşirde 30-dan gowrak desgalary özünde jemleýän Olimpiýa şäherjigine hem-de onuň 45 müň tomaşaça niýetlenen merkezi stadionyna aýratyn üns berlipdir. Şol stadionda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygary astynda Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary geçiriler.
***
Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) 1964-nji ýylda döredildi hem-de teleradiogepleşikler guramalarynyň syýasy bolmadyk we täjirçilik däl birleşigidir. ABU-nyň düýp maksady Aziýa Ýuwaş umman sebitindäki döwletlerde teleradiogepleşiklerini ösdürmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Häzirki wagtda dünýäniň 67 ýurdundan guramalaryň 278-si ABU-nyň agzasy bolup durýar.
Türkmenistan Aziýa Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşigine 2012-nji ýyldan bäri gatnaşýar.