9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 
 
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol harby özgertmeleri ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we oňat ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek şol özgertmeleriň möhüm ugurlary bolup durýar. 
 
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen we üstünlikli amala aşyrylýan Harby doktrinanyň goranyş häsiýetiniň köp babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan esasy wezipeleriň toparyny kesgitleýändigini, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň olaryň esasylary bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz goranmak ministrine geljekde hem ýaş harbylary söweşjeň ruhunda taýýarlamak boýunça işleri guramaçylykly alyp barmagy, Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine uly üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz olaryň gaýduwsyz türkmen serkerdeleriniň iň gowy däplerinde terbiýelenmelidigini belledi. 
 
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri döwlet serhediniň goralmagyny güýçlendirmek, garamagyndaky desgalaryň käbirinde, hususan-da, gurulýan döwrebap serhet galalarynda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. 
 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini eserdeň goraýan hem-de ene topragymyzda parahatçylygy we asudalygy saklamaga uly goşant goşýan serhetçileriň aýratyn jogapkärçiligini belläp, döwletimiz tarapyndan geljekde hem serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, Watan goragçylarymyzyň mynasyp gulluk etmegi we ýaşamagy üçin amatly şertleriň döredilmegine uly üns beriljekdigini aýtdy. 
 
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow IIM-niň edaralarynyň işleri hem-de şu ýylyň geçen on aýynda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini has-da berkitmek boýunça geçiren anyk çäreleri barada hasabat berdi. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek babatda milli Liderimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler hasabatyň esasyny düzdi. 
 
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň işine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Olar döredijilikli zähmeti bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň esaslaryny berkidýän raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny berk berjaý etmelidir we hemmetaraplaýyn goramalydyr. 
 
Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministrine ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga jogap berýän Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talabalaýyk berjaý edilmeýändigine birnäçe mysallar getirip, bu ugurdaky işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, ministriň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini döwrebap guramak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 
 
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen uly möçberli işleriň geçirilýändigine ünsi çekdi. Häzir Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bellidir. Ýurdumyzda her ýyl degişli çäreleriň geçirilmegi ýola goýuldy, ilatyň arasynda, esasan-da, ýaşlaryň içinde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek ugrunda uly işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 
 
Emma, muňa garamazdan, gynansak-da, çilim, neşe serişdelerini peýdalanýanlar we olaryň söwdasy bilen meşgullanýan hem-de ýaýradýan betnebisler hem tapylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle pişä ýüz urýanlar diňe bir özlerine däl, eýsem, ýurdumyzda berkarar bolýan sagdyn jemgyýetimiziň abraýyna hem şek ýetirýärler. Şoňa görä-de, şeýle haramzadalara hem-de näletkerdelere biziň aramyzda orun bolmaly däldir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 
 
Soňra Baş prokuror A.Hallyýew ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda kanunçylygyň we düzgün-tertibiň gyşarnyksyz berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek şol işleriň möhüm ugry bolup durýar. 
 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly we ýokary hünärli işgärleri ykjam seçip almagyň möhümdigini nygtap, prokuratura edaralarynda diňe işini bilýän, döwletimiziň adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini berjaý edýän hünärmenleriň işlemelidigini belledi. 
 
Belent Serkerdebaşymyz mejlisiň barşynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi. 
 
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew geçen on aýyň içinde kazyýet edaralarynyň ýerine ýetiren işleri hem-de kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 
 
Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi talap edip, kazyýet edaralarynyň işiniň Türkmenistanyň ýöredýän döwlet syýasatynyň belent maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmelidigini belledi. Türkmenistanlylaryň bagtyýarlygy we abadançylygy şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. 
 
Soňra Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda MHM-niň alyp baran işleriniň netijeleri, hususan-da, milli howpsuzlygy berkitmek hem-de ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamak boýunça maksada gönükdirilip, yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi. 
 
Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny belläp, türkmenistanlylaryň parahat hem-de abadan durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan kanunylygyň we düzgün-tertibiň berjaý edilişine berk gözegçiligi mundan beýläk-de üpjün etmegi tabşyrdy. Şunda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilmelidir. 
 
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa on aýyň içinde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Daşary ykdysady işjeňliginiň artmagy nazara alnyp, gümrük bölümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna hem-de gullugyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
 
Döwlet Baştutanymyz gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wajyp wezipeleriň toplumyny kesgitläp, ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda işgärleriň düýpli saýlanyp alynmagyny we ýerli-ýerinde goýulmagyny, ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen önümleriň garşysyna ygtybarly böwet goýmaga gönükdirilen gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagynyň kämilleşdirilmegini belledi. 
 
Hormatly Prezidentimiz Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň güni mynasybetli gullugyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlap, bu sene mynasybetli guralýan çäreleri guramaçylykly geçirmek barada gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň gümrük gullugynyň işgärleriniň öňlerinde goýlan wezipeleri päk ýürekden ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi. 
 
Şu ýylyň on aýynda Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan alnyp barlan işler, hususan-da, döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlaryny amala aşyrmaga degişli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň has-da netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada gullugyň başlygy M.Nobatow hasabat berdi. 
 
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gullugyň öňünde duran gönüden-göni borçnamalaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Şol wezipeleriň hatarynda dolandyryş edarasynyň hem-de ähli düzümleýin bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegi, işgärleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagy, olaryň gulluk şertleriniň gowulandyrylmagy bar.
 
Soňra adalat ministri B.Muhammedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny gazanmak üçin ygtybarly esas bolmaga gönükdirilen ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. 
 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýakynda kabul edilen rejelenen görnüşiniň, ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli hukuk özgertmeleriniň örän wajypdygyny nygtap, milli kanunçylygyň häzirki günde möhüm bolan täze kanunlar bilen has-da baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny görkezdi. Şol kanunlar Mejlis hem-de beýleki degişli düzümler bilen ýygjam hyzmatdaşlykda düýpli işlenilmelidir. 
 
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy geçirilen ähmiýetli gürrüňleri umumylaşdyryp, ähli harby we hukuk goraýjy düzümleriň takyk, sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Bu düzümleriň ýerine ýetirýän işleri kanuny döwlet gurluşynyň goragynda durmaga hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň, raýatlaryň abadançylygynyň hem-de asudalygynyň esaslaryny berkidip, islendik hukuk bozulmalara we jenaýatçylyklara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz çilimkeşlige, şeýle hem neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň döwlet syýasatynyň wajyp ugrudygyna ünsi çekip, bu ýaramaz pişä baş goşan adamlara jemgyýetimizde orun bolmajakdygyny aýtdy. 
 
Umuman, milli Liderimiz soňky ýyllarda gazanylan üstünlikleri belläp, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ýoly bilen yzygiderli öňe gidip, aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, abraýly halkara guramalary bilen hem netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary ýola goýmagyny dowam edýändigini kanagatlanma bilen nygtady. 
 
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
 
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli we asylly gullugynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda uly söwda-dynç alyş merkezi açyldy.

syrach

Türkmenistanyň Bitaraplygy-Parahatçylygyň we Durnuklylygyň Kepilidir

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýeniň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

syrach