Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Serkerdebaşysy, general Jeýms Mettisi kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekilçilikli delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.
Myhman döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistanda bolup görmäge mümkinçiligiň dörändigine şatdygyny aýtdy. General Jeýms Mettisiň belleýşi ýaly, ABŞ-nyň hökümeti geljekde hem Türkmenistan bilen köp ugurly gatnaşyklary ösdürmekçidir. Çünki Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen döwletini jogapkär we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary wezipeli myhman bilen görşüp, bitaraplyk derejesinden ugur alyp daşary syýasy strategiýasyny gurýan türkmen döwleti özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleriň oňaýly çözgüdini işläp düzmäge gönükdirilen sebitleýin we dünýä möçberindäki özara bähbitli gatnaşyklary goldaýar diýip belledi. Ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, hususan-da, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň, neşeleriň bikanun daşalmagy, guramaçylykly jenaýatçylyk we terrorçylyk ýaly döwrüň howply wehimlerine garşy durmagyň möhüm wezipeleri hakynda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda ýokary wezipeli myhman bu möhüm ugurda Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň tagallalaryna goşandyny aýratyn belledi.
Türkmenistanyň öz ylalaşdyryjylyk mümkinçiligini parahatçylygyň, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygyň hyzmatynda goýmaga taýýardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň ählumumy durnukly ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti we ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Serkerdebaşysy hoşlaşanlarynda, iki ýurduň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge we soňky ýyllarda täze depgine we many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.
Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistanda Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Eýlin Malloý gatnaşdy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm