6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň netijelerine, şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga degişli meseleleriň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutany mejlisiň başynda Milli goşunyň ýolbaşçy düzüminiň wekillerini, olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli harby gullukçylaryny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününiň 19 ýyllygy we bellenip geçilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli mähirli gutlady.

Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň parahat we abadan durmuşyny gorap saklamakda Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň bitirýän hyzmatlary örän uludyr, olar ata-babalarymyzyň edermenlik, gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk ýörelgelerini baýdak edinip, ata Watanymyza wepaly gulluk etmegiň belent nusgasyny görkezýärler diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň goragçylaryna eziz Diýarymyzyň asudalygyny goramakda gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, gulluk edýändikleri üçin minnetdarlyk bildirip, olary ýene bir gezek şu günki ajaýyp baýramçylyk bilen gutlady hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenýän ýylynda Watanymyzyň serhetlerini, onuň çäkleriniň bitewiligini, halkymyzyň asuda döredijilikli durmuşyny goramakda üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz işgärler meselesi babatda birnäçe çözgütleri kabul etdi we mejlise gatnaşyjylara hasabatlar bilen çykyş etmek üçin söz berdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Goranmak ministri ÝA.Berdiýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ýolbaşçy düzüminiň wekilleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, örän uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikler arzuw etdi. Milletiň Lideriniň yzygiderli aladasy we milli Goşunymyzy hemme babatlarda kämilleşdirmek meselelerine, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga berýän aýratyn ünsi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem ÝA.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan harby özgertmäniň, şol sanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň gullugy we durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu meselelere döwletiň geljekde hem uly üns berjekdigini aýtdy hem-de garaşsyz, bitarap bolmak bilen, döwletimiz şol bir wagtyň özünde ýurtda parahatçylygyň we howpsuzlygyň, halkymyzyň abadançylygynyň kepili bolup çykyş edýän goşunyň goranyş ukybyny berkitmek hakynda elmydama alada eder diýip belledi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow özüniň ýolbaşçylyk edýän gullugynda işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki ýagdaý hakynda, Milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanow türkmen jemgyýetiniň parahat, döredijilikli durmuşynyň, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti hökmünde ýurduň binýatlaryny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, amala aşyrylýan anyk işler barada, Türkmenistanyň Baş prokurory Ç.Hojamyradow döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygy berjaý etmek boýunça gözegçilik işleri bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdiler.

Soňra Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew neşekeşlige garşy aýgytly göreşmäge gönükdirilen işler hakynda, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, jenaýatçylyklaryň we hukuk düzgün bozulmalarynyň derejesini peseltmek boýunça geçirilýän çäreler hakynda içeri işler ministri I.Mulikow, Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny täze döwrüň we umumy kabul edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ÝA.Ýazmyradow hasabat bilen çykyş etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Begliýew, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýew hem-de Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew öz ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynda işleriň barşy barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berlen hasabatlary jemläp, şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik işini güýçlendirmek, işgärleriň hünär ussatlygyny, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan ulgamlarda işleriň ýagdaýyna jogapkärçiligini ýokarlandyrmak ýaly meselelere mejlise gatnaşýan ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümleriň ýolbaşçylarynyň aýratyn jogapkärçiligi hakynda aýtmak bilen, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanowyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin oňa berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutany mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygyny zähmet üstünliklerine hem-de belent toý-dabaralaryna beslemekligi maksat edinýän türkmenistanlylaryň parahatçylykly we bagtyýar durmuşyny hem-de döredijilikli zähmetini goramakda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň möhüm orny eýeleýändigini nygtap, döwletiň mundan beýläk hem bu gulluklaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meselelerini üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Watana gulluk etmegi belent borç edinen ussat hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini aýratyn belledi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň her bir işgäri ildeşlerimiz üçin hakyky watançylygyň, jogapkärçiligiň, ak ýürekliligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şöhratly ata-babalarymyzyň miras galdyran we täze Galkynyş eýýamynda täzeden dikeldilýän şol milli ýörelgeler türkmen halkynyň durmuşynyň özenini düzýär.

Mejlisiň ahyrynda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda, eşretli, abadan durmuşda, bagtyýar ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikler arzuw edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemledi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylaryndan hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary ýolbaşçy düzüminiň wekillerinden Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününiň 19 ýyllygy we ýurdumyzda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri milletiň Liderini bu şanly sene bilen mähirli gutlap, ýene-de bir gezek döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür, durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, giň gerimli özgertmeler ýolunda uly üstünlikler arzuw etdiler we hormatly Prezidentimiziň hemişelik aladasy we milli Goşunymyzy tehniki taýdan kämilleşdirmek ýaly meselelere, şeýle hem harby gullukçylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmaga berýän aýratyn ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletini we jemgyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çuňňur özgertmeleriň çäklerinde harby reforma hem uly ähmiýetiň berilýändigini nygtady. Milletiň Lideri milli goşunyň goranyş ukybyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli kadrlary taýýarlamak, goşunyň harby-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin häzirki zaman harby şäherjiklerini, harby gullukçylaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman söweş tehnikasy bilen edilen goşuny harby ylymdan we sungatyndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sowatly harby hünärmenlersiz göz öňüne getirmek kyndyr, biziň Ýaragly Güýçlerimiz häzirki döwrüň ýokary talaplaryna doly laýyk gelmelidir we hakykatdan-da kämil bolmalydyr hem-de Watanymyzyň howpsuzlygynyň kuwwatly goragyna öwrülmelidir diýip belledi.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda siz harby borçlaryňyzy gyşarnyksyz ýerine ýetirmelisiňiz, harby kasama wepaly bolmalysyňyz we Watanymyzyň milli bähbitlerini goramalysyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzümine jan saglyk, bagt, abadançylyk we olaryň ýeňil bolmadyk, ýöne parahatçylygyň hem-de ýurdumyzyň asudalygynyň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Telekeçiler Galla Öndürilişine Saldamly Goşant Goşýarlar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanda Prezidentiň Wezipesine Dalaşgärleri Hödürlemek Dowam Edýär