13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatynda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary dowam etdi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutany iri senagat toplumy bolan Mary şäheriniň etegindäki ammiak we karbamid önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda bolmagynyň çäklerinde bu sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy we Baýramaly etrabynda ýerleşýän Üçajy şäherçesine öňünden duýdurmazdan baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutany «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi bilen içgin gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, bu giň möçberli maksatnama ýurtda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala gelmegine, ähli welaýatlarda, şol sanda oba ýerlerinde ilatymyzyň durmuşy we olaryň döredijilikli zähmeti üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň bu saparynyň ýerli häkimiýet edaralaryna öňünden duýdurmazdan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Mary welaýatynyň häkimi boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ähli etrap merkezlerine we oba ýerlerine baryp görmek, ýerli ýolbaşçylaryň alyp barýan işleriniň netijeliligine anyk-aýdyň göz ýetirmek meýliniň bardygy hakynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berendigini ýatladýarys. Ýakynda milletiň Lideri şunuň ýaly sapar bilen Balkan welaýatynda boldy we Belek şäherçesine baryp gördi. Şeýle hem ol ýerde alnyp barylýan işler, Milli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda düýpli hem-de talap edijilikli gürrüň geçirdi we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Bu gezek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Üçajy şäherçesinde bolmagy ýerli ilat üçin aýratyn şanly waka öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, adamlar baradaky alada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen şanly şygary dabaralandyrýan hem-de üstünlikli durmuşa geçirýän bu sahawatly syýasat ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-hal ýagdaýyny ýokary derejelere götermeklige gönükdirilendir. Geçen ýyl ýurdumyzda býujet serişdeleriniň 75 göterimden gowragynyň durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygynyň ählihalk dabaralaryna beslenjek şu ýylda bu serişdeleriň möçberleri has-da artar.

Baýramaly etrabyna tarap dikuçarda barýarka, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde güýzlük dänelere ideg etmek we ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýan oba hojalyk meýdanlaryny synlady. Döwlet Baştutany degişli çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň hem-de agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de meýdanlarda häzirki zaman tehnikalarynyň ulanylmagy, oba hojalyk önümçiligine öňde baryjy tehnologiýalaryň we oba hojalyk ylmynyň iň gowy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmeginiň baş şertidir diýip belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dikuçardan Mary welaýatynda alnyp barylýan täze gurluşyklar we tutuşlygyna alnanda Milli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen içgin tanyşdy.

Döwlet Baştutanynyň dikuçary Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesiniň golaýynda gondy. Döwlet Baştutany bu daýhan birleşigine tarap awtoulagly ugrady we bu ýerde durmuş düzümine degişli desgalara baryp gördi.

Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri ösüp barýan ýaş nesil we olaryň sazlaşykly ösüşi üçin döredilýän şertleri bilen içgin gyzyklanýar. Hormatly Prezidentimiz Üçajy şäherçesine gelende öňi bilen çagalar bagyna baryp gördi. Ol ýerde döwlet Baştutanyny terbiýeçiler güler ýüz bilen mähirli garşyladylar, çagalar bolsa ýurdumyzyň Prezidentiniň öňünde goşgy okadylar. Çagalar bagynyň işgärleri bilen bolan söhbetdeşlikde milletiň Lideri öňi bilen bu ýerde körpe nesil üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde biziň ýurdumyzda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilen täze mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň hemme taraplaýyn gurluşygyna uly üns berilýär. Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, ýakyn wagtda bu ýerde täze çagalar bagy gurlar. Bu hoş habary terbiýeçiler we körpeler uly şatlyk hem-de şowhun bilen garşyladylar. Döwlet Baştutany çagalar bagyndan ugramazdan öň, ýadygärlik üçin, çagalar bilen surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz çagalar bagynyň işgärleri we körpeler bilen hoşlaşyp, ýerli mekdebe baryp gördi. Ýüzugra milletiň Lideri säginip, ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş boldy, olar döwlet Baştutanyna oba adamlary barada ýadawsyz alada edýändigi hem-de adamlaryň gündelik iş-aladalaryna we hajatlaryna aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti bu hoşallyk sözleri üçin öz söhbetdeşlerine berk jan saglyk, abadançylyk we işde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.

Soňra milletiň Lideri mekdebe bardy, şol wagt mekdepde adaty sapaklar dowam edýärdi. Ol ýerde döwlet Baştutanyny mekdep müdiri garşylady. Hormatly Prezidentimiziň gelmegi mynasybetli, çagalar öz joşgunyny we şatlygyny goşgy okamak arkaly beýan etdiler. Milletiň Lideri sapak geçýän mugallymlar we okuwçylar bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mugallymlaryň iş şertleri we okuwçylaryň okuwda gazanýan üstünlikleri, olaryň geljekki maksatlary, mekdebiň kompýuterler bilen üpjün edilişi bilen içgin gyzyklandy.

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän bilim reformasy bu pudagy ýokary halkara ülňüleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilendir we ol ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alandyr, özgertmeleriň çäklerinde oba ýerleriniň ählisinde häzirki zaman bilimlerine eýe bolmak üçin zerur şertler döredilýär diýip, milletiň Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Üçajy şäherçesinde hem ähli zerur enjamlar we öňde baryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze mekdebiň guruljakdygyny mälim etdi.

Mekdebiň mugallymlary we okuwçylary bilim meselesine hem-de ýaş nesliň terbiýesin üns berýändigiýe, şeýle hem mugallymlar hakynda edýän hemişelik aladasy üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk we alkyşly sözleri aýtdylar we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Watanymyzyň we tutuş türkmen halkynyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler. Milletiň Lideri ýaşlara bilim bermek we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meselesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurduň yzygiderli ösüşiniň we durmuş-ykdysady rowaçlygynyň girewidir diýip belledi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärlik üçin, mekdebiň okuwçylary bilen surata düşdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Üçajy şäherçesiniň geňeşligine bardy we bu ýerde Mejlisiň başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, Mary welaýatynyň, Baýramaly etrabynyň ýolbaşçylarynyň we ýerli häkimiýetiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Üçajy şäherçesindäki işleriň ýagdaýy barada aýdyp, welaýatyň we etrabyň ýolbaşçylygyndan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň ählisini hemişe gözegçilikde saklamagy talap edip, birnäçe kemçilikleriň bardygyny görkezdi. Bu kemçilikler, ilkinji nobatda, durmuş düzümine degişli desgalaryň durkuny täzelemek we degişli desgalary gurmak bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutany şäherçäni abadanlaşdyrmak meselesi barada durup geçip, muňa ylmy esasda we oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi we bu barada degişli tabşyryklary berdi.

Şunda milletiň Lideri halkymyz we onuň bähbitleri, abadançylygy barada aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýandygyny we täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli uly möçberli özgertmeleriň hut şunuň bilen şertlendirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bellenilen işleri berjaý etmegiň çäklerinde, Üçajyda ýerli ilaty suw bilen üpjün etmek meselesiniň dolulygyna çözüljekdigini belledi. Bu ýerde 160 orunlyk täze çagalar bagy, 600 orunlyk mekdep, Medeniýet öýi, dermanhana gurlar. Bir söz bilen aýdanyňda, şäherçede uly özgertmeler amala aşyrylar, şol sanda täze köçeler çekiler we ýaşyl zolaklar dörediler. Şeýle hem Üçajy demir ýol menziliniň durky täzeleniler. Geljekki gurluşyklaryň hatarynda geňeşligiň täze binasy, 50 orunlyk we kempingli myhmanhana, şeýle hem maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek, şol sanda derileri işläp taýýarlamak boýunça kiçi kärhanalaryň ikisi bar.

Döwlet Baştutany bu gürrüňi dowam etmek bilen, Mejlisiň başlygyna ýüzlenip, türkmen parlamentarileriniň ýerlerde yzygiderli bolmalydygyna we hususan-da, Mary welaýatynda öz saýlawçylary bilen aragatnaşyk saklamalydygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputatlarynyň borjunyň elmydama halkyň durmuşynyň jümmüşinde bolup ähli wakalardan habarly bolmakdan, ata Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli döwlet maksatnamalarynyň we taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýakyndan ýardam bermekden ybarat bolup durýandygyny belledi.

Ýerlerde adamlaryň ýaşaýşynyň ýokary derejesini üpjün etmek, olary şäherde, şeýle hem oba ýerinde kada öwürmek Türkmenistanyň ýöredýän döredijilikli syýasatynyň esasy maksady bolup durýar we onuň mazmuny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ähli ýolbaşçylardan welaýaty durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň wezipeleriniň çözülmegine, özgertmeler boýunça Milli maksatnamanyň ýerine ýetirilmegine ýokary derejede çynlakaý we jogapkärli çemeleşmegi ýene-de bir gezek talap etdi.

Milletiň Lideri geňeşlikden çykyp, Üçajy şäherçesinden dikuçarly ugrady. Uçuş mahalynda Türkmenistanyň Prezidenti öz ýanyndaky Mejlisiň başlygy A. Nurberdiýewa deputatlaryň öz saýlawçylary bilen yzygiderli duşuşmalydygyny we ýerlerdäki ýagdaý bilen jikme-jik gyzyklanmalydygyny ýene-de bir gezek aýtdy.

Döwlet Baştutany Mary welaýaty boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek wezipesi tabşyrylan wise-premýer T. Japarowa ýüzlenip, ýerlerde durmuş-ykdysady özgertmeleriň depginlerini artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi we bu ugurda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde işleriň sazlaşykly alnyp barylmalydygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsir edýän işleriň netijeliligini artdyrmagyň ugurlaryny kesgitledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýüzugra Prezidentiň dikuçary Garagum çölüniň ortasyndaky takyrda gondy. Döwlet Baştutany türkmen florasyndan oňat baş çykarmak bilen bu ýerde bitýän ösümlikler bilen gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, gadymy türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň köpüsi gymmatly bejeriş häsiýetlerine eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly fundamental ensiklopedik işi ösümlikleriň hut şol häsiýetlerine hem-de köp asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň olary ulanmak boýunça ýörelgelerine, şol ýörelgeleriň häzirki döwürde fitoterapiýada ulanylyşyna bagyşlanandyr. Türkmen lukmanlarynyň ýankitabyna öwrülen bu işiň halkara ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretmegi hem ýöne ýerden däldir.

Milletiň Lideri Garagumyň täsin galdyrýan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, yklymdaky bu uly çölüň özboluşly howa şertleriniň has-da çuňňur öwrenilmelidigini belledi. Döwlet Baştutany türkmen halkynyň milli baýlygyna öwrülen dogduk tebigata aýawly garamagyň möhümdigini belläp, şular bilen bagly meseleleriň ählisine ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany dikuçara münüp, öz ýoluny dowam etdirdi hem-de Aşgabada dolanyp geldi.

Döwlet Baştutany türkmen paýtagtynyň halkara aeroportuna gelip düşenden soňra, bu ýerde Mary welaýatyna bolan iş saparynyň jemlerine degişli gysgaça maslahat geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň ünsüni Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine çekip, ýerlerde, hususan-da Üçajy şäherçesinde bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleriniň üstünde durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde geçiren maslahatynyň barşynda Mary welaýatyna iş saparyndan gelip çykýan meselelere degip geçdi we bu babatda durmuşa geçirmeli çäreleriň anyk ugurlaryny kesgitledi.

Döwlet Baştutany düýn ammiak we karbamid önümçiligi boýunça täze kärhananyň düýbüniň tutulandygyny belläp, bu zawodlaryň diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna oňyn täsirini ýetirer diýip nygtady. Iň häzirki zaman enjamlary we öňde baryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary bilen üpjün ediljek bu täze kärhanalaryň gurulmagy we onuň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümini düýpli özgertmek, ýokary hilli mineral dökünleriň önümçilik mukdaryny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler ýolunda möhüm ädime öwrüler. Munuň özi ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň mineral dökünlere bolan ýokarlanýan isleglerini üpjün etmegi şertlendirer. Mundan hem başga ol ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň himiýa senagatynyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem täze kärhanalaryň ägirt uly durmuş-ykdysady ähmiýeti bolar, çünki bu ýerde täze iş orunlary dörär.

Şeýle hem döwlet Baştutany diňe bir Mary welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmegiň depginleriniň artdyrylmalydygyna ünsi çekip, bu ugruň netijeliligini üpjün edýän anyk wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda degişli ýolbaşçylara şu günki iş saparynyň netijelerinden gelip çykýan birnäçe anyk tabşyryklary berdi we olaryň ýerine ýetirilişini mydama gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň ilçisi işe başlady.

syrach

Köneürgenjiň Arhitektura Ýadygärliklerini Rejelemek Boýunça Türkmen Ýapon Hyzmatdaşlygy Barada Ylalaşyga Gol Çekildi

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach