4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Taryh ylmyny ösdürmek—döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertidir

Türkmenistanyň akademiki we pudaklaýyn institutlarynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura we doktorantura girmek, şeýle hem alymlyk derejelerini goramak üçin resminamalary kabul etmek ýakyn günlerde tamamlanýar. 1-nji fewraldan bolsa, ýurdumyzyň ylmy-barlag we okuw merkezlerinde giriş synaglary başlanar. Şu ýylda hünärleriň sanawynyň we ýokary kwalifikasiýaly ylmy işgärleri taýýarlamak üçin döwlet tarapyndan berilýän kwotalaryň artdyrylandygyny bellemek gerek. Bu bolsa ylym—bilim ulgamyny özgertmegiň strategiki wezipesi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň 2010-njy ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde degişli karara gol çekip, 2011—2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ylmy we iň täze tehnologiýalary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklady. Olaryň arasynda oba senagat we nebitgaz toplumlaryny innowasion taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly ylmy çözgütler, himiýa, maglumatlar we telekommunikasion tehnologiýalar, gurluşyk we seýsmologiýa, lukmançylyk we farmasewtika, ykdysadyýet we gumanitar ylymlar, şeýle hem ekologiýa we tebigy baýlyklary rejeli ulanmak boýunça ylmy barlaglar bar.

Şu ýyl ylmy işgärler ylmyň 19 sany ugry boýunça taýýarlanylar. Ylmy hünärleriň giňişleýin sanawy häzirki döwürde türkmen ylmynyň ösüşine mahsus ýagdaýlar barada düşünje almaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl ilkinji gezek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutyna aspirantura kabul etmek amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda we Botanika institutynda, Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň seýsmiki taýdan berk gurluşyk boýunça ylmy-barlag institutynda täze hünärleriň altysy (has takygy «Ýurdumyzyň taryhy» we «Sungatyň teoriýasy we taryhy», «Genetika» we «Mikologiýa», «Gistologiýa, sitologiýa we öýjükli biologiýa», «Esaslar we fundamentler, ýerasty desgalar») açyldy.

Ylym bilen bagly düşünjeleriň ösüşiniň derejesiniň döwletiň ösüşine, onuň kuwwatly mümkinçiliklerine, ýokary derejede taýýarlykly ylmy işgärleri taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de jemgyýetiň häzirki ýagdaýyna degişli görkeziji bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy hemmelere mälimdir.

Dünýäniň ösen ýurtlarynda täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça aňrybaş derejedäki ylmy-tehnologik toplumlaryň, senagatyň, bilimiň we innowasiýalaryň ylym bilen bagly toplumlarynyň döredilmegi, şeýle hem futuropolisleriň uly möçberli taslamalary muňa mysal bolup biler. Häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň dürli ýurtlarynyň ylym we tehnologiýa bilen bagly kuwwatlylygy artdyrmaga çalyşýandygy aýdyň görünýär we bu ýurtlaryň her biri öňde goýlan maksatlara ýetmekde öz ýoluny saýlap alýar.

Häzirki döwürde sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň hem döwleti ösdürmekde durmuş ugra gönükdirilen özboluşly milli ýoluny ugur edinmegi ýöne ýerden däldir. Ykdysady özgertmeleriň we tehnologik innowasiýalaryň gumanizasiýasy, milletiň ruhy gymmatlyklaryna ýüzlenmek şol ýoluň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýar. Milletiň Lideriniň türkmen döwletiniň tutuş taryhy ösüşi bilen baglylykda taryh ylmyna, täze taryhyň öwrenilmegine aýratyn üns berýändigi has-da aýdyň görünýär.

Häzirki wagtda gumanitar hünärleriň giňişleýin sanawy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy barlaglarynyň arasynda taryha degişli hünärleriň ep-esli orny eýelemegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şolaryň arasynda arheologiýa, etnografiýa, etnologiýa we antropologiýa, adamzat jemgyýetiniň taryhynyň ösüşi, çeşmeleri öwreniş we taryh boýunça ylmy-barlaglary geçirmegiň usullary, dürli döwürleriň ählumumy taryhy, halkara gatnaşyklaryň we daşary syýasatyň taryhy, medeniýetiň teoriýasy we taryhy, muzeýleri öwrenmek, taryhy-medeni mekanlary aýawly saklamak we durkuny täzelemek hünärleri bar. Diňe şu ýylyň özünde taryhçy alymlar üçin kwotalar ep-esli artdyryldy we hünärleriň sanawy has-da giňeldildi, aspirantura, doktorantura we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda alymlyk derejelerini almak boýunça kabul edişlik alnyp barylýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, bu ýerde «Sungatyň teoriýasy we taryhy» we «Ýurdumyzyň taryhy» atly täze ylmy hünärler ilkinji gezek girizildi.

Taryh boýunça ylmy-barlaglaryň mowzugynyň we öwrenilýän meseleleriň täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ösüşiniň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanynyň HHI asyryň täze 10 ýyllygynda ýurdumyzyň taryhçy alymlarynyň öňünde goýan jogapkärli wezipeleri bilen şertlendirilendigini aýtmak gerek.

Döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň taryhçy alymlarynyň öňünde goýan möhüm ähmiýetli wezipeleri täze Galkynyş eýýamy bilen baglylykda, ýurdumyzyň hakyky taryhyny öwrenmekden we täzeden dikeltmekden, oňa aýdyň akyl ýetirmekden, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden wagyz etmekden we oňa giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Milletiň Lideri olary geçmişiň öwrenilmegine hut şunuň ýaly çemeleşmäge ugrukdyryp, taryhy wakalaryň ylmy taýdan seljerilmegi boýunça ajaýyp görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek» atly Halkara ýubileý forumynyň belent münberinden eden çykyşy hakykatyna garanyňda türkmen bitaraplygynyň taryhy ähmiýetiniň ylmy taýdan esaslandyrylmagy bolup durýar. Şonda bitaraplygyň ýol-ýörelgesine, şeýle hem onuň Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny we içerki ugrunyň strategiýasyny kemala getirmekdäki ähmiýetine taryhy taýdan takyk ölçerilen we anyk-aýdyň baha berilýär. Döwlet Baştutany taryh ylmynyň täze Galkynyş eýýamynda türkmen döwletiniň ideologiýasyny hem-de ýaşaýşyň täze filosofiýasyny, taryhy, durmuş, medeni, ruhy tejribäni, milli mirasy häzirki döwürde ýurduň ösüşi boýunça öňde goýlan wezipeler bilen döredijilikli utgaşdyrmak arkaly döretmekde möhüm ähmiýete eýedigini belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wakalara we taryhy ösüşiň kanunlaryna anyk-aýdyň baha berýän täze ylmy-barlaglaryň geçirilmeginiň zerurdygyna taryhçy alymlaryň ünsüni çekip, olary Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlardaky, täze we häzirki zaman taryhy, medeniýet we folklor, häzirki döwrüň ilkinji nobatdaky wezipelerine döredijilikli akyl ýetirmek we ylmy taýdan işläp taýýarlamak boýunça ylmy-barlaglary geçirmäge gönükdirdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynyň ýaş alymlary öz ýaşuly halypalary bilen birlikde, «Ýurdumyzyň taryhy» we «Sungatyň teoriýasy we taryhy» atly hünärleriň çäklerinde geçirjek täze ylmy barlaglary hut şu maksada ýetilmegine gönükdirilendir.

«Ýurdumyzyň taryhy» taryh ylmynyň möhüm ähmiýetli we binýatlyk hünärleriniň biri hasaplanýar. Bu hünäre degişli işiň mazmuny Türkmenistan döwletiniň we halkymyzyň geçmişini we häzirki ýagdaýyny öwrenmekden ybaratdyr. Taryhy ösüşiň dürli tapgyrlarynda döwletiň we jemgyýetiň ýaşaýşyň ähli ugurlaryndaky işini öwrenmek ýurdumyzyň taryhynyň öwrenýän obýekti bolup durýar, onuň esasy wezipesi taryhy çeşmeleri gözlemekden we olara baha bermekden, jemgyýetçilik we gündelik durmuşa degişli ýagdaýlaryň we hadysalaryň netijelerini öwrenmekden we seljermekden ybaratdyr.

Ýurdumyzyň taryhyna degişli ylmy barlaglar anyk ugurlara gönükdirilip, gadymy Türkmenistany siwilizasiýanyň ösüşiniň ojaklarynyň biri hökmünde öwrenmek, oguz türkmenleriniň döwletiniň taryhy, ilkinji şäher-döwlet hasaplanýan Altyndepe, gadymy Margiananyň, Dehistanyň, Parfiýanyň taryhy we medeniýeti, Beýik Ýüpek ýoly, gadymy ynançlar we yslamyň ýaýramagy, orta asyrlarda türkmenleriň döreden döwletleriniň taryhy we medeniýeti, täze döwürde türkmenleriň başga ýerlere göçmegi bilen baglanyşykly taryhy wakalar, türkmenleriň XVII-XX asyrlardaky taryhy, Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň taryhy ýaly meselelere bagyşlanandyr.

«Sungatyň teoriýasy we taryhy» atly hünär Türkmenistanyň geçmişdäki we häzirki döwürdäki maddy we ruhy medeniýetiniň ylmy taýdan hemme taraplaýyn öwrenilmegine gönükdirilip, onuň maksady sungatyň adamyň ruhy—amaly işiniň özboluşly görnüşi hökmünde ýüze çykmagy, onuň ýaşaýşynyň mazmuny, ösüşiň durmuş wezipeleri, kanunalaýyklyklary we taryhy tapgyrlary bilen bagly meseleleriň toplumyny öwrenmekden ybaratdyr. Ylmy barlaglar sungatyň dörän pursatyndan başlap, adamzadyň toplan we biziň günlerimize ýetiren çeperçilik gymmatlyklarynyň tutuş toplumyny, taryhy, filosofiki—estetiki we sungaty öwreniş taýdan seljermek arkaly geçirilýär.

Türkmen halkynyň ösüşiniň ähli taryhy tapgyrlarynda milletiň medeniýetiniň taryhy we taglymy, medeniýetiň milletiň ruhy durmuşyndaky orny we ähmiýeti, dürli halklaryň medeniýetleriniň özara gatnaşyklary we biri-birine ýetirýän täsiri şol hünäriň çäklerinde geçirilýän ylmy-barlaglaryň meselesi bolup durýar. Alymlyk derejesini goraýanlar türkmen teatrynyň we kinosynyň, şekillendiriş sungatynyň we arhitekturanyň, sazyň, operanyň we baletiň, estradanyň, halk döredijiliginiň ösüşiniň taryhyny, şeýle hem türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny, amaly-haşam sungatynyň, tansyň ösüşiniň taryhyny öwrenmek we beýan etmek arkaly, Türkmenistanyň taryh ylmyna önjeýli goşant goşup bilerler. Täze Galkynyş eýýamynda medeniýetiň jemgyýetiň ruhy ösüşindäki orny we ähmiýeti «Sungatyň taglymy we taryhy» atly hünäre degişli möhüm ähmiýetli meseleleriň biri hasaplanýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty tarapyndan hödürlenen täze ylmy barlaglaryň wajyp ähmiýetlidigine söz ýok. Çünki olar türkmen halkynyň şan-şöhratly geçmişi, onuň häzirki gazananlarynyň gözbaşlary baradaky düşünjeleri ep-esli giňeltmelidir. Şonuň bilen birlikde, täze hünärleriň çäklerindäki ylmy barlaglar türkmenleriň ruhy we maddy medeniýetiniň dünýäde wagyz edilmegine, umumyadamzat ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak işinde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degerli ýardam berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty täzelenen meýilnama laýyklykda taryh ylmyna degişli möhüm ähmiýetli meseleleri işläp taýýarlaýar. Bu ýerde monografiýalar, kataloglar, makalalar we ylmy gollanmalar, şol sanda ýurdumyzyň mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw gollanmalary taýýarlanýar. Diňe şu ýylda—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň belleniljek döwründe «Türkmen taryhyndaky meşhur şahsyýetler» atly taryhy—ensiklopedik ýygyndyny, «Soltan Sanjar we onuň imperiýasy», «Türkmenleriň Kiçi Aziýa we Osman döwleti bilen gatnaşyklary», «Zeňňi türkmenleriň döwleti» atly monografiýalary çykarmak göz öňünde tutulýar. «Türkmen taryhy gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli» atly iki tomluk, şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan kitaplaryň tapgyryna degişli «Gadymy Nusaý» atly ylmy-populýar neşir çap etmek üçin taýýarlanýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda şu tapgyr boýunça gadymy Köneürgenç baradaky kitap çap edildi. Bu neşirleriň ählisi dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine we giň okyjylar toplumyna elýeterli etmek maksady bilen üç dilde çap edilýär.

Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň işiniň esasy ugurlary ýaş ylmy işgärleri taýýarlamakdan, dünýäniň esasy ylmy merkezleri bilen gatnaşyklary giňeltmekden, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň dünýä ölçegleriniň ulgamyndaky ornuny we ähmiýetini kesgitlemäge mümkinçilik berýän bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmekden, şeýle hem taryhy—medeni we halk döredijilik materiallaryny toplamak, umumylaşdyrmak, täzeden dikeltmek we aýawly saklamak, bulary giňden wagyz etmek bilen bagly işde has kämil tehnologiýalary ulanmakdan ybaratdyr.

Aspirantura we doktorantura kabul etmek, ylymlaryň kandidatlary we doktorlary diýen alymlyk derejelerini goraýanlary hasaba almak Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň işgärleri üçin jogapkärli we hormatly iş hasaplanýar. Ata Watanymyzyň täze taryhynyň biziň gözümiziň alnynda bolup geçýändigine söz ýok, beýik özgertmeler eýýamyndaky wakalar onuň oňyn ösüşli we yzygiderli barşyny görkezýär. Taryhy geçmişi we häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän uly möçberli özgertmeleriň ähmiýetini we mazmunyny, Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä ölçegleriniň ulgamynda eýeleýän ornuny düşündirmek—täze Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň taryhçylarynyň öňünde goýlan mukaddes borçdyr we hormatly wezipedir.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Bag Ekmek Çäresine Badalga Berildi

syrach

Ýagty gelejege uly ýnam bilen garamak.

syrach

38 Belgili Aýakgap