Owganystan Yslam Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdiriýetiniň wekilleriniň Türkmenistana üç günlük sapary tamamlandy. Dostlukly ýurduň wekiliýetine bu müdiriýetiň ýolbaşçysy Mohammad Humaýun Haýrany baştutanlyk edýär. Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary saparyň barşynda türkmen hünärmenleri bilen sport hereketini ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň we beýleki guramalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler.
Myhmanlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine gezelenç edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu toplumy gurmak boýunça durmuşa geçirilýän taslama haýran galmak bilen, onuň Aziýa yklymynda ägirt uly sport desgalarynyň biridigini bellediler. Owganystanly wekiller toplumyň desgalary bilen tanşyp, geljek ýylyň sentýabr aýynda bu ýerde geçiriljek iri möçberli sport forumynyň uly jemgyýetçilik seslenmesine eýe boljakdygyna hem-de köpsanly türgenler we sport muşdaklary üçin ýatdan çykmajak aýdyň öwüşginli waka öwrüljekdigine ynam bildirdiler.
Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça bilelikde okuw türgenleşiklerini guramagyň meýilnamasy bellenildi. Türkmenistanyň häzirkizaman sport toplumlarynda, şeýle hem Owganystanyň sport desgalarynda milli ýygyndy toparlaryň taýýarlyk-türgenleşik işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Myhmanlar Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, dostlukly ýurduň topary şu ýylyň sentýabr aýynda ýapyk binalarda guralan ýeňil atletika boýunça ýaryşa gatnaşdy. Häzirki wagtda owgan ýeňil atletikaçylary 2017-nji ýylyň fewral aýynda bu toplumda geçiriljek Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler.
Jiu-jitsu boýunça halkara ýaryşynyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galdy, myhmanlaryň aýtmagyna görä, oňa Owganystanyň ýygyndy topary hem gatnaşar. Bäsleşikler 7-12-nji dekabr aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungaty toplumynda geçiriler. Şol ýaryşlarda görkezme çykyşlarynda hem medallar ugrunda güýç synanyşylar.
Saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler, olar çeper elli türkmen zenanlarynyň inçe sungatyna haýran galdylar.
Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary saparyň jemlerini jemläp, türkmen sport hünärmenleri bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlar boýunça mundan beýläk-de gatnaşyklaryň anyk ugurlarynyň kesgitlenendigini bellediler.