Şońa laýyklykda Ýaponiýada geçen ýylky milli girdeji 5 trillion 470 milliard dollara barabar boldy.
Hytaýyń milli girdejisi bolsa 5 trillion 880 milliard dollara deń.
Şol netijäniń ýüze çykmagynda Ýaponiýa geçen ýyl eksportda islegiń pes bolmagyna duçar bolan bolsa, Hytaýda önümçiligiń aşa köp bolmagynyń uly paýy bar.
Hytaý ösüş depginini gorap saklan halatynda 10 ýylyń dowamynda ABŞ-dan hem öńe geçip, dünýäniń iń güýçli ykdysadyýetine öwrülip biler.
İlaty 1,3 milliard barabar bolan Hytaýda girdeji ilata görä bölünen halatynda, Hytaýyń ykdysadyýeti sanawyń sońlarynda galýar.
Ýaponiýada adam başyna düşýän girdeji ýyllyk 40 müń dollara, Hytaýda bolsa 4500 dollara çenli baryp ýetýär.
referans: www.trtturkmen.com