Döredijiliginde dürli nilsimleri ulanyp, çuňňur çeperçiligi bilen tomaşaçylary öz içki dünýäsine, duýgular ummanyna düşünmäge çagyrýan nakgaş eserleri bilen „Meni çeken suratlarymdan gözläň“ diýýär.
Nurgeldi Beknazarowyň asly her baharda al-elwan öwsüp, tebigat gözelligini äleme ýaýýan türkmen iliniň gözel künjekleriniň biri Gyzylarbatdan. Baýyrlara bezeg berýän al-ýaşyl güller reňbe-reň dürli röwüşleri göller mysaly, hamala, nepis hala meňzedýär. Nakgaş „Manzar“ eserinde bagtyýar çagalygy we umyt-arzuwly ýetginjekligi hakda mähirli ýatlamalar siňen ajaýyp mekanyň gözel tebigatyny inçelik bilen beýan edýär. Onuň bu suraty durşuna ata mekana söýgi we bahar sazlaşygyna aşyklykdyr.
Nurgeldi Beknazarow Daşkendiň teatral -çeperçilik institutynyň monumental suratkeşlik bölümini tamamlady. Sergide onuň birnäçe monumentalistika eskizleri, şeýle hem „Altyn balyjyklar“ atly mozaiki triptihi goýlan bolsa-da, onda çuň manyly, çeper nepislik bilen çekilen žiwopis eserleri esasy orun tutýar.
Nurgeldi Beknazarow birnäçe žanrda işläbilýän köpugurly nakgaş. Realizm žanrynda çekilen dost-ýarlarynyňdyr tanyşlarynyň portretleriniň arasynda „Durdy aganyň portreti“ diýen işi tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Gazaply gum durmuşy gahrymanyň Güne gaýzygan ýüzünde hemem ýanyp, çäge siňen egin-eşiginde yz galdyrsa-da, onuň şadyýan we mylaýym bakyşy suratyň çal çäge reňkini güneşe muwapyk mähir bien utgaşdyrýar.
Bir gezek Nurgeldi sürülen ýerden geçip barýarka onuň nazary kätmene, içi suwly küýzä, çörege we ir-iýmişlere düşüpdir—daýhan guşluk çaýa çykan eken. Kän wagt geçmänem ol gök we sary reňkleri ulanyp, natýurmort çekýär.
Nakgaşyň halaýan zatlarynyň biri-de baglaryň suratyny çekmek. „Üç çynar“ atly triptihindäki gök otlaryň arasynda mawy asman astynda gögerip oturan şahalary ýaýbaň üç agaja garanyňda durmuşyň syrly älemine aralaşýarsyň. Onuň ýene bir halaýan zady- gijeki gyş manzarydyr, ol Aý nuruna batan agaçlaryň özboluşly syrly älemine çagyrýar.
Nurgeldi Beknazarowyň „Söhbet“ atly suraty beýlekilere asla meňzemeýär. Onda iki gojanyň biri beýlekisine bir zatlar gürrüň berýär. Näme hakda? Belki, durmuşyň manysy baradadyr, olaryň hersiniň arkasynda berkligiň we durmuşa söýgüniň nyşany bolan tut agajynyň suraty çekilen.
Nurgeldi Beknazarowyň döredijiliginde dürli usullardyr çeperçilik tilsimleri sazlaşykly utgaşyp, onuň köpugurly içki dünýäsini we gözleglerini açyp görkezýär. Ol eserlerini döredende döwrüň alamatlaryny we dogduk topraga söýgüsini çeper beýan etmäge çalyşýar. Onuň reňkleri ýerbe-ýer ulanmagy gahrymanlarynyň häsiýetini we Gündogaryň çeper şahyranalygyny anyk görkezýär. Onsoň awtoruň we tomaşaçynyň garaýşy deň gelýärmi- ýok–onuň üýtgeşik ähmiýetem ýok. Nakgaş bilen ylalaşybam, ylalaşmanam bolar. Iň esasy zat, onuň eserleriniň seni biparh goýman oýlandyýanlygydyr…