9.9 C
Aşkabat
26.11.2024
YKDYSADYÝET

Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär

bahar günlerinde ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda ähli maldarlar üçin jogapkärli synag döwri bolan owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär. Bu möhüm möwsüme ilkinjiler bolup, Lebap we Mary welaýatlarynyň hojalyklary girişdiler. Häzirki wagtda olara Ahal we Balkan welaýatlarynyň hojalyklary hem goşuldylar. Demirgazyk welaýatyň maldarlary bolsa, birneme gijiräk, ýagny 15-nji martdan soň bu möwsüme girişerler.

“Türkmenmallary” assosiasiýasynda TDH-a habar berişleri ýaly, şu günler uzakdaky öri meýdanlaryndan gelip gowuşýan hoş habarlar ýurdumyz boýunça dowarlaryň baş sanynyň artmagynyň oňat geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Mysal üçin, häzirki günde eýýäm owlak-guzularyň 397 müňüsinden gowragy alyndy. Tutuşlygyna alnanda Assosiasiýa boýunça 1 million 20 müňden gowrak owlak-guzy almak meýilleşdirilýär. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň “Dagly” hojalygynyň maldarlary 19705 ene goýundan 19931 guzy alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinji bolup 109,3 göterim ýerine ýetirdiler. Assosiasiýanyň hojalyklarynda häzirki möwsüme wagtynda taýýarlyk görüldi. Owlak – guzy almak möwsümini wagtynda hem-de üstünlikli geçirmek üçin çäreleriň toplumy geçirildi. Şol sanda ýyly haşarlar taýýarlanyldy, ene dowarlar ot-iýmler we suw bilen goşmaça üpjün edildi, weterinariýa gullugy guramaçylykly ýola goýuldy, owlak-guzulary gorap saklamak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur ähli zatlar taýýarlandy.

Ýurdumyzyň düýedarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarynda hem köşek almak möwsümi dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurdan tohumçylyk hojalyklarynyň 5-si, ýagny Mary welaýatynyň “Sakarçäge”, Balkan welaýatynyň “Türkmenistan” we “Gyzylarbat”, Ahal welaýatynyň “Kirpili” hem-de Lebap welaýatynyň “Jeýhun” hojalyklary işleýär. Şol ýerlerde gadymy türkmen topragynda kemala getirilen düýeleriň bu özboluşly tohumy ösdürilip ýetişdirilýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda düýedarçylyk türkmen maldarlarynyň asyrlaryň dowamyndaky hünärleriniň biri hökmünde maldarçylyk pudagynyň geljegi uly ugry bolup durýar. Düýe süýdünden öndürilýän önümleriň we bu özboluşly mallaryň ýüňünden taýýarlanýan önümleriň görnüşleri artýar. “Türkmenmallary” assosiasiýasynda şu ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli düýeleriň umumy sany 14 müň 440-a barabardyr. Şu möwsümde Assosiasiýanyň hojalyklarynyň maldarlary 2700-e golaý köşek almagy meýilleşdirýärler. Häzirki güne çenli olaryň eýýäm 800-e golaýy alyndy.

Häzirki owlak-guzy almak möwsüminiň üstünlikli geçirilmegi türkmen maldarlarynyň maldarçylygy ösdürmek boýunça kabul eden borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bellenjek ýylda ýurdumyzyň zähmet üstünliklerine mynasyp goşant goşjakdygyna ynamy artdyrýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Eastring Taslamasyny Günorta Gaz Geçelgesine Birikdirmek Mümkinçiligi Bar

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

syrach

Hytaýa howply günler garaşýar.

syrach